Nurmyrat Annamyradow


Nurmyrat Annamyradow
(1947-2012)



Nurmyrat Annamyradow 1947-nji ýylyň 20-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Köşi obasynda doguldy. 1970-nji ýylda Daşkent şäheriniň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlap, Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluna başlady. N.Annamyradow teatrda sahnalaşdyrylan spektakllaryň onlarçasynda dürli häsiýetdäki keşpleri ýerine ýetirip, halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Ol «Keýmir kör» spektaklynda Ahmediň, «Goňşy nalasy» spektaklynda Mansuryň, «Gumdaky jöwza» spektaklynda Nazarowyň, «Hawa, dünýä düňderildi» spektaklynda Wooganyň, «30-nji ýyllar» oýnunda Ata murtyň, «Seýdi» spektaklynda Amanbaýyň, «Prokuror» spektaklynda Babaýewiň, «Ak saýgak» oýnunda Surhaýyň, «Ýaragly adam» spektaklynda Çibisowyň, «Batyr» spektaklynda Nökerbaşynyň, «Iki agaň hyzmatkäri» spektaklynda Turfoldinonyň, «Şagal mesliginde» Babaýewiň, «Hanuma» spektaklynda Mikitçiň, «Hazar han we ogullary» oýnunda Alty hanyň, «Gelinler» spektaklynda Kämiliň, «Suw damjasy – altyn dänesi» spektaklynda Nazar Atdaýewiçiň, «Nesimi» oýnunda Wamel wala Töwriziniň, «Ykbal» spektaklynda Diwalyň we başga-da birnäçe keşpleri ussatlyk bilen janlandyrdy.
Nurmyrat Annamyradow kino sungatynda hem tomaşaçylaryň söýgüli aktýorlaryň biri hökmünde ýatda galyjy birnäçe keşpleri döretdi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Çakan aga» atly çeper filminde Çakan aganyň, «Däli deňziň gaýlary» atly filminde Nazaryň, «Gyzykly gezelenç» filminde baş keşbi janlandyrdy.
Nurmyrat Annamyradowyň artist hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, oňa 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Ol 1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi boldy.