Ýelizaweta Garaýewa


Ýelizaweta Garaýewa
(1938-2007)



Ýelizaweta Garaýewa 1938-nji ýylyň 7-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäherçesinde eneden bolýar. 1961-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny tamamlaýar. Entek teatryň studiýasynda okap ýörkä, ol B.Amanowyň «Aýazhan» oýnunda çopan gyzy Bahargülüň, B.Kerbabaýewiň «Magtymguly» atly taryhy dramasynda Meňliniň, A.Esenowyň «Erkin ýürekler» dramasynda baş keşp Aýsonanyň keşplerini döredýär.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessany esasynda sahnada goýlan Zöhräniň keşbini döretmeklik Ýelizaweta Garaýewa ynanylýar. Ý.Garaýewa belent adamkärçilikli, söýgüsi üçin batyr göreşýän Zöhräni tomaşaça görkezmegi başardy. Ýene-de bu zehinli zenan artistiň döreden naýbaşy keşpleriniň biri hem belli iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Romeo-Žulýetta» tragediýasynda Žulýettanyň keşbi. Şeýle hem ol G.Lorkanyň «Bernarda Albanyň öýi» dramasynda Bernardanyň keşbini döretdi. Bu sahna oýunlarynyň baş keşpleri Ý.Garaýwea uly üstünlikleri getirdi.
Ý.Garaýewa Ç.Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» atly spektaklynda Aseliň keşbini janlandyrmak ynanylýar. Teatryň režissýorlary Ýelizaweta Garaýewa jogapkärli keşpleri döretmegi ynanýarlar. Şunlukda ol B.Kerbabaýewiň «Hüýrlukga-Hemra» oýnunda Hüýrlukganyň, B.Amanowyň «Kemine» oýnunda Hallygözeliň, G.Muhtarowyň «Agtyklam bolsa öýlenjek» oýnunda Jahanyň, B.Amanowyň «Jadyly nagyşlar» oýnunda Nergiziň, B.Amanowyň «Mollanepes» oýnunda Bossantäjiň, Ç.Aýtmatowyň «Ene toprak» oýnunda Dolanaýyň, «Türkmennamada» Türkan hatynyň ýatdan çykmajak keşplerini döredýär hem-de öz käriniň ussady bolýar.
Ýelizaweta Garaýewa diňe teatrda işlemek bilen çäklenmeýär, ol türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlarynda ençeme uly göwrümli teleoýunlarda hem tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak keşpleriň köp sanlysyny döretdi. A.Berdiýew bilen Ç.Ödekowyň «Keçpelek» teleoýnunda Maralyň, ýazyjylar A.Gurbanowyň «Gülnar»,
Ý.Mämmediýewiň «Ter güller hakda ballada» ýaly powestleri esasynda sahnalaşdyrylan teleoýunlarda baş keşpleri, iňlis ýazyjysy E.L.Woýniçiň «Gögeýin», A.Aşyrowyň «Perzentden aýran perdeler», S.Kaýtowyň «Ene ýüregi», A.Abdymömünowyň «Höküm güýjünde galýar» ýaly dramalary esasynda goýlan teleoýunlarda baş keşpleri döretdi. «Köňül arzuwym» atly teleoýunda baş gahrymanyň keşbinde çykyş etdi. Ol radio oýunlaryň 200-e golaýynyň deň ýarymynda baş keşplerde çykyş etdi.
Şeýle hem Ýelizaweta Garaýewa Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmlerde biri-birinden ajaýyp birnäçe keşpleri döredýär. Ol «Magtymguly» kinofilminde, «Taýharly oglan», «Tüssesiz ot bolmaz» «Taýçanak», «Tapagan», «Öwrüm», «Säherdäki atlylar», «Muňa durmuş diýerler», we başga-da birnäçe filmlerde özüniň ukybyny görkezýär. Iň esasy Ýelizaweta Garaýewa abraý getiren «Mukamyň syryndaky» Karkaranyň keşbidir. Bu keşbi döredeni üçin Ý.Garaýewa 1974-nji ýylda Baku şäherinde geçirilen Bütinsoýuz kinofestiwalynda «Iň oňat döredilen zenan keşbi» diýen 1-nji derejeli baýraga mynasyp boldy. Onuň türkmen milli teatr we kino sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, saldamly goşantlary göz öňünde tutulyp, oňa 1976-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.