Näzik Gurbanowa


Näzik Gurbanowa



Näzik Gurbanowa 1959-njy ýylda Aşgabat şäherinde eneden bolýar. Ol 1985-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlaýar. N.Gurbanowa talyplyk ýyllarynda diplom işi hökmünde sahnalaşdyrylan spektakllarda özüniň zehinini, ussat başarnygyny açyp görkezýär. Ol keşpler W.Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy» oýnunda baş keşp bolan Biananyň, A.Mämiliýewiň «Keseki» we M.Karimiň «Aý tutulan gijesi» atly oýunlarynda Zümerret atly gyzyň keşpleridir. Şonuň ýaly-da kinorežissýor B.Annanow özüniň surata düşüren «Agyr ýük» atly çeper filminde N.Gurbanowa oba gyzy Jemalyň keşbini janlandyrmagy ynanýar. Näzik Gurbanowa ussat halypanyň bu ynamyny aňryýany bilen ödemegi başarýar.
Näzik Gurbanowany 1985-nji ýylda şol wagtky A.Gulmämmedow adyndaky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatryna işe ýollaýarlar. Bu teatryň sahnasynda ýaş artist hökmünde ol ilkinji gezek «Suwulgan» atly spektaklda baş keşbi janlandyrýar. Moskwa şäherinde geçirilen teatr festiwalynda N.Gurbanowa şol spektakldaky ýerine ýetiren baş keşbi üçin «Iň gowy zenan keşbini ýerine ýetiriji» diýen baýrak berilýär. Bu teatryň sahnasynda N.Gurbanowa başga-da ençeme sahna oýunlarynda häsiýeti biri-birine meňzemeýän keşpleriň onlarçasyny döredip, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar. Ol «Yşkyň gämisi kenarda» oýnunda Zöhre daýzanyň, «Täze maşgala» oýnunda Tumaryň enesiniň, «Gyrat» oýnunda Şahumelegiň, «Galkynan göwünler» oýnunda Tisgin tebibiň, «Kime jaý gerek – kime taý» oýnunda Şeker gelnejäniň, «Jahan jomardy» oýnunda Hatam taýyň aýalynyň, «Gumly gelin» oýnunda Owlak gelnejäniň, «Magtymguly Pyragy» oýnunda hindi aýalyň keşplerini ýiti zehinine eýläp, ussatlarça janlandyrdy. Şeýle hem onuň «Daňdanakan bürgütleri», «Watan hakda üç aýdym», «Ýurt» atly oýunlarda-da enäniň keşbini janlandyryp, tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy.
N.Gurbanowany tejribeli artist hökmünde halk köpçüligine äşgär eden keşpleriň biri «Gorkut ata» şadessany esasynda sahnalaşdyrylan «Däli Domrul» spektaklyndaky Domrulyň enesiniň keşbidir.
Näzik Gurbanowa teatrdan daşgary kino sungatynda-da önjeýli goşant goşup gelýän artist. Ol Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Keçpelek» atly çeper filmde aýterek-günterek oýnaýan gyzyň, «Döwranyň başdan geçirenleri» atly çeper filmde Maýanyň, «Ömür kerweni» atly çeper filmde Güller Nyýazowanyň keşbini ýerine ýetirýär. Bulardan başga-da tejribeli artist N.Gurbanowa birnäçe filmlere, multfilmlere ses bermäge gatnaşdy. Zehinli zenan artisti Näzik Gurbanowanyň teatr hem kino sungatynda bitiren işleri göz öňünde tutulyp, 1991-nji ýylda Ýaşlar baýragyna, 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanýar.