Geldiýew Gurbandurdy


Geldiýew Gurbandurdy



Şahyr, ýazyjy Gurbandurdy Geldiýew 1942-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde dünýä inýär. G.Geldiýew zähmet ýoluna 1959-njy ýylda - Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Parowoz-wagon abatlaýyş zawodynda başlaýar. Soňra 1960-1961-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar etrap Durmuş üpjünçilik bölüminiň hasapçysy, 1961-1962-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Parowoz-wagon abatlaýyş zawodynyň öwreniji-ýonujysy, 1-nji derejeli ýonujysy, 2-nji derejeli ýonujysy bolup zähmet çekýär.
1962-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, 1967-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar.
G.Geldiýew 1967-1969-njy ýyllarda öňki «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda korrektor, 1969-1971-njy ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynyň redaktory, 1971-1975-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň uly laboranty, 1975-1979-njy ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mugallymçylyk ylmy-barlag institutynyň Türkmen dilini okatmagyň we öwretmegiň metodikasyny öwrediş sektorynyň uly ylmy işgäriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, uly ylmy işgäri, 1979-1984-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň kiçi ylmy işgäri, uly ylmy işgäri, 1984-1990-njy ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynyň bölüm müdiri, 1990-1997-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň uly mugallymy, Türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, Türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň professory, 2001-2016-njy ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň Mugallymçylyk fakultetiniň Türk dili we edebiýaty kafedrasynyň professory, Türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň professory, 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Häzirki zaman türkmen edebiýaty bölüminiň baş ylmy işgäri, 2017-2018-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa bölüminiň baş ylmy işgäri wezipelerinde işleýär.
Şahyr, ýazyjy Gurbandurdy Geldiýewiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, ol 1995-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Gurbandurdy Geldiýew türkmen edebiýatyny, ylmyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1992-nji ýylda «Filologiýa ylymlarynyň doktory» atly ylmy derejä, 1995-nji ýylda «Professor» diýen ylmy ada mynasyp bolýar.
G.Geldiýew «Kämillik ýolunda» (makalalar, 1983), «Şygryň gudraty» (makalalar, 1985), «Mart geler» (goşgular ýygyndysy, 1987), «Taryh.Edebi ykballar» (makalalar, 1990), «Sözsoňusu edebiýat» (türk dilinde makalalar, 2003), «Düýşte dewam eder» (türk dilinde goşgular, 2004), «Nepes, sen sözlegil» (Mollanepesiň eserleri hakynda monografiýa, 2010), «Mukaddes ojagyň ody öçmeýär» (Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» atly romany hakynda monografiýa-gollanma, 2013), «Magtymguly diýip adym tutsalar» (Magtymguly Pyragynyň eserleri hakynda monografiýa, 2014), «Döwlet guşy gonanda» (Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» atly romany hakynda monografiýa-gollanma, 2015) atly birnäçe eserleriň awtorydyr. Gurbandurdy Geldiýewiň şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi hakynda «Mugallymdan öwrenen talyp, talypdan öwrenen mugallym» atly makalalary 2019-njy ýylda «Garagum» žurnalynyň 7, 8-nji sanlarynda, «Sungat içinde sungat» atly makalasy bolsa «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2019-njy ýylyň mart, aprel, maý aýlaryndaky sanlarynda çap edilip, okyjylara ýetirildi.
G.Geldiýew Türkiýe Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly dünýäniň ençeme ýurtlarynda döredijilik saparlarynda bolup, türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda köp işleri alyp bardy.
Halypa ýazyjy, şahyr, alym G.Geldiýew 2018-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professory bolup işläp gelýär.