Aşyr Mämiliýew
(1938-2017)
A.Mämiliýew 1938-nji ýylyň mart aýynyň 8-ine Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. Sungata bolan söýgüsi, çeper höwesjeňleriň gurnaklaryna işjeň gatnaşmagy A.Mämiliýewi Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutyna eltýär. 1960-njy ýylda şol institutyň teatr sungatyny öwrenijilik fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlap işe başlaýar. Hut şol döwürden ol döredijilik ýoluna düşýär. Käri boýunça teatr tankytçysy bolansoň, döredijilik ýoluna sahna sungatyna degişli makalalary ýazmak bilen başlaýar. Sungaty öwreniji hökmünde A.Mämiliýew «Edebiýat we sungat» gazetinde işlän döwründe metbugat sahypasynda hasam işjeň çykyş edýär. Onuň «SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew», «Durmuşyň aýnasy» ýaly kitaplary türkmen milli teatr sungatyny öwrenmekde saldamly işler boldy. Soňra ol Oraz Akmämmedow hem Setdar Garajaýew bilen «Ynjalyksyz ýürek» atly sahna eserini ýazyp, dramaturgiýada ilkinji gezek güýjüni synaýar.
A.Mämiliýewiň dramaturgiýa gelmegi ýurdumyzyň atly dramaturglarynyň biri bolan Begi Suhanowy hem ýüze çykarýar. Olar bileleşip, «Üç çynar», «Ýedigenim ýedi ýyldyz...», «Çatrykda», «Ömrümiň örki», «Keseki kürsüsi», «Direktor», ýaly ýurdumyzyň teatrlarynyň repertuarlaryny bezän ençeme sahna eserlerini ýazýarlar.
A.Mämiliýewiň «Toý», «Garagum nowellasy», «Oýun bir-maza iki», «Söýgi duralgasy», «Keseki» ýaly pýesalary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy.
Türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjysy we dramaturgy Berdi Kerbabaýewiň «Suw damjasy-altyn dänesi» romanyny sahnalaşdyrany üçin, A.Mämiliýew Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.
A.Mämiliýew Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlady we artistlik sungatyna bagyşlanan mowzukdan dissertasiýa gorap, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy.
A.Mämiliýew kinofilmde oýnamaga-da ýetişdi. Onuň «Aýna» filmindäki ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy – Mäligi özüniň tutanýerliligi bilen tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär.
A.Mämiliýewiň dramaturg hem jemgyýetçilik işgäri hökmünde kemala gelmeginde görnükli ýazyjylarymyz, sungat işgärlerimiz G.Seýitliýew, G.Muhtarow, D.Öwezow, A.Gulmämmedow, A.Garlyýew, B.Amanow, A.Durdyýew, M.Kirillow dagy bilen egin-egne berip işlemegi uly itergi berdi.
Ýurdumyzyň dramaturglarynyň eserlerini rus we beýleki halklaryň dillerine terjime etdirmekde hem onuň bitiren hyzmaty az däldir. Onuň «Milli teatr medeniýetleriniň arabaglanyşygy we aktýorçylyk sungatynyň häzirki zaman etapynda ösüşi» diýen mowzukdan ýazan işi alymlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
A.Mämiliýewiň pýesalarynyň tematiki taýdan örüsi giňdir. Onuň pýesalarynda adam ykbaly, adam faktory ilkinji orunda durýar. Awtor öz gahrymanlarynyň ruhuna içgin aralaşyp, bütewi keşp döretmäge çalyşýar. Onuň eserlerinde gozgalýan meseleler, birbada şahsy häsiýete eýe ýaly hem bolsa, aslynda uly jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri gozgaýar. Ol komediýanam ýazyp bilýär, tragediýanyňam hötdesinden gelýär. Degişmänem başarýar, oýlanmanam oňarýar. Gahrymanlaryny dramaturgiýa mahsus bolan ölçegli sahnada hereket etdirmegi başarýar. Hakyky durmuşy sungat durmuşyna geçirmegi, onuň öwüşgünlerini ýitirmän saklamagy başarýar. Ol türkmen edebi dilini gowy bilýär, nakyllary, tymsallary, monologlary juda ýerlikli ulanýar.
Aşyr Mämiliýew Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda çeken päk zähmeti üçin 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin», 1993-nji ýylda «Gaýrat» medallaryna mynasyp boldy. 1997-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2016-njy ýylda «Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli» ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.