Artyk Jallyýew


Artyk Jallyýew
(1933-2000 )



Artyk Jallyýew 1933-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda doguldy. Ol mekdepde okap ýörkä, çeper höwesjeňler gurnagyna gatnaşyp, ýaşlar barada goýulýan oýunlarda çykyş edýär. Ol ilkinji gezek mekdebiň drama gurnagynda goýlan «Keýmir kör» oýnunda Zeberdes hanyň keşbini janlandyrýar.
Artyk Jallyýew Daşkendiň N.Ostrowskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň aktýorçylyk bölüminde okaýar. Ol entek talyplyk ýyllarynda ilkinji gezek dramaturg G.Muhtarowyň «Çopan ogly» oýnunda Orazbaýyň keşbini ýerine ýetirýär.
Artyk Jallyýew instituty tamamlap, Daşoguzyň Andalyp adyndaky sazly drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Onuň teatryň sahnasynda ilkinji döreden B.Lawrenýowyň «Paýhyn» oýnunda Artýom Godunowyň keşbidir. Ol teatryň sahnasynda tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak ençeme keşpleri ýerine ýetirýär. Olardan «Baý we batrak», «Millioneriň gedaý ogly», «Doganlar», «Gyz salgydy» ýaly spektakllardyr.
Artyk Jallyýew režissýor hökmünde-de ençeme sahna oýunlaryny sahnalaşdyrdy. Olardan «Gijigen söýgi», «Padymanyň gyzy» ýaly oýunlardyr. Artyk Jallyýew teatrda işlän döwri 30-a golaý spektakllary sahnalaşdyrdy we özi hem şol oýunlarda ençeme keşpleri janlandyrdy.
Sahnada dürli keşpleri döretmek bilen bir hatarda, A.Jallyýew kino sungatynda-da uly üstünlikleri gazanmagy başardy.
Onuň 1959-njy ýylda A.Garlyýewiň «Aýna» filminde şekillendiren Hojamy A.Jallyýewe kino sungatynda ak ýol açdy. A.Jallyýew «Gündogara tarap» filminde Myradyň, «Teşneligiň gandyrylyşy» filminde Bekiniň we Artygyň, «Köýten nalasy» filminde Açyldy mollanyň, «Ýurt eýesi» filminde daýhan birleşigiň başlygynyň, «Agyr ýük» filminde Gurt aganyň, «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» filminde Garry Serdaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Şonuň ýaly-da «Çöl», «Men hemişelik geldim», «Şükür bagşy», «Jigit mydama jigitdir», «Ar alyş jülgesi», «Zöhre-Tahyr», «Küştçi», «Ýandym», «Döwlet serhedi» filmlerinde ýatdan çykmajak keşpleri döretdi.
A.Jallyýewiň kino sungatyndaky döredijilik ýoly meşhur artist, režissýor B.Annanow bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Olar «Ýanýan arabanyň ýoly», «Daşgaladaky waka», «Aýgytly ädim» filmlerinde bile surata düşdüler. B.Mansurowyň surata düşüren «Şükür bagşy» atly filmi Artyk Jallyýewa uly abraý we üstünlik getirdi. Ol bu filmde döreden keşbi üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi bolýar.

Ussat artist diňe bir ýurdumyzda düşürilen filmlerde däl, eýsem doganlyk ýurtlaryň kinolarynda hem ajaýyp keşpleri döretdi. Olar özbek, täjik, gazak, ozalky ýugoslaw we hindi kinostudiýanyň önümi bolan filmlerindäki döredilen keşplerdir.
Artyk Jallyýewe milli teatr we kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, 1957-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1986-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent at dakylýar.