TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y 

Teatr we teatr işi hakynda 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 143-nji madda) 

(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 607-V Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

           Şu Kanun teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň döredilmegi we janly ýerine ýetirilişde köpçülige görkezilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, teatr işiniň, şeýle hem onuň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýär hem-de raýatlaryň döredijilik islegleriniň we bähbitleriniň emele getirilmegine we kanagatlandyrylmagyna, olaryň estetiki taýdan terbiýelenmegine, Türkmenistanyň halkynyň ruhy mümkinçilikleriniň goralyp saklanylmagyna, ösdürilmegine we baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

I BAP. Umumy Düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) teatr – esasy işi teatr sungatynyň eserlerini we beýleki sahna oýunlaryny döretmekden, köpçülikde janly ýerine ýetirmekden we köpçülige görkezmekden ybarat bolan medeniýet edarasy (kärhanasy ýa-da guramasy) ýa-da topary;

2) teatr guramasy – esasy maksady teatryň we (ýa-da) teatrlaryň döredijilik işgärleriniň işini üpjün etmekden ybarat bolan gurama;

3) döwlet teatry, teatr guramasy – ygtyýarly döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan döredilen teatr, teatr guramasy;

4) döwlete dahylsyz teatr, teatr guramasy – fiziki ýa-da eýeçiliginiň görnüşi döwlete dahylsyz bolan ýuridik şahslar tarapyndan döredilen teatr, teatr guramasy;

5) teatryň umumy işi – teatr sungatynyň eserleriniň döredilmegine, köpçülikde ýerine ýetirilmegine we köpçülige görkezilmegine, olaryň ýaýradylmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen, teatr döredijiliginiň, ýörite hünär bilimiň, ylmyň, teatr žurnalistikasynyň, teatr sungatynyň taryhy, nazaryýeti we amalyýeti boýunça neşirýat işleriniň, degişlilikdäki muzeý we arhiw işiniň ösmegi üçin şertleri üpjün edýän çäreleriň toplumy;

6) teatr sungaty – esasy aýratynlygy tomaşaçylaryň öňünde artistleriň janly sahna hereketleriniň kömegi bilen durmuşy çeper beýan etmekden ybarat bolan sungatyň görnüşi;

7) teatr işi – teatr we teatryň umumy işi babatda teatr sungaty eserleriniň döredilmegi, köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, olaryň ýaýradylmagy we saklanylmagy bilen baglanyşykly, teatr döredijiliginiň ösmegi, öz hünärine ussat işgärleriň taýýarlanylmagy, teatr sungatynyň naýbaşy nusgalyklaryny wagyz etmek üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iş;

8) teatr işiniň subýektleri – teatr işiniň çygrynda hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylary bolup durýan ýuridik we fiziki şahslar;

9) teatr tomaşasy (spektakl) – sahnalaşdyrylan teatr eserini köpçülikde janly ýerine ýetirmek;

10) sahnalaşdyrylan teatr eseri – bitewi bir many-mazmuny we takyk ady bolan, drama, sazly-drama ýa-da edebi eseriň esasynda döredilen teatr eseri;

11) sahna oýny – sahnalaşdyrylan teatr eserini köpçülikde ýerine ýetirmek;

12) sahna eserini goýujy (oýun goýujy režissýor, oýun goýujy suratkeş, oýun goýujy baletmeýster, oýun goýujy dirižýor, oýun goýujy hormeýster) – özbaşdak çeperçilik çözgüdiniň esasynda sahnalaşdyrylan teatr eserini ýa-da onuň aýratyn bölegini amala aşyrýan fiziki şahs;

13) teatryň prodýuseri – göçme çykyşlaryň (gastrol çäreleriniň), sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň köpçülikde ýerine ýetirilmegini we (ýa-da) olaryň köpçülige görkezilmegini gurnaýan, maliýeleşdirmegi üpjün edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;

14) teatryň repertuary – kesgitli döwrüň dowamynda teatrda köpçülikde ýerine ýetirilýän teatr sungaty eserleriniň jemi.

2-nji madda. Teatr we teatr işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

  1. Teatr we teatr işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
  2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasaty

  1. Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasaty döwletiň medeni syýasatynyň düzüm bölegi bolup durýar we teatryň medeniýetiň aýrylmaz bölegi hökmündäki örän wajyp ornunyň ykrar edilmegine esaslanýar.
  2. Döwlet bu çygyrda döwlet syýasatyny emele getirmek bilen, maliýe, maddy-enjamlaýyn, işgärler, maglumat, ylmy, hukuk taýdan we teatrlaryň ösmegine we işiniň beýleki üpjünçiligine şert döretmek arkaly teatr we teatr işi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
  3. Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasaty ynsanperwerlik, demokratik ýörelgelerine, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň artykmaçlyklaryna, döredijilik erkinligine we teatr sungatynyň umumy elýeterliligine esaslanýar.
  4. Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary:

1) teatrlaryň täsirli işi üçin durmuş-ykdysady, hukuk we ylmy şertleriň üpjün edilmegi;

2) raýatlaryň medeniýet işine konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegi we goralmagy;

3) türkmen milli medeniýetiniň ösdürilmegi;

4) medeniýet babatda medeni gymmatlyklaryň, medeni işleriň ähli görnüşleriniň we medeni hyzmatlaryň umumy elýeterliligi;

5) raýatlaryň döredijilik işiniň erkinligi, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam berilmegi;

6) medeni gymmatlyklaryň başarjaň ulanylmagy arkaly şahsyýete edep we ahlak terbiýesiniň berilmegi;

7) zehiniň gaýtalanmajak özboluşlylygynyň ykrar edilmegi we onuň durmuşa geçirilmegi hem-de talabynyň kanagatlandyrylmagy üçin şertleri döretmekde döwletiň jogapkärçiligi;

8) teatr sungatynyň hünärmenleriniň ýokary hünär, orta hünär we başlangyç hünär bilim edaralarynda taýýarlanylmagynyň we teatryň döredijilik işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagynyň, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi;

9) teatr we teatr işi babatda ylmy barlaglara ýardam bermek; teatr we teatr işini ösdürmegiň döwlet we sebitleýin maksatnamalaryny işläp düzmek we durmuşa geçirilmegine ýardam bermek, olaryň merkezi we ýerli býujetleriň hasabyna maliýeleşdirilmegini üpjün etmek;

10) onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi, karz bermek boýunça ýeňillikleriň, teatr işine aýratyn goşant goşan şahslara ruhy goldawyň we maddy taýdan sylagyň berilmegi arkaly teatr işiniň ösüşini höweslendirmek;

11) teatrlaryň we teatr guramalarynyň özbaşdaklygy, olaryň döwlet goldawyny almaga hukuklary;

12) halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek bolup durýar.

4-nji madda. Teatr sungatynyň umumy elýeterliligi

  1. Raýatlaryň haýsy milletede gişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, türkmen halkynyň medeni gazananlary hökmünde teatr sungatyna elýeterlilik hukugy bardyr.
  2. Teatr sungatynyň umumy elýeterliligi döwlet teatrlarynyň býujetden maliýeleşdirilmegi, olara ýeňillikli karz bermegi bellemek, şeýle hem teatr sungatynyň umumy elýeterlilik hukugyny durmuşa geçirýän raýatlaryň aýratyn toparlaryna zerur kömegiň, ýeňillikleriň we kepillikleriň berilmegi bilen üpjün edilýär.

5-nji madda. Teatr sungaty babatda döredijilik erkinligi

  1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlar çeper döredijilik erkinligine hukuklydyrlar.
  2. Teatr sungaty babatda döredijiligiň erkinligi teatrlara öz işini guramakda, şol sanda:

- sahnalaşdyrylan teatr eserini döretmek üçin dramaturgiýany beýan etmekde we açyp görkezmekde, çeperçilik serişdelerini saýlap almakda;

- teatryň repertuaryny meýilleşdirmekde, döretmekde we ondan girdeji almakda;

- iş tertibini, serişdeleri we sahna oýunlarynyň köpçülikde ýerine ýetiriliş ýerlerini we işiň beýleki görnüşlerini saýlap almakda özbaşdaklygy bermek arkaly üpjün edilýär.

  1. Sahnalaşdyrylan teatr eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilmegine ýa-da köpçülige görkezilmegine, şeýle hem onuň başga görnüşde ulanylmagyna, sahnalaşdyrylan teatr eseri barada maglumat we mahabatlandyrma materiallarynyň çap edilmegine çäklendirme ýa-da gadagan edilmegi diňe kazyýetiň çözgüdi boýunça amala aşyrylyp bilner.

 

 

6-njy madda. Höwesjeň teatr döredijiligi

  1. Höwesjeň teatr döredijiligi Türkmenistanyň teatr durmuşynyň düzüm bölegidir.
  2. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda hereket edýän, esasyny höwesjeň teatr toparlarynyň ýerine ýetirýän dürli teatr sahna oýunlary düzýän, höwesjeň teatr döredijiliginiň ösmegine döwlet hemme taraplaýyn ýardam berýär.

II BAP. Teatr We Teatr Işi Babatda Döwlet

Düzgünleşdirmesi

7-nji madda. Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary

       Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

8-nji madda. Teatr we teatr işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

       Teatr we teatr işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň ýöredilmegi;

2) teatr işiniň ösdürilmegi boýunça strategiýanyň kesgitlenilmegi we ýörite döwlet maksatnamalarynyň tassyklanylmagy;

3) raýatlaryň medeni islegleriniň kanagatlandyrylmagy, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň goralmagy;

4) döredijilik işiniň höweslendirilmegi we sylaglanylmagy;

5) işgärleriň taýýarlanylmagynyň guralmagy;

6) teatr işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi;

7) teatr edaralarynyň maliýe-ykdysady, maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi;

8) halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy;

9) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.

 

 

9-njy madda. Teatr we teatr işi babatda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy

        Teatr we teatr işi babatda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär:

1) teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi;

2) teatr we teatr işini ösdürmegiň ýörite maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy;

3) teatr we teatr işi babatda estetiki terbiýe, çeperçilik taýdan bilim we çeperçilik-mugallymçylyk işi üçin şertleriň döredilmegi;

4) teatrlaryň işiniň utgaşdyrylmagynyň amala aşyrylmagy;

5) teatrlara ylmy-usuly ýolbaşçylygyň amala aşyrylmagy;

6) teatrlaryň infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň we maddy-tehniki binýadynyň berkidilmeginiň üpjün edilmegi;

7) teatr işgärleriniň döredijilik başarjaňlygynyň ösmegi üçin şertleriň döredilmegi;

8) teatr we teatr işi babatda işgärleriň taýýarlygyny, olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny guramak;

9) milli medeniýetiň ösdürilmeginiň meseleleri boýunça ylmy barlaglaryň geçirilmeginiň üpjün edilmegi we utgaşdyrylmagy;

10) teatryň döredijilik işgärlerine hünär derejesini bermek maksady bilen hünär synagynyň tertibini düzmek we geçirmek;

11) olaryň işi barada teatrlaryň döwlet statistik hasabaty boýunça talaplaryň işlenilip düzülmegi;

12) teatr we teatr işi babatda haýyr-sahawatlylygyň we howandarlygyň ösdürilmegine ýardam edilmegi;

13) halkara hyzmatdaşlygynyň guralmagy;

14) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.

10-njy madda. ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň teatr we teatr işi babatda ygtyýarlylygy

       ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz tabynlygyndaky ýerlerinde teatr we teatr işi babatda ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär:

1) döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy;

2) teatr we teatr işiniň aýawly saklanylmagy, galkynmagy we ösdürilmegi üçin zerur maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegi;

3) teatrlaryň işini guramak we olaryň gerimini giňeltmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleriň çözülmegi.

III BAP. Teatrlar We Teatr Guramalary,

Olaryň Hukuklary We Borçlary

11-nji madda. Teatrlar

       Teatrlar döredijilik işiniň hakyky erkinligini üpjün edýän ähli hukuklara eýedir, olar çeperçilik ugruny, repertuary saýlap almakda, teatr sahna tomaşalarynyň köpçülikde ýerine ýetirilmegi baradaky çözgüdi kabul etmekde, sahna eserlerini döretmekde we wagyz etmekde, adamlarda ruhubelentliligi terbiýelemekde özbaşdaklykdan peýdalanýarlar, şeýle hem döredijiligiň we önümçiligiň ösdürilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän hereketleri amala aşyrýarlar.

12-nji madda. Türkmenistanyň teatrlar ulgamy

  1. Türkmenistanyň teatrlary özleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan Türkmenistanyň teatrlar ulgamyny emele getirýärler.

Teatrlaryň görnüşlerine aşakdakylar girýär:

1) opera, balet, drama, sazly komediýa, sazly drama, ýaş tomaşaçylar, gurjak, gülküli-satira, folklor, kölege, pantomimo we teatrlaryň beýleki görnüşleri;

2) teatr studiýalary, teatr ussahanalary, synag we okuw teatrlary, teatral we sazçylyk sungatynyň merkezleri.

  1. Türkmenistanyň teatrlar ulgamyna şu Kanuna laýyklykda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda döredilýän teatrlar hem girip biler.

13-nji madda. Teatr işiniň guralyşy

     Sahna oýunlaryny döretmek, olaryň köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, göçme saparlaryň (gastrollaryň), festiwallaryň, bäsleşikleriň, gözden geçirişleriň, teatrlaşdyrylan-konsert maksatnamalarynyň guralmagy bilen baglanyşykly teatr işi teatryň ýolbaşçysynyň tassyklan we medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan ylalaşylan meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar.

14-nji madda. Teatryň işiniň maksady we esasy görnüşleri

  1. Teatryň işiniň maksady teatr sungatynyň we teatr işiniň ösdürilmeginden, ilatyň teatr sungatyna bolan isleglerini döretmekden we kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Teatryň esasy işiniň maksady girdeji almak däldir.
  2. Teatryň işiniň esasy görnüşleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) teatr sahna oýunlaryny, teatr sungatynyň beýleki eserlerini döretmek, olaryň öz sahnasynda (sahnalarda) we göçme saparlarynda (gastrollarda) köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, çeperçilik festiwallaryny, bäsleşikleri, gözden geçirişleri guramak, şeýle hem ýokarda görkezilen çärelere petekleriň satylmagyny amala aşyrmak;

2) ähli derejelerdäki teatr işgärleriniň kämilleşdiriş okuwlaryny guramak;

3) şertnamalaryň esasynda guramalara sahna eserini goýmak hyzmatlaryny etmek, sahna oýunlaryny, konsertleri geçirmek üçin tomaşa lybaslaryny, serişdelerini bermek;

4) ýuridik we fiziki şahslaryň buýurmasy boýunça sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň, konsertleriň çeperçilik bezegi üçin esbaplaryň taýýarlanylmagy;

5) özleriniň sahna meýdançalarynyň beýleki teatrlara göçme çäreleri, bilelikdäki teatr taslamalaryny we maksatnamalary ýerine ýetirmekleri üçin berilmegi.

15-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň hukuklary we borçlary

  1. Teatrlaryň öz döredijilik we hojalyk işlerini özbaşdak meýilleşdirmäge, peteklere bahalary bellemäge, ösüşiniň geljegini kesgitlemäge, repertuaryny saýlap almaga we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki işleri ýerine ýetirmäge hukuklary bardyr.

Teatryň ýerine ýetirýän beýleki tölegli hyzmatlarynyň bahalary (nyrhlary) medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde kesgitlenilýär.

  1. Sahnalaşdyrylan teatr eserlerini köpçülikde ýerine ýetirýän we köpçülige görkezýän teatrlar aşakdakylara borçludyrlar:

1) sahna oýny görkezilýän wagty tomaşaçylaryň saglygynyň, şeýle hem olaryň saklanyşa beren emläginiň goraglylygyny üpjün etmek;

2) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, teatr bildiriş tagtasyny bezemegiň tertibine laýyklykda bezelen bildiriş tagtasyny hemmelere görner ýaly edip, petekleriň satylýan ýerinde we sahnalaşdyrylan teatr eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilýän we (ýa-da) köpçülige görkezilýän ýerinde asyp goýmak;

3) tomaşaçylara sahna oýnunyň geçirilýän ýeri, başlanýan we tamamlanýan wagty, petekleriň bahalary, olary satyn almagyň we yzyna gaýtarmagyň şertleri, tomaşaçylaryň aýratyn toparlaryna berilýän ýeňillikler hem-de sahna oýnuny görmäge ýaş çäklendirmeleri barada maglumatlary bermek;

4) tomaşaçynyň talap etmegine görä, sahna oýny başlamazyndan bir sagat öň, öňünden satylan petekler üçin pullary gaýdyp bermek ýa-da olary beýleki sahna oýunlarynyň peteklerine çalyşmak.

16-njy madda. Teatryň, teatr guramasynyň öz hususy nyşanyna hukugy

  1. Teatryň, teatr guramasynyň öz hususy nyşanyna hukugy bardyr (resmi ady, emblemasy, haryt belgisi, beýleki şekilleri).
  2. Teatr, teatr guramasy kanunda bellenilen tertipde hasaba alnan nyşanyny ulanmakda aýratyn hukukdan peýdalanýar.
  3. Teatryň, teatr guramasynyň hasaba alnan nyşanynyň beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň ulanmagyna diňe teatr, teatr guramasy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda ýol berilýär.
  4. Teatryň, teatr guramasynyň nyşanyny bikanun ulanýan ýuridik we fiziki şahslar teatryň, teatr guramasynyň talap etmegine görä ony ulanmagy bes etmäge we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

17-nji madda. Döwlete dahylsyz teatrlar we teatr guramalary

  1. Döwlete dahylsyz teatrlar we teatr guramalarynyň döwlet teatrlary we teatr guramalary bilen bir hatarda döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň yglan edýän bäsleşiklerine gatnaşmaga, şeýle hem mekdebe çenli ýaşly çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar, harby gullukçylar babatda ýeňillikli bahalandyryş syýasatyny ýöretmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki maksatlar üçin subwensiýalary (pul kömegini) almaga hukugy bardyr.
  2. Döwlete dahylsyz teatrlary we teatr guramalaryny dolandyrmak işi olaryň esaslandyryş resminamalarynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

18-nji madda. Teatr işi amala aşyrylanda howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi

  1. Teatrlaryň eýeleri teatrlary ýörite taslama boýunça gurlan degişli binalar (desgalar, jaýlar) ýa-da Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelýän başga tertipde salnan jaýlar, şeýle hem degişli enjamlar bilen üpjün etmäge borçludyr.
  2. Döwlet gurluşyk kadalary we düzgünleri, arassaçylyk kadalary, gelýän adamlaryň saglygynyň we howpsuzlygynyň goragynyň kadalary babatda teatryň binalaryna (desgalaryna, jaýlaryna) bolan talaplary kesgitleýär.
  3. Teatryň binalarynyň (desgalarynyň, jaýlarynyň), teatr sahna oýunlaryny görkezmek üçin ýörite jaýlaryň eýeleri ýa-da olara ygtyýarly edaralar bu jaýlaryň adamlaryň durmuş we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, emlägiň abat saklanylmagy we daşky gurşawy goramak maksady bilen gerekli şertleri üpjün etmäge borçludyrlar.
  4. Tomaşaçylaryň degişli howpsuzlygyny kepillendirmeýän teatr binalarynyň (desgalarynyň, jaýlarynyň) we enjamlaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

IV BAP. Teatrlaryň, Teatr Guramalarynyň Döredilmeginiň, Hasaba Alynmagynyň, üýtgedilip Guralmagynyň We Işiniň Bes Edilmeginiň Tertibi

19-njy madda. Teatrlaryň, teatr guramalarynyň döredilmegi, hasaba alynmagy

  1. Türkmenistanyň çäginde teatr sungatynyň, eýeçiliginiň görnüşi boýunça tapawutlanýan, ilatyň dürli gatlaklaryna gönükdirilen we beýleki häsiýetleri boýunça tapawutlanýan teatrlar döredilýär we hereket edýär.

Teatry döretmek hakyndaky çözgüdi onuň esaslandyryjylary kabul edýärler.

  1. Teatryň esaslandyryjylary ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar bolup biler. Teatrlaryň döredilmegi üçin sebitleriň durmuş-ykdysady, milli, medeni-çeperçilik zerurlyklary we laýyk gelýän döredijilik, işgärler we maddy-enjamlaýyn mümkinçilikleriň bolmagy esas bolup durýar.
  2. Teatrlar kanunda göz öňünde tutulan ähli guramaçylyk görnüşlerde döredilip we hereket edip bilerler.
  3. Teatrlaryň beýleki ýuridik şahslaryň (kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň) düzüminde döredilýän we hereket edýän, höwesjeň we kanunda gadagan edilmedik beýleki görnüşlerinden başgalary ýuridik şahs bolup durýarlar.
  4. Döwlet we döwlete dahylsyz eýeçilikde esaslandyrylan teatrlaryň degişlilikde döwlet we döwlete dahylsyz teatr statusy bolýar.
  5. Milli medeniýetiň ösdürilmegi bilen baglanyşykly aýratyn üstünlikleri üçin teatryň döredijilik toparlaryna, teatr guramalaryna «Milli» hukuk derejesi berlip bilner.
  6. Döwlet derejesinde ykrar edilen, öz çygrynda öňdebaryjy bolup durýan döwlet teatr guramalaryna, aýry-aýry professional çeperçilik we döredijilik toparlaryna milli medeniýeti we sungatyň görnüşlerini döretmäge, ösdürmäge we wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin «Akademiki» hukuk derejesi berlip bilner.

Teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

 

20-nji madda. Teatrlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy

  1. Teatrlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň düzüminde döredilen teatrlaryň sanawy we olary hasaba almagyň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

21-nji madda. Teatrlaryň işiniň bes edilmegi we üýtgedilip guralmagy

  1. Teatrlaryň işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Döwlet teatrynyň işiniň bes edilen ýagdaýynda, algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soňky galan emläkler, şol sanda gozgalmaýan emläk ygtyýarlandyrylan döwlet häkimiýet edarasyna ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasyna geçirilýär we olar tarapyndan mundan beýläk diňe teatr işiniň maksatlary üçin ulanylyp bilner.
  3. Teatrlaryň üýtgedilip guralmagy (goşulmagy, birikmegi, bölünip aýrylmagy we şoňa meňzeş ýagdaýlar) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

22-nji madda. Teatrlaryň birleşmegi

  1. Türkmenistanyň teatrlary umumy döredijilik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmek üçin özleriniň döredijilik, ylmy, önümçilik we beýleki işlerini utgaşdyrmak maksady bilen jemgyýetçilik birleşiklerini döredip bilerler. Bu birleşikleriň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
  2. Teatrlar, olaryň birleşikleri degişlilikdäki halkara guramalaryna girip bilerler.

 

V BAP. Teatrlaryň ýörite Hünärli Döredijilik Işgärleriniň Işi We Olaryň Durmuş Taýdan Goraglylygy

23-nji madda. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň işi

  1. Teatryň ýörite hünärli döredijilik işgärlerine teatryň çeper-döredijilik işgärleri we artistler degişlidir, olardan teatryň döredijilik düzümi emele gelýär. Teatryň döredijilik düzümi baradaky düzgünnama Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
  2. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň sahnalaşdyrylan teatr eserini (sahna oýnuny) taýýarlamak we oňa gatnaşmak bilen baglanyşykly, şeýle-de olaryň girdejileriniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýän işi Türkmenistanyň zähmet baradaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  3. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň işi özbaşdak zähmet şertnamalary we (ýa-da) raýat-hukuk ylalaşyklary esasynda amala aşyrylýar. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleri bilen zähmet şertnamalarynyň baglaşylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
  4. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň sanawy we teatryň beýleki aýratyn kärlerindäki (hünärlerindäki) işgärleriň wezipe sanawy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
  5. Teatrlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň ýokary hilde  taýýarlanylmagyny üpjün etmek, işgärleri oýlanyşykly saýlap almak maksady bilen teatrlaryň çeper-döredijilik işgärleriniň we artistleriniň hünär synagy geçirilýär we onda teatrlaryň işiniň geljekki ösüş we gündelik iş meýilnamasyna laýyklykda teatrlaryň döredijilik işgärleriniň we artistleriniň döredijilik derejesine, hünär taýýarlygynyň hiline, artistleriň we döredijilik işgärleriniň işini mundan beýläk dowam etdirmek mümkinçiliklerine baha berilýär. Teatryň döredijilik işgärleriniň we artistleriniň hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

24-nji madda. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy we olaryň hukuklarynyň kepilliligi

Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy döwlet tarapyndan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda teatrlaryň esaslandyryjylary tarapyndan üpjün edilýär.

Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, özleriniň hünärlerine we hünär derejelerine laýyklykda teatrlarda işlemäge;

2) hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, gaýtadan taýýarlanmaga, okuwyň görnüşlerini we meýilnamalaryny erkin saýlap almaga, beýleki teatrlarda, şol sanda daşary ýurtlarda hünär tälimini almaga;

3) hünär derejesini almak maksady bilen hünär synagyny geçmäge.

25-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy, hünär derejeleriniň kämilleşdirilmegi we hünär synagy

  1. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň ýörite hünärli işgärleriniň taýýarlygy medeniýet ugrundaky ýokary hünär we beýleki bilim edaralarynda amala aşyrylýar.
  2. Medeniýet edaralary teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň taýýarlygy, hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleri döredýärler.
  3. Medeniýet bilim edaralary we Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary olaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça teatrlaryň we teatr guramalarynyň talaplaryny kanagatlandyrýarlar. Döwlete dahylsyz teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.
  4. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň ähli işgärleri, şeýle hem teatrlaryň we teatr guramalarynyň ýolbaşçylary döwürleýin hünär synagyny geçýärler.
  5. Döwlet teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda taýýarlanmagyna we kämilleşmegine ýardam berýär.

 

VI BAP. Sahnalaşdyrylan Teatr Eserine Emläk

We Emläkleýin Däl Şahsy Hukuklar

26-njy madda. Sahnalaşdyrylan teatr eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukukly subýektler

  1. Sahnalaşdyrylan teatr eseri ony köpçülikde ýerine ýetirmek barada çözgüt kabul edilen pursadyndan döredilen diýlip hasap edilýär.
  2. Sahnalaşdyrylan teatr eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmäge hukukly subýektler – sahna eserini goýujy, senariniň ýa-da tekstleriň, gepleşigiň awtory, sahnalaşdyrylan teatr eseri üçin ýörite döredilen sözli we sözsüz saz eseriniň awtory we şertnama laýyklykda teatryň prodýuseri.
  3. Sahnalaşdyrylan teatr eserini janly ýerine ýetirilişde görkezmek hukugy (mundan beýläk – sahnalaşdyrylan teatr eserine hukuk), eger-de sahnalaşdyrylan teatr eserine hukukly subýektleriň arasynda bu hukugyň has öň döremegi göz öňünde tutulmadyk bolsa, ony köpçülikde ýerine ýetirmek barada karar kabul edilen pursadyndan döreýär.
  4. Teatr prodýuseri özüniň sahnalaşdyrylan teatr eserine bolan emläk hukugyny awtorlaryň «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan, şeýle hem şu Kanun bilen bellenilen sahna eserini goýujylaryň we artistleriň emläk däl hukuklaryny berjaý etmek bilen amala aşyrýar.
  5. Sahnalaşdyrylan teatr eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilmegine taýýardygy baradaky karar, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sahna eserini goýujy we teatryň prodýuseri bilen bilelikde kabul edilýär.

27-nji madda. Sahna eserini goýujynyň we artistleriň sahnalaşdyrylan teatr eserine hukuklary

  1. Sahnalaşdyrylan teatr eserinde degişli keşpleri ýerine ýetirýän artistlere we sahna eserini goýuja öz adyny mahabatlandyryş neşirlerinde, bildiriş tagtalarynda, sahnalaşdyrylan teatr eseri bilen baglanyşykly beýleki maglumat serişdelerinde görkezmek hukugy degişlidir.
  2. Sahna eserini goýujynyň sahnalaşdyrylan teatr eserini onuň ýoýulmagyndan goramaga hukugy bardyr. Sahnalaşdyrylan teatr eserleriniň ýoýulmalaryna sahna eserini goýujynyň resmi ýagdaýda rugsady bolmazdan keşpleri (partiýalary) ýerine ýetirijileriň düzümini, mizanssenany, horeografiýany, senografiýany, yşyklandyryşy, artistleriň ulanýan teatr lybaslaryny, aksessuarlary, sahnalaşdyrylan teatr eseriniň aýdym-sazyny üýtgetmek girýär.
  3. Teatr prodýuseriniň, sahna eserini goýujynyň we artistleriň arasyndaky şertnamada şu Kanunda bellenilen hukuklardan başga hukuklar hem göz öňünde tutulyp bilner.
  4. Sahna eserini goýujynyň sahnalaşdyrylan teatr eserine, artistiň adynyň görkezilmegine bolan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýar.

28-nji madda. Teatryň prodýuseriniň borçlary

Teatryň prodýuseri özüniň we sahna eserini goýujynyň arasyndaky şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sahna eserini goýuja aşakdakylary habar bermäge borçludyr:

1) sahnalaşdyrylan teatr eserinde üýtgetmeleri amala aşyrmagyň zerurlygy we sahna eserini goýujynyň olary amala aşyrmagynyň teklip edilýän şertleri hakynda;

2) şertnamadan gelip çykýan, sahna eserini goýujynyň gatnaşmazlygynda sahnalaşdyrylan teatr eserinde amala aşyrylan gyssagly üýtgetmeleri we bu üýtgetmeleriň sebäpleri hakynda;

3) sahnalaşdyrylan teatr eseriniň köpçülikde ýerine ýetirilmeginiň wagtyndan öň bes edilmegi hakynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulýan sahna oýunlarynyň möçberiniň azaldylmagy hakynda, şeýle hem sahna oýunlaryny köpçülikde ýerine ýetirmegiň iň uzak möhleti ýa-da möçberi şertnamada bellenilmedik ýagdaýynda.

Sahna eserini goýujy sahnalaşdyrylan teatr eserini ýoýulmadan goramak hukugyny ulanyp, sahnalaşdyrylan teatr eseriniň çeperçilik çözgüdini dikeltmek maksady bilen onuň köpçülikde ýerine ýetirilmeginiň wagtlaýyn saklanylmagyny talap edip biler.

29-njy madda. Sahnalaşdyrylan teatr eserine intellektual eýeçilik hukuklarynyň we intellektual eýeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň goragy

Sahnalaşdyrylan teatr eserine intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragy we intellektual eýeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

VII BAP. Teatrlaryň We Teatr Guramalarynyň Maliýe, Maddy-Enjamlaýyn We Durmuş Taýdan üpjünçiligi

30-njy madda. Teatrlaryň işiniň maliýeleşdirilmegi

  1. Döwlet teatrlarynyň işini maliýeleşdirmek aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) teatrlaryň öz serişdeleriniň;

3) kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň serişdeleriniň;

4) hemaýatkärleriň gatançlarynyň;

5) raýatlaryň we olaryň bileleşikleriniň serişdeleriniň;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň.

  1. Teatrlary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmeleri:

1) teatr sahna oýnuna satylan peteklerden alnan serişdeler;

2) ýuridik we fiziki şahslaryň buýurmalary boýunça teatryň ýerine ýetiren işleri üçin alnan serişdeler we emläk;

3) ýerlenen ýadygärlik sowgatlyk önümlerinden we teatryň taryhy, nazaryýeti we amalyýeti barada maglumat berýän neşir işlerinden gelen girdejiler;

4) wideo ýazgylaryndan, surata düşürmek we maglumat almak üçin töleglerden gelen serişdeler;

5) teatra degişli bolan we degişlilikdäki şertnama laýyklykda geçirilen intellektual eýeçiliginiň hukuklaryny ulanandygy üçin sylaglar (tölegler);

6) haýyr-sahawat gatançlaryndan we beýleki tölegli hyzmatlardan gelen serişdeler;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

  1. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň ösdürilmegi üçin serişdeleri çekmek maksady bilen öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alyp barýan teatrlary we teatr guramalaryny ösdürmegiň gaznalary döredilip bilner.
  2. öz-özüni dolandyrýan (hojalyk hasaplaşygyndaky) döwlet we döwlete dahylsyz teatrlara ilatyň ähli gatlaklary üçin teatr çäreleriniň elýeterliligini üpjün etmek boýunça hyzmatlary bermek bilen baglanyşykly ýitgileri ýapmak üçin Türkmenistanyň býujet kanunçylygyna laýyklykda subsidiýalar berilýär.

31-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi

  1. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýer meýdançalary, binalar (desgalar, jaýlar), aragatnaşyk ulgamy, teatra degişli enjamlar, rekwizitler, ulag serişdeleri we beýleki gymmatlyklar düzýär.
  2. Döwlet teatr we teatr guramalarynyň maddy-enjamlaýyn taýdan ösüşiniň goldanylmagyny üpjün edýär, teatrlaryň obýektleriniň ulgamynyň giňelmegi üçin çäreleri görýär. Teatrlaryň obýektleri taslananda we ulanyşa tabşyrylanda çagalaryň, maýyplaryň, gartaşan raýatlaryň teatr edaralaryna barmak islegleri göz öňünde tutulýar.
  3. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi teatr edaralarynyň özleriniň býujet we şahsy serişdeleriniň çäklerinde hem amala aşyrylýar.
  4. ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz tabynlygyndaky teatr guramalaryna, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny aýawly saklamak we ösdürmek boýunça meseleleriniň oňyn çözülmegine hemaýat bermäge borçludyrlar.
  5. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we emläginiň maksada laýyk däl tertipde ulanylmagyna ýol berilmeýär.

32-nji madda. Teatrlaryň hojalyk işi

Teatrlaryň täjirçilik we täjirçilik däl hojalyk işini amala aşyrmaga hukuklary bardyr.

Teatrlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda täjirçilik hojalyk işiniň şu aşakdaky görnüşlerini amala aşyryp bilerler:

1) ýadygärlik sowgatlyk önümleriniň we gülleriň satuwy;

2) prodýuserçilik işi;

3) teatryň işgärlerini we tomaşaçylary iýmitlendirmegi guramak;

4) teatrda mahabaty ýerleşdirmek;

5) dürli dabaralary guramak;

6) teatrlaryň önümçilik gulluklarynyň we bölümleriniň haryt önümçiligini amala aşyrmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek;

7) lybaslary, aýakgaplary, enjamlary, rekwizitleri, butaforiýalary, grimleri we beýleki serişdeleri kireýine bermek we ýerlemek;

8) teatryň esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan işleriň beýleki görnüşleri.

Şu Kanunyň 14-nji maddasynda görkezilen teatrlaryň işleriniň gönüşleri teatrlaryň täjirçilik däl işlerine degişli edilýär.

33-nji madda. Döwlet teatrlarynyň emlägi

  1. Döwlet teatrlary Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda, teatr işini alyp barmagy üçin zerur emläkler (binalar, desgalar, enjamlar, sahna eserini we tomaşany goýmak üçin serişdeler, sarp ediji, durmuş, medeni we beýleki maksatly gaýry emläkler) bilen üpjün edilýär.
  2. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan döredilen teatrlaryň emläk hukuklaryny we borçlaryny, şeýle hem emläklerini ulanmak we saklamak boýunça döwlet gözegçiligini döwletiň adyndan medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy amala aşyrýar.

34-nji madda. Teatr işgärleriniň maddy üpjünçiligi hem-de durmuş taýdan goraglylygy

Teatrlaryň artistleriniň we çeper-döredijilik işgärleriniň zähmetine töleg, olaryň pensiýa üpjünçiligi, şeýle hem goşmaça pul tölegi, aýlyk zähmet hakyna artdyrymlar, teatryň ýörite hünärli döredijilik işgärlerine öwezini dolmalaryň we ýeňillikleriň beýleki görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

VIII BAP. Teatrlaryň We Teatr Guramalarynyň

Halkara We Daşary Ykdysady Işi

35-nji madda. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň halkara we daşary ykdysady işi

  1. Türkmenistanyň teatrlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda teatr we teatr işi babatda halkara medeni hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara teatr guramalarynyň we bileleşikleriniň işine gatnaşýarlar.

Teatrlaryň halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşygy aşakda bellenilen tertipde amala aşyrylýar:

1) teatr hakynda özara maglumatlaryň alynmagynyň amala aşyrylmagy, teatr işiniň guralyşynda halkara tejribesiniň öwrenilmegi;

2) halkara maslahatlarynyň, festiwallarynyň, kongresleriniň we simpoziumlarynyň geçirilmegi;

3) teatr işgärleriniň bilelikdäki taýýarlygyny guramak;

4) ylalaşyklara laýyklykda, eger-de ol Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, bilelikdäki gaýry işleri amala aşyrmak.

  1. ýuridik şahs bolup durýan teatrlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şol sanda Türkmenistanyň teatrlarynyň teatr eserlerini daşary ýurtlarda görkezmek arkaly daşary ykdysady işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

IX BAP. Jemleýji Düzgünler

36-njy madda. Teatra ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik

      Fiziki we ýuridik şahslaryň teatra ýetiren maddy zyýanynyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunýar.

37-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

     Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň                                                       Gurbanguly

     Prezidenti                                                        Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 142-V.