Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan
ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz
amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady
bilen barlaglary geçirmek boýunça Gözükdijini
tassyklamak hakynda
“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Medeniýet we sungat çygryndaky işi, Audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711-nji kararynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda çykaran 11871-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakynda Düzgünnamanyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:
- Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen barlaglary geçirmek boýunça Gözükdirijini tassyklamaly (goşulýar).
2 Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.
- Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N. Şirimow gözegçilik etmeli.
Ministr A. Şamyradow
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň
2019-njy ýylyň 4-nji(y) sentýabrynda
Gçykaran 288-ö belgili buýrugy bilen tassyklandy
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan
taraplary ýüze çykarmak maksady bilen barlaglary geçirmek boýunça
Gözükdiriji
I bap. Umumy düzgünler
- Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen barlaglary geçirmek boýunça Gözükdiriji (mundan beýläk - Gözükdiriji) «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň 21-nji bölegine, “Medeniýet we sungat çygryndaky işi, Audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 10711-nji we «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji kararlaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda çykaran 11871-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen, ygtyýarnamaly bolup durmaýan taraplaryň barlaglaryny geçirmegiň, barlagyň netijelerini resmileşdirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
- Şu Gözükdirijiniň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler ulanylýar:
barlag – ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak üçin ýerine ýetirýän işi;
ygtyýarlylandyryjy edara – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi;
barlagyň subýektleri – medeniýet we sungat çygryndaky ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar.
- Barlaglaryň görnüşleri:
meýilnamalaýyn barlag – bellenilen tertipde tassyklanan barlaglaryň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýän barlag;
meýilnamadan daşary barlag – gelip gowşan arzalara we ýüztutmalara, bildirilen şikaýatlara, şol sanda hukuk goraýjy we beýleki gözegçilik ediji edaralarynyň ýüztutmalaryna haýal etmän jogap bermek zerurlygy bilen baglylykda geçirilýän barlag.
II bap. Barlagy geçirmegiň guralyşy we geçirilişi
- Ygtyýarlylandyryjy edara barlaglary Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Gözükdirijä laýyklykda geçirýär.
- Barlaglaryň meýilnamasy bir ýyl ýa-da ýarym ýyl möhlet bilen düzülýär hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň bu mesele boýunça gözegçilik edýän orunbasary tarapyndan gol çekilip, Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan tassyklanýar.
- Meýilnamalaýyn, meýilnamadan daşary barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň degişli barlagy geçirmek hakyndaky buýrugy (mundan beýläk - barlagy geçirmek hakynda nama) esas bolup durýar.
Meýilnamalaýyn barlagy geçirmek hakynda nama bellenen tertipde tassyklanan barlaglaryň meýilnamasy esasynda çykarylýar.
Meýilnamadan daşary barlagy geçirmek hakynda nama gelip gowşan arzalar we ýüztutmalar, bildirilen şikaýatlar, şol sanda hukuk goraýjy we beýleki gözegçilik ediji edaralarynyň ýüztutmalary esasynda çykarylýar.
Barlagy geçirmegiň möhleti, barlaga gatnaşmaly işgärleriň sanawy, şol sanda barlagyň ýolbaşçysy, barlagyň maksady, şeýle hem barlagy guramak we amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki meseleler barlagy geçirmek hakynda nama bilen bellenilýär.
- Barlagy geçirmegiň möhleti - 30 (otuz) senenama gününden köp bolmaly däldir, şu Gözükdirijiniň dokuzynjy böleginde bellenilen ýagdaýlar muňa girmeýär.
- Meýilnamadan daşary barlag geçirlende bu barada barlagyň subýektlerine barlagyň başlanan pursatynda habar edilýär.
- Barlagyň möhletini uzaltmak barlagyň ýolbaşçysynyň esaslandyrylan ýuztutmasy boýunça, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy (mundan beýläk - barlagyň möhletini uzaltmak hakynda nama) bilen barlagy geçirmek hakynda namada görkezilen barlagyň möhleti tamamlanýan wagtyndan gijä galman resmileşdirilýär.
- Barlagyň subýektlerini barlamaga gelen ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagçylary şu aşakdakylary görkezmäge borçludyrlar:
1) barlagy geçirmek (möhletini uzaltmak) hakynda namany;
2) gulluk şahsyýetnamalaryny;
3) barlagyň meýilnamasyny.
- 11. Barlag geçirmegiň başlanýan wagty diýlip barlagyň subýektine şu Gözükdirijiniň onunjy böleginde bellenen resminamalar görkezilen pursaty hasap edilýär.
- 12. Barlagyň subýektine barlagy geçirmek hakynda nama görkezilenden soň, ol:
1) ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy amala aşyrýan işgärlerini barlaga degişli ähli zerur resminamalar bilen üpjün edýär;
2) zerurlyk bolanda ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy amala aşyrýan işgärlerine barlaga degişli edilen soraglar boýunça aýdyňlaşdyrma berýär, şeýle hem zerur bolan beýleki maglumatlary berýär;
3) ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy amala aşyrýan işgärleriniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda bildirýän talaplaryny ýerine ýetirýär.
- 13. Ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy amala aşyrýan işgärleriniň şulara haky bardyr:
1) barlagyň subýekti tarapyndan amala aşyrylýan işleri bilen bagly resminamalaryny (laýyklyk sertifikatlary, şahadatnamalary, kepilnamalary, ygtyýarnamalary we beýleki rugsat beriji resminamalary) öwrenmek üçin almaga;
2) barlagyň subýekti ýuridik şahs bolsa - onuň esaslandyryjy resminamalaryny, guramaçylyk - buýruk beriji resminamalaryny, düzgünnamalaryny, tertiplerini we beýleki içki resminamalaryny öwrenmek üçin almaga;
3) barlagyň subýektleri tarapyndan degişli edaralara berlen buhgalter, statistiki we maliýe hasabatlaryny öwrenmek üçin almaga;
4) zerur halatlarda, barlagyň subýektleriniň işgärleriniň hünär talaplaryna we şertlerine laýyklygyny tassyklaýan resminamalaryny talap etmäge we olaryň nusgasyny ýa-da göçürmesini almaga;
5) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň (görnüşleriniň) amala aşyrylýan hakyky ýerini barlamaga;
6) barlag geçirmek üçin zerur bolan resminamalaryň berilmeli möhletini kesgitlemäge;
7) zerur halatlarda, hakyky ýagdaýlary ýüze çykarmak maksady bilen barlagyň subýektleriniň müşderilerinden, hyzmatdaşlaryndan (olaryň razylygy bilen) resminamalary (maglumatlary) soramaklyga;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan beýleki maglumatlary we resminamalary soramaklyga.
- 14. Ygtyýarlylandyryjy edaranyň işgärleriniň arasynda barlagy geçirmek hakynda namada görkezilen barlamaga degişli soraglary ýa-da başga wezipeleri paýlamagy barlagyň ýolbaşçysy amala aşyrýar.
- Barlagy geçirmek (möhletini uzaltmak) hakynda namany barlagyň subýekti kabul etmedik we (ýa-da) ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy amala aşyrýan işgärleriniň barlag üçin zerur bolan resminamalardan we maglumatlardan peýdalanmagyna mümkinçilik döredilmedik ýagdaýynda, ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy amala aşyrýan işgärleri tarapyndan bu barada teswirnama düzülýär.
Teswirnama barlagyň ýolbaşçysy we barlagyň subýekti tarapyndan gol çekilýär. Barlagyň subýekti teswirnama gol çekmese, gol çekmekden ýüz öwürmeginiň sebäbini ýazmaça düşündirmäge haklydyr. Barlagy geçirmek (möhletini uzaltmak) hakynda namanyň barlagyň subýekti tarapyndan kabul edilmezligi barlagy ýatyrmaklyga esas bolup bilmeýär.
- Barlagyň netijeleri boýunça şu aşakdakylary görkezmek bilen barlagyň ykrar haty (şu Gözükdirmä goşundy) düzülýär we oňda şular görkezilmelidir:
1) barlagyň geçirlen senesi, ykrar hatynyň düzülen ýeri;
2) barlagy geçiren ygtyýarlylandyryjy edaranyň ady we barlagy amala aşyrýan işgärleriniň familiýasy, ady, atasynyň ady;
3) barlagyň görnüşi (meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan dagary barlag);
4) barlagyň subýekti (fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady; ýuridiki şahsyň ady, ýolbaşçysynyň ýa-da jogapkär işgärleriniň wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady);
5) barlagy geçirmek hakynda namanyň belgisi we möhleti (barlagyň möhletini uzaltmak hakynda namanyň belgisi);
6) ozalky barlagyň netijesinde ýüze çykarylan Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynyň bozulmalaryny aradan aýyrmak boýunça geçirilen çäreler hakynda maglumatlar;
7) geçirlen barlag boýunça ýüze çykarylan düzgün bozulmalar;
8) geçirlen barlagyň netijesi boýunça görülen çäreler;
9) barlagyň subýektiniň barlagyň netijesi boýunça düzülen ykrar haty bilen razylaşýandygy ýa-da razylaşmaýandygy barada maglumat;
10) barlagyň subýektiniň barlagyň netijesi boýunça düzülen ykrar hatyny alandygy barada maglumat;
11) barlagyň subýektiniň goly.
- Barlagyň möhletiniň tamamlanmagy diýlip barlagyň subýektine barlagyň ykrar hatynyň gowşurylan güni hasap edilýär.
- Barlagyň ykrar haty iki asyl nusgada düzülýär we ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlagy geçiren işgärleri, barlagyň subýekti fiziki şahs bolsa - özi, ýuridik şahs - bolsa onuň ýolbaşçysy ýa-da ygtyýarly edilen beýleki jogapkär işgäri tarapyndan gol çekilýär.
Gol çekilen barlagyň ykrar hatynyň bir asyl nusgasy barlagyň subýektine berilýär we bir asyl nusgasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde galýar.
Şu Gözükdirijiniň on bäşinji böleginde bellenilen ýagdaýlarda, barlagyň subýektiniň, onyň ýolbaşçysynyň (beýleki jogapkär işgäriniň) teswirnamany we barlagy geçirmek hakyndaky namany kabul etmekden ýüz öwürmegiň sebäbi barada ýazmaça düşündirişiniň bolan ýagdaýynda, şol düşündiriş barlagyň ykrar hatyna goşulýar.
- Barlagyň netijeleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edara:
1) öz barlagynyň netijeleri boýunça ykrar haty düzülen senesinden, şeýle hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylan barlaglaryň ykrar hatlarynyň gelip gowşan senesinden 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulandygy ýa-da bozulmandygy barada çözgüt çykarýar;
2) ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrandygy üçin şahsy günäkär diýip ykrar etmek we işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakdan alnan girdejini (peýdany) Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine geçirmek görnüşinde maliýe jerimesini ulanmak hakynda kazyýete hak isleg arzasy bilen ýüz tutýar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen hak isleýji babatynda bellenen hukuklary amala aşyrýar.
- Beýleki gözegçilik ediji edaralary özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarlylandyryjy edaranyň başlangyjy bilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak üçin geçirilýän barlaglara gatnaşyp bilerler.
- Barlagyň maksadyna laýyklykda barlagyň subýektlerine barlag geçirmegiň dowamynda, salgyt edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli, salgyt salynmagy bilen baglanyşykly bolan meseleler ýüze çykan halatynda salgyt edaralarynyň hünarmenleri bu barlaga çekilip bilner.
III bap. Jemleýji düzgünler
- Şu ýagdaýlarda ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlag geçirmäge girişmäge haky ýokdur, eger:
1) barlagy geçirmek hakynda nama ýok bolsa ýa-da bellenilen tertipde resmileşdirilmedik bolsa, şol sanda barlagy geçirmek hakynda namada ygtyýarlylandyryjy edaranyň barlag geçirmeli işgärleri görkezilmedik bolsa;
2) barlagy geçirmek hakynda namada görkezilen barlagyň möhletleri başlamadyk ýa-da tamamlanan bolsa.
- Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen, barlagyň subýeýktleriniň işine barlag geçirmegi, barlagyň netijelerini resmileşdirmegi we amala aşyrmagy ýerlerde Ministrligiň welaýat medeniýet bölümleriniň üstüne ýüklenilip bilner.
- Şu Gözükdirijiniň talaplarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
- Barlagyň ykrar haty we çykarylan çözgüt Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde saklanmaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda, bellenilen möhletlerde we tertipde ýok edilmäge degişlidir.
- Şu Gözükdiriji bilen düzgünleşdirilmedik beýleki gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyrjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.