Türkmenistanyň Adalat ministrligi
tarapyndan
2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde
1312 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy




“Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň 2020-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 66-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde 1312 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
BUÝRUK

2020-nji ýylyň 18-nji marty № 66-Ö

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada

“Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynyň 183-nji bendine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejeleri hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarlary G.Myradalyýew we N.Şirimow gözegçilik etmeli.

Ministr A. Şamyradow

Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň
2020-nji ýylyň 18-nji martynda
çykaran 66-Ö belgili buýrugy bilen
tassyklandy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejeleri hakynda
DÜZGÜNNAMA

I bap. Umumy düzgünler

1. Şu Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejeleri hakynda Düzgünnama (mundan beýläk – Düzgünnama) Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynyň 183-nji bendine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1349-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň (mundan beýläk – Ministrlik) garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryň hünär derejelerini bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Şu Düzgünnamanyň kadalary Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynda, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda (mundan beýläk – döredijilik toparlar) zähmet çekýän hem-de höwesjeň tansçylaryna (mundan beýläk – tansçylar) degişli bolup durýar.
3. Şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar, Türkmenistanyň kanunçylygy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
4. Tansçylara hünär derejeler tans sungatyny kämilleşdirmek, olaryň öz işlerine bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen berilýär.
5. Tansçylara hünär derejeler Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy bilen döredilen Tansçylaryň hünär synagyny geçirmek boýunça topar (mundan beýläk – Topar) tarapyndan hünär synagyny geçirmek arkaly berilýär. Topar Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň buýrugy bilen döredilýär we onuň agzalary kesgitlenilip, düzümi tassyklanylýar.
6. Hünär synagynyň esasy wezipeleri:
1) hünär synagynyň netijesi boýunça hünär synagyndan geçen tansçylara hünär derejesini bermek;
2) tansçylaryň tansçylyk ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmäge höwes döretmek bolup durýar.
7. Tansçylara şu aşakdaky hünär derejeler berilýär:
1) II hünär derejeli tansçy;
2) I hünär derejeli tansçy;
3) ýokary hünär derejeli tansçy;
4) “Tans ussady” diýen hünär derejesi.
8. Şu Düzgünnamanyň ýedinji böleginde görkezilen hünär derejeler degişlilikde tans ugrundan:
1) iş tejribesi bolan höwesjeň tansçylara;
2) ýokary we orta hünär bilimi bolan tansçylara;
3) ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlan tansçylara;
4) çagalar sungat mekdeplerini tamamlan tansçylara;
5) ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlarynda zähmet çekýän tansçylara;
6) tans goýujylara, folklor, tans toparynyň çeper ýolbaşçylaryna;
7) balet artistlerine, baletmeýsterlere, balet boýunça repetitorlara;
8) tans mugallymlaryna, halypa tansçylara berilýär.

II bap. Tansçylara hünär derejelerini bermek boýunça hödürlenilýän resminamalary seljermek

9. Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynyň döredijilik toparlarynyň tansçylaryna hünär derejeleri bermek boýunça degişli resminamalary şol edaranyň ýolbaşçylary tarapyndan gönüden-göni Ministrlige, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredijilik toparlarynyň tansçylaryna hünär derejeleri bermek boýunça resminamalar bolsa, şol toparyň ýolbaşçylary tarapyndan ýokarda durýan guramasy bolup durýan pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysynyň üsti bilen Ministrlige hödürlenilýär.
10. Tansçylary hünär synagyna hödürlemek üçin degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan degişli tertipde Ministrlige tansçy babatda şu görkezilen resminamalar hödürlenilýär:
1) hödürnama;
2) 3x4 ölçegdäki 8 (sekiz) sany foto surat;
3) häsiýetnama (Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralaryň we ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylan görnüşde bolmaly);
4) tansçy baradaky maglumatlar;
5) pasportynyň nusgasy;
6) hünär bilimi hakynda diplomyň ýa-da bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary;
7) zähmet depderçesiniň “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
8) tansçynyň mynasyp bolan döwlet baýraklarynyň, sylaglarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijisi bolandygyny tassyklaýan resminamalaryň şu bölegiň 7-nji bendinde görkezilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary.
11. Ministrlik tarapyndan tansçylar babatda hödürlenen resminamalaryň we maglumatlaryň dolulygy hem-de dogrulygy resminamalaryň hödürlenen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda barlanylýar. Hödürlenilen resminamalar göwnejaý ýagdaýda resmileşdirilmedik ýa-da resminamalaryň doly bolmadyk toplumy berlen, resminamalarda ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatlarynda resminamalar toplumy agzalan ýagdaýlaryň ýüze çykarylan gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralaryna, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän döredijilik toparlaryna düzetmek üçin yzyna gaýtarylýar.
12. Hödürlenen resminamalar talabalaýyk bolan ýagdaýynda, Ministrlik tarapyndan şol resminamalar 2 (iki) iş gününiň dowamynda Topara geçirilýär.

III bap. Hünär synagyny geçirmegiň tertibi

13. Hünär derejesi bar bolan tansçylaryň indiki hünär derejesine hödürlemek öňki hünär derejesi berlen gününden 3 (üç) ýyl geçenden soň amala aşyrlyp bilner.
14. Hünär synagyna goýberilýändigi barada tansçylara degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynyň, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän döredijilik toparlarynyň üsti bilen, hünär synagyny geçirmegiň güni, wagty we ýeri barada habar berilýär. Hünär synagyna esasly sebäpler bolmazdan gatnaşmadyk ýa-da onuň sebäbini tassyklaýan resminamalar berilmedik halatynda tansçy hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar hem-de Topar tarapyndan hünär synagyndan geçmändigi barada çözgüt kabul edilýär. Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada tansçylara degişlilikde Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynyň, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän döredijilik toparlarynyň üsti bilen ýazmaça görnüşinde Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär.
15. Hünär synagyny geçirmegiň senesi şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:
1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde tansçynyň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;
2) tansçy tarapyndan hünär synagyny başga güne geçirilmegi haýyş edilip, synagyň geçirilmeginden öň resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;
3) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.
16. Hünär synagy, synaga goýberilen tansçynyň tans ukybyny barlamak arkaly geçirilýär. Hünär synagynda “Tans ussady” diýen hünär derejesine hödürlenilýän halypa ýaşuly tansçylaryň döredijilik iş tejribesi, mynasyp bolan döwlet baýraklary, sylaglary ýa-da hormatly atlary göz öňünde tutulýar.
17. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ýarysyndan köpüsi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär. Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Ses berlende synagdan geçýäniň işlän wagty, iş tejribesi, häsiýetnamasy we hödürnamasy, zehini, şeýle hem ozalky alan hünär derejesi nazara alynýar.
18. Topar tarapyndan tansça hünär derejesini bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär. Topar tarapyndan tansça hünär derejesini bermek hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, tansça degişlilikde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň goly hem-de ministrligiň möhri bilen tassyklanan degişli hünär derejesiniň berlendigi hakynda Şahadatnama (şu Düzgünnama goşundy) berilýär. Toparyň çözgüdi teswirnama görnüşinde resmileşdirilýär.
19. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan tassyklanylýar.
20. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:
1) hünär synagyna tansçy gatnaşmasa;
2) tansçy, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;
3) tansçy hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.

IV bap. Hünär synagynda tansçylara bildirilýän talaplar

21. Tansçylar şu Düzgünnamanyň ýigrimi ikinji – ýigrimi bäşinji böleklerinde görkezilen talaplar boýunça degişli hünär derejelerine hödürlenilýär.
22. Tansçylara II hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
1) tans ugrundan 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
2) tans ugrundan ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlamagy;
3) tans ugrundan çagalar sungat mekdebini tamamlamagy;
4) tans ugrundan ýokary we orta hünär bilim edaralarynda hereket edýän folklor, tans döredijilik toparlaryna gatnaşmagy;
5) tans toparynyň işine we ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy. Aýratyn ýagdaýlarda, tebigy zehin ussatlygyna, iş başarjaňlygyna we ýerine ýetiren tanslarynyň ýokary çeperçilik derejesine seredip, 3 (üç) ýyl iş tejribesi bolmadyk, emma tans gurnaklarynda, toparlarynda dowamly gatnaşan tansçylara hem II hünär derejesi berlip bilner.
23. Tansçylara I hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
1) tans ugrundan 5 (bäş) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
2) tans ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlamagy;
3) tans ugrundan ýörite orta hünär okuw mekdebini tamamlamagy;
4) tans ugrundan ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
5) tans ugrundan çagalar sungat mekdebini tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolan tansçylara, şeýle-de tans çykyşlaryna yzygiderli gatnaşýan, ukyply, geljekde tans sungatyny ösdürmäge öz goşandyny goşup biljek, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy.
24. Tansçylara Ýokary hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
1) tans ugrundan 10 (on) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
2) tans ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
3) tans ugrundan ýörite orta hünär okuw mekdebini tamamlap, 3 (üç) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
4) tans ugrundan ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlap, 5 (bäş) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
5) tans ugrundan çagalar sungat mekdebini tamamlap, 5 (bäş) ýyl iş tejribesiniň bolmagy;
6) Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bolmagy;
7) öz sungaty bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň köpüsinde çykyş edip, esasy keşpleri döreden we gowy netije görkezip bilen hünärmen bolmagy.
25. Tansçylara “Tans ussady” diýen hünär derejesini bermek üçin bu hünär derejesine hödürlenilýän tansçy şu aşakdaky talaplaryň birine laýyk gelmelidir:
1) tans ugrundan 15 (on bäş) ýyl iş tejribesi bolan,
2) tans ugrundan ýörite professional bilimli, professional balet artisti, tansçy, çeper ýolbaşçy, baletmeýster bolup işlän, şägirt ýetişdirip halypalyga ýeten;
3) goýan tanslary tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan;
4) ýurdumyzda we daşary döwletlerinde birnäçe bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelän;
5) ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşan hem-de döwlet baýragyna we sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan görnükli tansçy bolmagy.
26. Hünär synagy geçirilende tansçylara hünär derejelerini bermegiň yzygiderlilik ýörelgesi berjaý edilmelidir, ýagny II derejeli hünär derejesi bolmadyk tansçy I derejeli hünär derejesine, I derejeli hünär derejesi bolmadyk tansçy ýokary derejeli hünär derejesine, ýokary derejesi bolmadyk tansçy “Tans ussady” diýen hünär derejesine hödürlenilmegine ýol berilmeýär. Aýratyn ýagdaýlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmenistanyň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan tansçylara ýokary hünär derejesine, döwlet baýraklaryna we sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan ýaşuly halypa tansçylara bolsa olaryň döredijilik iş tejribesi göz öňünde tutulyp “Tans ussady” diýen hünär derejesine hödürlenip bilner, şunda bu mesele hünär synagy toparynyň garamagynda galdyrylýar.

V bap. Hünär synagynyň jemi

27. Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralarynyň döredijilik toparlarynyň tansçylaryna Toparyň kabul eden çözgüdiniň teswirnamasy esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri tarapyndan degişli hünär derejesiniň berlendigi hakynda buýruk çykarylýar. Ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredijilik toparlarynyň tansçylaryna Topar tarapyndan degişli hünär derejesini bermek hakynda çykarylan çözgüdi barada, onuň çykan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda, Ministrlik tarapyndan şol pudaklaýyn dolandyryş edarasyna habar berilýär. Ministrlikden degişli hünär derejesini bermek hakyndaky buýrugyň Ministrligiň garamagyndaky medeniýet we sungat edaralaryna, ýurdumyzyň beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hereket edýän döredijilik toparlaryna gelip gowşan gününden başlap, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda şol pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan öz tansçylaryna degişli hünär derejesiniň berlendigi hakynda buýruk çykarylýar.
28. Aýrylmadyk zähmet düzgün-nyzam temmi çäreleri bar bolan tansçylar hünär derejesine hödürlenilmeýär.
29. Toparyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk tansçylar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kazyýete ýüz tutmaga hukuklydyrlar.
30. Tansçylara berlen hünär derejesi üçin Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda zähmete hak tölemegiň möçberini bellemek işgärleriň hünär derejesine, olaryň edýän işiniň çylşyrymlylygyna we dartgynlylygyna, iş şertlerine, sarp edilen mukdaryna we hiline baglylykda amala aşyrylýar we iş beriji tarapyndan tölenilýär.