Türkmenistanyň Medeniýet
ministriniň 2019-njy ýylyň
4-nji oktýabrynda çykaran
339-Ö belgili buýrugy bilen
tassyklandy




Bildiriş
tagtalaryny bezemegiň Tertibi


I bap. Umumy düzgünler



1. Teatrlaryň, teatr guramalarynyň, döwlet sirkiniň we beýleki tomaşa edaralarynyň repertuaryndaky sahna oýunlarynyň, tomaşalaryň we beýleki güýmenje çäreleriň geçirilýän ýeri, başlanýan we tamamlanýan wagty, petekleriň bahalary, olary satyn almagyň we yzyna gaýtarmagyň şertleri, tomaşaçylaryň aýratyn toparlaryna berilýän ýeňillikler hem-de sahna oýnuny görmäge ýaş çäklendirmeleri barada maglumatlary bermegi, ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurt döwletlerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ýa-da geçirilýän göçme saparlar (gastrollar) barada ilaty habarly etmegi düzgünleşdirýän «Bildiriş tagtalaryny bezemegiň Tertibi» (mundan beýläk – Tertip), «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 2-nji bendiniň hem-de teatr we teatr işini kadalaşdyrýan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tabynlygyndaky teatrlaryna, teatr guramalaryna, döwlet sirkine we beýleki tomaşa edaralaryna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tertipde döredilip hasaba alnana, hususy we höwesjeň teatrlara degişli bolup durýar.

II bap. Teatrlaryň, teatr guramalarynyň, döwlet sirkiniň we beýleki tomaşa edaralarynyň «Bildiriş tagtalaryny bezemegiň Tertibi»

3. Teatrlaryň, teatr guramalarynyň, döwlet sirkiniň we beýleki tomaşa edaralarynyň bildiriş tagtalarynda, (afişalarda, resmi internet saýtlarda, neşir, teleradio we elektron habar beriş serişdelerde) mahabat bildirişini berýän edaranyň ady we salgysy, sahna oýunlarynyň, tomaşalarynyň görkezilýän ýeri, senesi, başlanýan we tamamlanýan wagty, meýilleşdirilýän ilkinji görkezilişi, petekleriň bahalary, olary satyn almagyň we yzyna gaýtarmagyň şertleri, tomaşaçylaryň aýratyn toparlaryna berilýän ýeňillikler hem-de sahna oýnuny görmäge ýaş çäklendirmeleri, petek kassasynyň, petekleriň satylmagyna jogapkär administratoryň telefon belgisi, geçirilýän göçme saparlar (gastrollar), tomaşa jaýynda tomaşaçylaryň dynç almagy üçin ýerine ýetirilýän tölegli hyzmatlaryň görnüşleri we bahalary we beýleki maglumatlary görkezmek bolar.

4. Teatrlaryň, teatr guramalarynyň, döwlet sirkiniň we tomaşa edaralarynyň mahabat bildirişlerinde habar bermegiň şu aşakdaky görnüşlerini ulanylyp bilner:
1) bir aýlyk (hepdelik) jemleýji repertuar afişasy;
2) binanyň öňündäki mahabat bildiriş tagtasy;
3) Teatrlaryň, teatr guramalarynyň, döwlet sirkiniň we beýleki tomaşa edaralarynyň internet ulgamyndaky resmi saýty;
4) neşir, teleradio we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri.

5. Mahabat bildirişleri adamyň milletiniň, teniniň reňkiniň, jynsynyň, gelip çykyşynyň, emläk we wezipe ýagdaýynyň, ýaşaýan ýeriniň, diliniň, dine garaýşynyň, syýasy ynançlarynyň, haýsydyr bir partiýa degişlidiginiň ýa-da degişli däldiginiň alamaty boýunça kemsidilmegini aňlatmaly däldir.

6. Döredijilik ýa-da tehniki ýagdaýlar sebäpli, teatryň, teatr guramasynyň, döwlet sirkiniň ýa-da tomaşa edarasynyň bir aýlyk (hepdelik) repertuaryndaky tomaşanyň ýa-da sahna oýnunyň adyny, görkeziljek senesini, başlanmaly wagtyny üýtgetmäge hukugy bardyr hem-de girizilen üýtgetmeler baradaky maglumaty öňünden halk köpçüligine ýetirmäge borçlydyr.

7. Teatrda, teatr guramasynda, döwlet sirkinde ýa-da tomaşa edarasynda görkezilýän sahna oýunlarynyň, tomaşalaryň esasy mahabatlarynyň bir görnüşiniň daşarky mahabat bildirişler tagtasydygy sebäpli, teatryň, teatr guramasynyň ýa-da döwlet sirkiniň binasynyň öňünde goýulýan bildiriş tagtasynyň sahna oýnuny, tomaşany mahabatlandyrmagy oňa bolan gyzyklanmany döretmäge ýa-da goldamaga ýardam etmelidir hem-de onuň daşky görnüşi we mazmuny bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

8. Bildiriş tagtasyna esasy talap – edilýän mahabatyň takyklygy we hakykylygy, şeýle-de ahlak taýdan zyýan ýetirmeýän görnüşleriň we serişdeleriň peýdalanylmagy bolup durýar.
Mahabatda diňe etiki, ynsanperwerlik, ahlak, edep-ekram kadalaryny bozmaýan habarlary ýa-da daşyndan görülýän şekilleri bermäge rugsat berilýär. Çagalar üçin görkezilmegi niýetlenilýän tomaşalaryň mahabat bildirişlerinde, çaga aňynyň aýratynlyklary we çagalarda gyzyklanma döretjek beýleki ýagdaýlar göz öňünde tutulmalydyr.

9. Bildiriş tagtalaryndaky mahabaty çap etmek ýa-da surat çekmek arkaly taýýarlap bolar. Mahabatda ýerleşdirilýän hökmany maglumatlar we suratlar açyk-aýdyň harplar we reňkler, şeýle-de mahabat meýdanynyň esasyny düzýän reňkden tapawutlanýan reňk bilen ýerine ýetirilmelidir. Mahabatdaky bar bolan maglumaty takyklaşdyrýan, mahabatda oýny goýan režissýor we sahnalaşdyrylan eserde baş keşpleri ýerine ýetirýän aktýorlar barada maglumatlar, telefonlaryň belgileri, internet saýtynyň ady we beýleki gyzyklanma döretjek maglumatlar has uly ölçeginiň ýarysyndan kiçi bolmadyk ölçegdäki şrift bilen açyk-aýdyň harplar arkaly ýazylmaga degişlidir.
Eger-de, teatryň, teatr guramasynyň, döwlet sirkiniň öz hususy nyşany (resmi ady, derejesi, emblemasy) bar bolsa, onda bildiriş tagtasynda teatryň, teatr guramasynyň, döwlet sirkiniň hususy nyşanyny ulanmaga hukugy bardyr.
Sahnalaşdyrylan teatr eseri ýa-da tomaşanyň beýleki görnüşi, iş saparlarynda (gastrollarda), köpçülikde ýerine ýetirilýän we görkezilýän bolsa, onda mahabat bildiriş tagtasy köpçüligiň üýşýän ýa-da petekleriň satylýan ýerlerinde hemmelere görner ýaly edilip asylyp goýulmalydyr.
Mahabat bildiriş tagtalary teatryň, teatr guramasynyň ýa-da döwlet sirkiniň binasynyň daşky binagärlik keşbine zelel ýetirmeli däldir hem-de şähergurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň, howpsuzlyk talaplarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmelidir.

10. Teatrlary, teatr guramalary, döwlet sirki we beýleki tomaşa edaralary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen öňünden ylalaşmazdan, mahabat bildiriş tagtalarynda ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede we radioda, resmi internet saýtlarynda medeni-köpçülikleýin çäreleriniň tassyklanmadyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly maglumatlary ýaýratmaga hukuklary ýokdur.

III bap. Jemleýji düzgünler

11. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.