Baky bagtyýarlyk


Toý-baýram hakynda söhbet etmek iňňän ýakymly. Çünki toýdur baýram adamyň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Adam şol pursatlary hemişe bagtyýarlykda ýatlaýar.

Her bir baýramçylygyň özboluşly aýratynlygy, adama eçilýän lezzeti bolýar. Ýurduň, halkyň baky bagtyýarlygynyň baýramyny bir supranyň başyna jemlenip bellemek döwletliligiň nyşany. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry mähriban halkymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli seneleriň biridir. Ýigrimi dört ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy rezolýusiýanyň kabul edilmegi netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini berkarar edýär. Bitaraplyk düşünjesi we ýörelgeleri türkmen halkynyň durmuşynda parasatly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýar. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny dolandyranda hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Daş-töwereginde dostlaryny köpeldip, agzybirlige gol berip ýaşapdyr. Ýeri gelende şeýle bir durmuş wakasyna ýüzlenesimiz gelýär. Çaga mahalymyz ene-atalarymyz bize dostluk, agzybirlik hakynda gyzyklydan täsirli gürrüňleri bererdiler. Bir gezek enem: “Mähribanlyk adamy beýgeldýän häsiýetdir. Adam tanyş-nätanyşlygyna garamazdan, biri-birine mähriban garaýyşly bolmalydyr. Mähriban garaýyşlar, duýgular, pikirler adam kalbyny ýyladýar, şol ýylylyk hem daş-töwerege nur saçyp, dünýäni gözellige besleýär. Ýaşaýşyň sowuklygy ýalňyzlykda duýulýar. Şol sowuklygy mähribanlyk pagyş-para edip ýylatmaga ukyplydyr. Şonuň üçin kalbyňyza diňe ýyly pikirleri aralaşdyryň. Ol size adamlaryň we durmuşyň gözelliklerini görmäge, duýmaga kömek eder. Ýene-de mähriban kalply adamlaryň gylyk-häsiýeti sünnädir. Sünnä häsiýetli adamlar ýaşaýyş-durmuşyň bezegidir. Olar adamlara mähir goluny uzatmak arkaly ýagşylygy ýaýyp, dünýä aýlaýarlar. Tutuş barlyk adamlaryň mähri, ynsanperwerligi bilen gözelleşýär. Şonuň üçin mätäji goldap, ýykylana söýget bolmak halkymyzyň aňyrdan gelýän gowy gylyk-häsiýeti, ajaýyp ýörelgesidir” diýdi. Geçilýän ömür ýollary adamyň aňyny kämilleşdirýär. Enemiň söhbedine şol wagtlar känbir üns bermesek-de, soň magat düşündik. Mähribanlygyň mähribanlyk döredýändigini durmuş subut edýär. Ynha, şu durmuş mysaly arkaly hem türkmen halkynyň kalbynda ynsanperwerlik, mähribanlyk düşünjeleriniň hemişe pugta orun alandyna göz ýetirýärsiň.

Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň çäklerinde dünýä we goňşy döwletler bilen hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär. Dünýä döwletleri bilen alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklary Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende göterýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri, dünýä döwletleriniň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri, şeýle hem medeniýet we sungat festiwallary munuň aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen geçirilen “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly III halkara festiwaly hem dost-doganlygy, döredijiligi dabaralandyrdy.

Milli Liderimiz «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk döredýän we gurýan halkymyzyň nurana geljegini has-da berkitmäge, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Parahatçylyk söýüji Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, ysnyşykly gatnaşyklary belent derejelerde ösdürýär, berkidýär. Bu bolsa Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Bitarap Türkmenistan daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bile ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary berkitmäge, yzygiderli ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Ýeri gelende nygtasak, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi biz üçin örän buýsançlydyr.

Häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamy ählumumy ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde bütin dünýäde möhüm orny eýeleýär. Bütin dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň netijeli we deňagramly bolmagyna täsir edýän bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hem bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň, şol bir wagtda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarda möhüm orun eýeläp, şu babatda oňyn gatnaşyklary amala aşyrýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary hemişelik görnüşinde iş alyp barýarlar. Şeýle edaralaryň hatarynda Ösüş maksatnamasyny, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligini, Çagalar Gaznasyny, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligini, ilat gaznasyny mysal getirmek bolar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi parahatçylygy berkitmek, halklaryň arasynda doganlyk-dostlugy ösdürmek, başga-da ençeme halkara derejesindäki işleri amala aşyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşdirilmegi Bitarap döwletimize bildirilen ynamyň we goýulýan hormatyň belent nyşanydyr. Bu iri merkeziň açylmagy sebitleriň parahatçylykly we sazlaşykly ösmegi, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkemegi babatda zerur şertleri döretmekde dünýä bileleşiginiň alyp barýan işleriniň ugrunyň birdigini tassyklaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kabul etmegi we hormatly Prezidentimiziň gol çekip tassyklamagy netijesinde kabul edilen “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenilýär. Şol gün ýurdumyzyň ähli künjegi baýramçylyk ruhuna beslenip, agzybir halkymyz baky bagtyýarlygyň baýramyny toýlaýar. Bagt, bagtyýarlyk sözlerine her bir adam öz düşünjesine görä jogap berýär. Adamzadyň esasy bagtyýarlygynyň ýurduň abadanlygynda, halkyň agzybirligindedigini gypynç etmän aýtsa bolar. Hut şu nukdaýnazardan hem hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny berkitmäge halal zähmetimiz bilen goşant goşmalydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt, halkara bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.