TELEFON BELGISI

+99312 57-23-53

+99312 57-23-60

+99312 57-23-52

SALGYSY

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şaýolynyň 26-njy jaýy

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň mähir-yhlasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi netijesinde, «Akylly» şäherde birnäçe edara binalary we medeni desgalary öz işine başlady. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açyldy.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki 3 gatdan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 12 gektara barabardyr. Umumy meýdanyň 3750 kw.metri atlar üçin gezim edilýän meýdança niýetlenendir. Sirkiň esasy merkezi Sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen diametri 13 metr tegelek meýdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metrdir.

Binanyň esasy aýratynlygy nal şekilini sypatlandyrýan äheňde ýerine ýetirilip, 42,8 metr beýiklikde bolmagydyr. Sirkiň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlardyr döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy häzirki zaman atçylyk däpleriniň mynasyp dowam etdirilmegine, oýunlaryň birkemsiz guralmagyna mümkinçilik berýär. Binanyň 1-nji gatynda 1500 tomaşaça niýetlenen tomaşaçylar zaly, 4 sany 1500 orunlyk garderob otagy, çykyş edilýän esasy we türgenleşik manežleri, grim otaglaryň 22-si, hersi 70 orunlyk 2 sany kafeteriýa, kassa otaglarynyň 8-si, lukmançylyk otaglarynyň 3-si, haýwanlar üçin aşhana, saklaýyş otagy, hajathanalar we duş, tehniki, hyzmat ediş otaglary hereket edýär.