Iki sungat birleşende
Türkmen bedewleriniň owadanlygy mydama biziň ýurdumyza gelen jahankeşdeleriň, alymlaryň öwgüsine mynasyp bolupdyr. Daşary ýurtly atşynaslar ahalteke bedewlerini görüp: «Hakyň ýaradany iki bolsa, biri şu, ýeke bolsa, özi şu» diýipdirler. Ahalteke bedewleriniň görküne görk goşmakda, yssy-sowukdan goramakda, türkmen zenanlarynyň örän uly zähmeti siňendir. Atlaryň dürli-dürli derlikleri, atkeçeleri, ýapynjalary, bezeg jullary zenanlarymyzyň el işleridir. Haly önümleriniň taryhyna ser salsak, atlara urulýan haly horjunlarynyň gadymy döwürlerden bäri öndürilip gelnendigini bellemelidiris. Bulardan başga-da, halyçylyk sungatynyň bir görnüşi bolan keçe önümleri hem ir wagtlardan bäri, atyň esbaby hökmünde köp ulanylypdyr. Keçe önümlerinden atlar üçin dürli atkeçeleri, içirgileri öndüripdirler.
Aýal-gyzlaryň taýýarlan atkeçeleri dürli-dürli bolupdyr. Olar atyň derini çekmek, eýeriň atyň endamyna zeper ýetirmezligi we eýeriň üstüne atmak üçin taýýarlanylypdyr. Atlaryň üstüne ýapylýan keçeleriň iki görnüşi bar. Büreme keçe — basyrgy boýy on sekiz, ini on garyş bolup, at hereketsiz duran wagty üşemezligi üçin salynýan keçe. Müngi keçe — boýy on iki, ini alty garyş bolan keçedir.
Tekeltgi üç gat keçeden we bir gat teletinden edilýän, eýeriň atyň endamyna batmazlygyny üpjün edýän esbapdyr. Ol Mahmyt Kaşgarlydan başlap, häzirki türki dillerde dürli şekillerde gelmek bilen, şol manyda ulanylýar. Tekeltgä degişli bolan ýona sözi, köplenç Daşoguz töwerekleriniň atçylarynyň dilinde ulanylýar. Ýona sözünden ýasalan ýonaçy sözüniň manysy diňe ýona tikýäni däl, eýsem, teletin, gaýyş, keçe ýaly ýumşak materiallar bilen iş salyşýan ussany hem aňladýar.
Içirgi eýeriň aşagyndan atyň arkasyna salynýan, aty tenine ýara düşmekden, sowukdan, çybyn-çirkeýden goramaga hyzmat edýän keçe bolup, ony aýal-gyzlar taýýarlapdyrlar. Derlik — içirgiden aşakda goýulýan kiçijik keçe. Bu önüm hem türkmen zenanlarynyň el zähmeti bilen taýýarlanylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, derlik atyň endamyndan çykan deri özüne siňdirmek üçin hyzmat edýär. Bedeniň derini siňdirmäge niýetlenen başga zatlar babatynda-da ulanylan bu söz ilkibaşda has umumy mana eýe bolan bolsa gerek. Derlik sözi türkçe «şypbyk» manysynda ulanylýar. Onuň «ýeňil geýim» ýaly manyda ulanylmagy-da munuň bir mysalydyr.
Türkmen dilinde at eşiklerini aňladýan jul, köýnekçe, atkeçe, basyrgy, tekeltgi (tegeltgi), ýapynja sözleriniň bardygy atyň adamdan soň, dürli eşikleri — örtgüleri geýýändigine şaýatlyk edýär. Meselem, at üşemez ýaly atylýan basyrgynyň üstünden salynýan örtgä jul diýilýär. Juluň öň tarapdan çykyp, atyň kükregini ýapyp durýan iki bölegine juluň goljugy diýilýär. Köýnekçe bezegli juldur. Ol atkeçäniň üstünden atylýar. Ýapynja atçylykda atyň üstüne atmak üçin keçeden edilýän örtük. Häzirki döwürde ýapynjalaryň dürli mahmallardan, matalardan hem taýýarlanylýar. At çapyşyklarynda atyň ady ýazylan ýapynjalaryň hem atlara atylýandygyny görmek bolýar.
Bagtyýarlyk döwrümizde halyçylyk we atçylyk sungatynyň ösmegi netijesinde, at esbaplary täsin kaşaň görnüşe eýe boldy. Atlaryň üstüne atylýan haly önümleriniň dürli görnüşleri toý-baýramlarda türkmen bedewleriniň bezegine öwrüldiler. Eýeriň aşagyndan, üstünden atylýan halyçalar, uly toýlarda atlara ýapylýan, halydan dokalan jullar indi aňrybaş gözellige eýe. Bulardan başga-da, atlaryň boýnuny bezeýän alagaýyşlaryň hem halydan dokalan görnüşleri özüniň köpdürlüligi bilen gözüňi dokundyrýar. Şeýle haly önümlerde, ýagny haly alagaýyşlarda atyň adynyň ýazylýandygyny hem görmek bolýar. Diýmek, şeýle alagaýyş her bir at üçin aýratyn dokalýar.
At esbaplaryndan başga-da, aýal-gyzlaryň örýän alaja ýüpleri, dokaýan haly önümleri önümleri atçylykda bezeg hökmünde giňden ulanylýar. Halydan edilen alagaýyşlar, boýunbaglar atlara söýgi bilen dakylyp, olara mähir-muhabbetlik şuglasyny çaýýar. Gelin-gyzlaryň ellerinden çykan dürli alajalar atlary göz-dilden goramak üçin ulanylýar. Ýaňyja doglan taýjagaza söýgi bilen: «At arkasy gutly bolsun!» diýip, derrew alaja dakylýar, boýunjagazyna alajaly dogajyk tikip asýarlar.
Türkmen zenanlary atlar üçin horjun, attorba ýaly zatlary hem dokaýarlar. Horjun — içine gerek-ýarak salnyp, her gözi atyň bir gapdalyna düşer ýaly atylýan, köplenç, kilim görnüşinde ýa-da galyň matadan tikilýän, çitilip dokalýan esbap. Attorba bolsa ata iým bermek üçin niýetlenip, atyň kellesine geýdirilipdir.
Atçylykda haly önümleri diňe atlary bezemek üçin ulanylanok. Halylaryň atçylykda baýrak hökmünde ulanylyşy hem öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Bu iki sungat bileleşip, türkmen toýlarynyň bezegi bolupdyr. Bu bolsa türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan argamak atlara gelin-gyzlaryň kämil el hünäriniň siňendigini aňlatmak bilen, ol dünýä sungatynyň gözelligine öwrüldi.
Aýnabat OSMANOWA
