Abu Aly Ibn Sina
Gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibn Sina 980-nji ýylda Buharanyň golaýyndaky Afşana diýen obada dünýä inýär. Akyldar «Ikinji mugallyma», ýagny Abu Nasr Al Faraba özüniň halypasy hökmünde garapdyr: «Ol (Faraby) körlere ýagtylyk berdi, ol biziň mugallymymyz» diýip, öz ruhy halypasyna uly sarpa bilen garapdyr.
Ibn Sinanyň ömrüniň belli bir bölegi saparlarda geçipdir. Ol özüniň gymmatly eserleriniň köpüsini şu saparlar wagtynda döredipdir. Ibn Sinanyň Merkezi Aziýanyň ençeme ylym ojaklarynda, şol sanda Köneürgenç hem-de Nusaý şäherlerinde ylmy işlerini ýazandygy we hassalary bejerendigi hakynda taryhy maglumatlarda duş gelmek bolýar. Ibn Sina iň köp kitap ýazan alymlaryň biridir. Onuň eserleriniň sany 450-den gowrak bolup, olar filosofiýa, lukmançylyga hem-de ylmyň beýleki dürli ugurlaryna degişli işlerdir.
Ibn Sina Gürgenjiň, Merwiň, Buharanyň iri kitaphanalarynda saklanan gadymy grek alymlarynyň — Gippokratyň, Galeniň we beýleki akyldarlaryň lukmançylyk bilen bagly arap diline terjime edilen eserlerini içgin öwrenipdir. Alym öz ýazgylarynda lukmançylyk ylmy hakynda şeýle belläp geçýär: «Lukmançylyk kyn ylymlardan däl, şonuň üçinem men ony şeýle bir gysga wagtyň içinde öwrendim welin, lukmançylygyň iň bir güýçli adamlary hem lukmançylyk ylmyny menden öwrenmäge başladylar».
Akyldar 16 ýaşyndaka Buhara emiri Nuh Ibn Mansury agyr keselden halas edip, onuň köşk kitaphanasyndan peýdalanmaga mümkinçilik alýar. «Men bu kitaphanada şeýle bir kitaplar tapdym, olar hakda ozal eşitmändim we olary şondan soňky ömrümde hiç haçan görmedim» diýip, gymmatly hem seýrek kitaplary ezberlik bilen okap, ylmy dünýägaraýşyny baýlaşdyrandygyny ýatlaýar.
Ibn Sina 21 ýaşynda ilkinji uly göwrümli kitabyny «Al-Majma» ýa-da «Al-Aruzy» («Ýygyndy») atly ylmyň birnäçe ugurlary hakynda söhbet açýan eserini ýazýar. Soňra şol döwrüň belli tefsirçi alymy Abu Bakr Barakanyň haýyşy boýunça fikh we pelsepe mazmunly «Al-Hasil wa-l-mahsul» atly 20 tomdan ybarat kitabyny hem-de «Kitab al-birri wa-l-ism» («Oňat iş etmegiň we günäniň kitaby») atly eserlerini ýazýar.
Garahanlylaryň Buharany basyp almagy sebäpli Ibn Sina Gürgenje (Köneürgenç) göçmeli bolýar. Ol wagt Ibn Sina 32 ýaşynda eken. Akyldar bu ýerde Abu Reýhan Biruny, Ibn Yrak, Mäsihi, Hammar we beýleki alymlar bilen ýakyndan tanyş bolýar. Olar bilen birlikde «Mamunyň akademiýasynda» zähmet çekýär. «Ömür ýazgysy» atly terjimehal işinde ýazyşyna görä, Ibn Sina Gürgençden soň Nusaý we Abywert şäherlerinde birnäçe ýyl ýaşapdyr. Jürjen şäherinde özüniň geljekki şägirdi Abu Ubeýt Jüzjany bilen tanyş bolýar. Akyldar bu şäherde 46 sany ylmy eserini, şol sanda «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly meşhur eseriniň birinji bölümini ýazýar.
Mahmyt Gaznawynyň yzarlamalary sebäpli Ibn Sina Jürjenden Reý (Tähran) şäherine göçmeli bolýar. Reý şäheriniň hökümdary Mejd-ed-Daula gara basma keselinden saplanmaga kömek edýär. 1015-nji ýylda Ibn Sina Eýranda ýerleşýän Hemedan şäherine barýar. Hemedanyň emiri Şams Daulany içagyry keselinden halas edýär. Emir akyldary özüne wezir belleýär.
Akyldar 1023-nji ýylda dogany Mahmyt hem-de öz şägirtleri bilen Yspyhana barýar. Ony şäheriň ilaty ýokary derejede garşy alypdyr. Yspyhan şäheri beýik akyldaryň has öndümli işlän, zähmet çeken ýeri hasaplanýar. Ol bu ýerde «Logika», «Almagest», «Danyşnama» atly pelsepewi eserlerini, 18 tomdan ybarat «Aş-Şifa» («Şypa»), «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly iri göwrümli eserlerini ýazyp tamamlapdyr. Ibn Sina 1037-nji ýylda 57 ýaşynda Yspyhanda aradan çykýar, ol Hemedanda jaýlanylýar. Soňra birnäçe aýdan soň alymyň mazary Yspyhana, emiriň kümmetine göçürilýär.
Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseri XII asyrda latyn diline terjime edilýär. XII asyrda ýaşan Nyzamy Aruzy Samarkandy diýen alym: «Kanun» bilen tanşylandan soň, galan lukmançylyk kitaplaryny okamak artykmaçlyk eder» diýip, onuň ähmiýetine ýokary baha beripdir.
ROWAÝAT. Lukman özüniň ömrüniň ahyrlarynda, ölüminiň golaýlaşandygyny aňyp, ony duýup, oňa garşy göreşmegi ýüregine düwüpdir. Ol kyrk dürli derman taýýarlap, olary kyrk gaba guýupdyr. Dermanlary öz wepaly okuwçysy Jüzjana berip, özi aradan çykansoň, şu dermanlary ýeke-ýekeden agzyna damdyrmagy tabşyrypdyr. Akyldar haýsy dermany haçan we nähili yzygiderlilikde bermelidigini şägirdine aýdyp gidipdir. Ibn Sina ölenden soň, Jüzjany onuň tabşyrygyny berjaý edipdir. Gudrat bilen Ibn Sina özüne gelip başlapdyr. Kyrkynjy dermany guýmaly bolanda bu gudrata haýran galan şägirdi soňky dermany elinden gaçyrypdyr, derman ýere dökülipdir.
Bu rowaýatyň üsti bilen beýik lukmanyň farmakologiýadan oňat baş çykarandygyny, peýdaly dermanlary ýasap bilendigini göz öňüne getirmek mümkin.
Ýusup TUWAKOW
