MILLI SEÝISÇILIK TEJRIBESI


MILLI SEÝISÇILIK TEJRIBESI



Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän milli mirasymyz, ruhy-medeni gymmatlyklarymyz jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde möhüm orun tutýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir» diýip, belleýşi ýaly, ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek we wagyz etmek boýunça ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Halkymyzyň dünýä nusgalyk naýbaşy milli gymmatlyklarynyň biri hem ahalteke türkmen bedewleridir. Bedew at türkmen ýigidiniň ýow güni ýoldaşy, gamly güni gardaşy, toý güni uçar ganaty bolup, türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle bolansoň seýisçilik sungatynyň türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde terbiýe mekdebi bolup hyzmat edendigini we bu mekdebiň esasynda dünýä nusgalyk ahalteke bedewleriniň ýetişdirilendigini aýratyn belläsimiz gelýär.

Seýisçilik hem sungat, çünki bu sungatyň dünýä beren gymmatlygy bolan ahalteke bedewleri adam eli bilen sünnälenip döredilen we gaýtalanmajak gözelligi bilen haýrana goýýan eseri ýadyňa salýar. Ata-babalarymyz «Aty at edýänçä, eýesi it bolar» diýen pähimi döredipdir. Munuň özi seýisçiligiň irginsiz zähmeti, yhlasy talap edýän kärdigini ýene bir gezek subut edýär. Seýisçilik atlara ideg etmegiň taryhy tejribesine daýanýan sungat. Seýis ata taýçanaklygyndan başlap baş öwredip ugraýar. Seýisçiligiň tejribesinde çapyşyga gatnaşdyryljak atlara aýratyn ideg edilendigi baradaky maglumatlara köp duşmak bolýar. Beýle atlar alada bilen gurşalyp alnypdyr, atyň arkasyna bir-iki gat keçeden basyrgy ýapyp, gijesine we gündüzine gezdirilipdir, arassa ak çägäniň üstünde agynadylypdyr. Atyň endamyndaky artykmaç ýaglar çykarylypdyr. Şundan soň hem at teşnelik bilen suw içse, onuň endamyndaky artykmaç ýaglar doly çykmadyk hasaplanypdyr we täzeden seýislemek işleri dowam edipdir. Seýisçilik sungatynyň hem özboluşly tärleri, syrlary, usullary bolupdyr.

Seýisçilik seýisden sabyrlylygy, ýadamazaklygy, kanagatlylygy talap edýär. Halk arasynda ökde seýisler bolupdyr. Olar gylykly bedewleri ösdürip ýetişdiripdirler. Tejribeli seýisler atyň gowy seýislenendigini, sagatlygyny, çydamlylygyny, çapuwa goýberip boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny atyň daşky görnüşinden, tezeginden, endamyndan, gylyk- häsiýetinden bilmegi başarypdyrlar. Çyn bedewler arpa we körpe bilen iýmitlendirilip, suwa derek süýt berlipdir, söýgi bilen bakyp-bejerilipdir. Olar bilen ynsan ýaly sözleşilipdir. Dertleşilipdir. Mähir-muhabbet alşylypdyr. Şeýle bolansoň ynsan mährini duýup ulalan, üşükli, syzgyr, duýgur bedewler kemala gelipdir. Atlar üstünde oturan adamyň ruhy halyny bilýär diýilýär. Seýisçilik sungatynyň we atlaryň türkmen durmuşynda tutýan orny barada gürrüň edilende ilki bilen Göroglyny daglardan aşyrýan, onuň gardaşyna, syrdaşyna öwrülen Gyrat göz öňüňde janlanýar. Gyrat eposyň baş gahrymany bilen bilelikde eseriň başyndan aýagyna çenli hereket edýär. Epos türkmen halkynyň dünýä mirasyna goşan gymmatlyklarynyň baý goruny özünde jemleýän halky eser bolmak bilen, türkmen aty we atşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty barada gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Gyrat eseriň baş gahrymanlarynyň biri. Çünki döwürler içinde türkmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bu janaweri her bir maşgalada birinji orna geçiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly:

Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty,
Şuny belli biliň, ýokdur gaýraty –

diýilýän zamana aty ynsan durmuşynyň iň möhüm zerurlyklarynyň birine öwrüpdir. Eserde bedew atyň ýetişdirilişine, oňa ideg edilişine, baş öwredilişine, türkmen atynyň söweş hereketlerine, ynsanpisint häsiýetlerine giňden orun berilýär. Eposyň «Göroglynyň döreýşi» şahasynda Görogly Gyratyny taryp edip, onuň ýaşy bilen baglanyşykly eýe bolýan häiýetlerini, ýaş aýratynlygyna görä kemala gelşini beýan edip şeýle diýýär:

Bedew atyň tarypyny aýdaly,
Her hünäri üç ýaşynda bellidir.
Boz duman aýakly, bazbent toýnakly,
Gözi dag başynda, burny ýellidir.

Görogly merdana türkmen ýigitleriniň iň gowy häsiýetlerini özünde jemleýän, edermen, gaýratly, şahandaz, harby tälimli, şahyr, ýol tapyjy, ökde syýasatçy adam. Ol seýisçilik mekdebiniň hem ökde tälimçisidir. Şeýle bolansoň ol türkmen bedewleriniň her ýaşdaky gylyk-häsiýetlerini beletlik bilen beýan edýär:

Üç ýaşyndan gadam goýsa bäşine,
Ulalanda, gol ýetmesin başyna.
Awçy kimin gözi degre-daşyna,
Ugrasa söweşe, bäsi bellidir.

Söweş üçin seýislenen bedewler berdaşly, harby tälimli, söweşiji atlar edilip ýetişdiripilipdir. Türkmen seýisleri atlara terbiýe bermek bilen olara söweş tälimlerini hem öwredipdirler. Türkmen seýisçilik mekdebinde atlar ýörite dabaraly ýörişler üçin, söweşmek üçin, at üstündäki dürli oýunlar üçin türgenleşdirilipdir. Atlar taýçanaklygyndan beden taýdan gelşikli we gylygy taýyndan häsiýetli bedewler edilip terbiýelenip başlanypdyr. Berilýän maglumatlara görä olara duşmana agyz urmak, haýkyryp topulmak, öň aýaklaryny galdyryp urmak, art aýaklary bilen depmek ýaly söweş tälimleri hem öwredilipdir. Şonuň üçin Görogly:

Ner kimin mes bolar ýedi ýaşynda,
Ýeter ganymlary getir gaşynda.
Laçyn kimin gözi degre-daşynda,
Gyratyň owazy-sesi bellidir –

diýip, söweşde duşmandan üstün çykmak üçin atlara uly ornuň degişlidigini belleýär. Seýisler ol hereketleri, ýagny söweş tälimlerini söweş atlaryna öwredipdirler. Beýleki atlara bolsa ol hereketleri diňe söweş meýdanynda ulanmagy öwredipdirler.

Eposda Görogla mynasyp atyň ösdürilip ýetişdirilişi, türkmen atynyň tohum at hökmünde seçilip alnyşy jikme-jik beýan edilýär. Gyrat Göroglynyň şat gününde-de, gamly gününde-de hemaýatçysy, uçar ganaty, söweşdeş ýoldaşy. Gyrat Görogly üçin öz janyndanam gymmat. Ol özüne 120 ýaş dilände atyna hem dileýär. Arap Reýhan atyny atjak bolanda:

Saňa diýrem, Arapreýhan,
Atym atma, meni öldür –

diýmek bilen, atyny öz şirin janyndanam eý görýändigini beýan edýär. Gyrat özüniň gelşikli syraty, syzgyrlygy, söweşijiligi, ynsan ýaly duýgurlygy bilen türkmen atynyň şöhratyny äleme ýaýýar. Göroglyny başy belent daglardan aşyrýan, suwsuz çöllerden geçirýän Gyrat, duşmanlar üçin Göroglynyň özi bilen deň-derejede howp salýar. Şonuň üçin Mustapa beg:

Serime saldyň sen duman,
Men bu gün çagyrdym aman,
Özüňdenem atyň ýaman,
Aman-aman, Görogly beg!
diýýär.

Eposdaky Göroglynyň Öwez ogluna ýüzlenip: «Oglanlyk eýleýip güýjüň ýetmese, Gyraty erkine goýmagyň gerek» diýen sözleri Gyratyň söweş meýdanynda tutýan ornuny, söweşijilik häsiýetini açyp görkezýär.

Söweşlerde Göroglynyň ýeňiş gazanmagynda Gyrata uly orun degişli. Eserde Görogly:

Meniň bir bedew atym bar,
Atylyp girse meýdana,
Ganymyny gan eňreder,
Tozany meňzär dumana –

diýmek bilen söweş wagty özi bilen deň-derejede hereket edýän, duşmana algyr laçyn kimin topulýan Gyratynyň waspyny ýetirýär.
Gyrat eposyň esasy gahrymany bolan Görogly bilen aýrylmaz baglanyşykly hereket edýär, suratlandyrylýar. Eposdaky wakalar türkmeniň bedew ata bolan gatnaşygynyň we garaýşynyň hamyrmaýasy bolup, seýisçilik sungatynyň tejribeleri garry seýis Jygalybegiň we onuň tälimini alan Göroglynyň keşpleri we hereketleri bilen yzarlanylýar. Göroglynyň ölüm pursatynda hem Gyrat Göroglynyň ýakyn hemdemi hökmünde gözlerinden ýaş döküp ynsan ýaly aglaýar, oňa howandarlyk edýär. Eserde gamly gün gardaş saýylan, ýow güni ýoldaş saýylan, kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan, gerek ýerinde duşmana mert gaýtawul berip bilýän Gyratyň wepalylygy «Göroglynyň ölümi» şahasynda has-da ýokary derejä ýetirilýär. Bu wakada Göroglynyň Gyrata gardaşym-syrdaşym diýip ýüzlenmeginiň manysy doly çözlenýär:

«Indi habary Gyratdan eşidiň, göwsünden naýza çümüp, ýaraly bolandan soň, bu ýygynyň yzyndan galyp, Göroglynyň ýatan gowagyna geldi. Barsa, Görogly başsyz läş bolup gana boýalyp ýatyr. Gyrat el-aýaklaryna çenli, boýdan-başyna ysgap çykdy-da, edil adam ýaly, gözünden ýaş döküp, aýylganç-aýylganç kişňedi, çarpynyp başlady, ganyny tasadyp, dumly-duşuna çapdy, daglaryň başyna çykyp kişňedi, derelere düşüp kişňedi. Ylgap gelip kellesiz ýatan Göroglynyň başujunda şeýle bir gygyrdy, onuň sesi dag derelerini ýaňlandyrdy, sesinden dagdaky mör-möjekler durup bilmedi. Gyrat çirkin-çirkin gygyryp, Göroglynyň başujunda çabalanyp jan berdi». Gyrat Göroglynyň ölümine ynsan ýaly ses edip aglaýar. Eýesiniň ölendigini ynsan üşügi bilen aňlaýar. Daglary ýaňlandyryp ah urýar. Göroglysyz galan Gyrat janyna jaý tapmaýar.

Eposda bedew bilen ynsan gatnaşygy Görogly we Gyratyň keşbinde özüniň doly şöhlelenmesini tapýar hem-de bu gatnaşyk türkmen halkynyň öz bedew atlaryna bolan çäksiz hormatyny, gyzdan gylykly atlaryň wepadarlygyny doly açyp görkezýär.

Gyrat ganatym, diregim,
Şol ýetir mekana meni.

Türkmenistanda atçylyk, şeýle hem seýisçilik sungaty özüniň taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde Goňurdepeden tapylan taýçanagyň gubury, şeýle hem şol ýerden tapylan atlar türgenleşdirilende ulanylan üflenip çalynýan saz gurallary, Altyndepeden tapylan ýallary gyrkylan atyň kellesi we beýleki tapyndylar bu gadymy ülkede atçylygyň we seýisýçiligiň taryhyny uzak geçmişe sary alyp gidýär.

Halkymyzyň «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýip maşgala agzalarynyň biri deýin eý gören türkmen bedewleriniň şöhratly taryhyny, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän seýisçilik sungatynyň tejribelerini öwrenmekde Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby baý maglumatlary özünde jemleýän kitap hökmünde atşynaslar we mirasy öwrenijiler üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu ajaýyp kitapda «Gadymy pederlerimiz hut öz döwri üçin, öz hajatlary üçin zerur bolan atlary ösdürip ýetişdirmegi gazanypdyrlar. Şol döwürlerde bolsa olara söweşiji bedewler gerekdi we türkmenler şeýle atlary ýetişdirmegi gazanypdyrlar, şol atlaryň kalbyna buýsançlylygy, başarjaňlygy ornaşdyrmagyň hötdesinden geldiler» diýmek bilen türkmen seýisçilik mekdebi tarapyndan söweşiji atlaryň ýetişdirilendigi, olaryň söweş güni ýigitlere ruhy we söweş goldawyny berendikleri barada belläp geçýär.

Halkymyz bu ynsan üşükli atlary eldekileşdirip, at üstündäki oýunlaryň dürli görnüşlerini döredipdir. At üstündäki oýunlar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip biziň günlerimize getirilipdir. Olardan «atly göreş», «ýüp çolama », «at süsňetme», «telpek aldy», «telpek zyňdy», «çöwgen», «gökböri», «ýigitlik oýunlary», «at oýnatma», «at bökdürme», «ata bukulma we atly bukulma», «at çalyşma», «gamçyny ber», «çybyk kesdi», «jyryt», «är agdarma», «syrtmak atma», «altyn gabak» ýaly görnüşleri halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolup geldi. Halky dessanlarymyzyň islendiginde hem biz baş gahrymanlar maksat-myradyna ýetenden soň, uludan toý tutulyp, «at çapdyrylyp, altyn gabak atdyryldy» diýen jümlelere duşýarys. At üstündäki bu oýunlar toý-dabaralaryň bezegi, şowhuny bolan hem bolsa olaryň söweş pursatlarynda ähmiýeti uly bolupdyr. Maglumatlara görä at çapyşyklary, at üstündäki bäsleşikler harby tälim, türgenleşik ornuny tutupdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewlerimiziň sarpasy belentde tutulýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda atçylyk toplumlary, aýlawlar gurulýar, türkmen bedewiniň syratly keşbi Döwlet tugrasynda ýerleşdirildi, at çapyşyklary yzygiderli guralýar. Atlar gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem türkmen bedewiniň şanyna uludan dabaraly baýram edilýär.

Halkymyzyň arasynda şeýle aýtgy bar: «At agynan ýerinde toý bolar». Türkmen topragy türkmen bedewleriniň agynan topragy. At agynan mukaddes topragymyzda, eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýa ulaşsyn. Hemmämize toýdan ýetirsin. Milli gymmatlyklaryň mesgeni bolan mähriban Watanymyzyň baý we köpgörnüşli mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadag Prezidentimiziň jany sag, illeri aman, ýurdy hemişe abadan bolsun.

Ogultäç HOJANAZAROWA

Şonuň üçin “At rysgy alnynda, seýis rysgy özünde” diýen pähim döredilipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän milli mirasymyzy, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy halkyň arasyndan ýygnamak, olary ylmy esasda öwrenmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar.

Geçmişi şöhratly taryha beslenen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, edim-gylymy, däp-dessury bar. Durmuş tejribesi esasynda dörän bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir.

Halkymyz bu ynsan üşükli atlary eldekileşdirip, at üstündäki oýunlaryň dürli görnüşlerini döredipdir. At üstündäki oýunlar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip biziň günlerimize getirilipdir. At üstündäki oýunlaryň “atly göreş”, “ýüp çolama ”, “at süsňetme ”, “telpek aldy”, “telpek zyňdy”, “çöwgen”, “gökböri”,”ýigitlik oýunlary”,”at oýnatma”,”at bökdürme”, “ata bukulma we atly bukulma”,”at çalyşma”,”gamçyny ber”,”çybyk kesdi”,”jyryt”, “är agdarma”,”syrtmak atma”,”altyn gabak” görnüşleri halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolup geldi. At üstündäki bu oýunlar toý-dabaralaryň bezegi, şowhuny bolan hem bolsa olaryň söweş pursatlarynda ähmiýeti uly bolupdyr. At çapyşyklary, at üstündäki bäsleşikler harby tälim, türgenleşik ornuny tutupdyr.