Muhy bagşy Aman ogly
(1880-1971)
Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Nobatnyýaz Saýyly, Ýagşy tüýdükçi, Aman bagşy, Mäti bagşy, Oraz salyr, Muhy bagşy ýaly halk arasynda tanalýan köp sanly bagşy-sazandalaryň mekany Sarahs etrabydyr. 1903-1905-nji ýyllarda edilen ilkinji ses ýazgylarynyň kömegi bilen biz Oraz salyr, Oglan bagşy, Annaesen bagşy, Agajan bagşy ýaly türkmen aýdym-sazynyň ägirtleriniň aýdan aýdymlaryny diňlemäge mümkinçilik aldyk. Olaryň barysy güýjüni gaýgyrman, öz bilim-tejribelerini ata-babalarymyzyň täsin sungatyny geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirdiler. Salyr bagşylarynyň maryly we pendili ussatlar bilen yzygiderli döredijilik gatnaşyklary umumy däpleri baýlaşdyrmaga ýardam etdi» diýip bellenilýär.
Muhy bagşy Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň atly bagşysy Aman bagşynyň ogludyr. Onuň ýerine ýetirijilik sungaty özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Muhy Amanow 1880-njy ýylda Sarahsyň Kurjali obasynda dünýä inýär. Onuň ýüreginde ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna bolan söýgi döreýär. Şol söýgi hem ony sungat älemine atarýar. Muhy bagşy kakasy aradan çykansoň, onuň «mirasyny» dowam etdirýär. Onuň owadan, ýakymly, labyzly sesi diňleýjileri maýyl edip başlaýar.
Türkmen saz taryhynda uly orny eýeleýän Sarahsly bagşy-sazandalarynyň arasynda Muhy hem Sarahs heňlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýar. Muhynyň ilkinji halypasy – kakasynyň dosty, tanymal dutarçy Soltannyýaz bagşy bolupdyr. Soltannyýaz türkmen bagşylarynyň arasynda uly abraýa mynasyp bolupdyr. Oňa halk arasynda «Ussat» diýip lakam berlipdir. Ol birnäçe şägirt terbiýeläp ýetişdiripdir. Ol Muha kakasy Aman bagşynyň repertuaryny, ýoluny, ýerine ýetiriş usullaryny öwredipdir.
W.Uspenskiý we W.Belýaýew özleriniň «Türkmen sazy» diýen kitabynda: «Iň oňat we talapkär mekdebi geçen Muhy bagşy özüniň ýokary çeperçilikde, ösen tahnikada dutar çalyp bilmegi öwrenenligi üçin Sotannyýaza minnetdar bolmalydyr» diýip belleýärler. Ol toý-tomaşalarda ussatlyk bilen aýdym aýdyp, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Bagşy 1928-nji ýylda radio çagyrylýar. Ol dürli-dürli ýerlerde işleýär, ýaşlaryň arasynda bolup, ençeme şägirt ýetişdirýär.
Muhy bagşynyň aýdym žanryndaky çykyşy uzaga çekmeýär. Ol ýaňy 25-e ýetip, talantynyň pajarlap, gülläp ösýän döwründe, birden duýdansyzlykda sesden galýar. Muhy bagşy şondan soň aýdym aýdyp bilmeýär. Bu waka ýaş aýdymça örän agyr täsir edýär. Emma ol şonda-da özüni ýitirmeýär, öňküden-de ruhubelentlik bilen ady belli bagşylar: Oraz Salyra, Rejep Gylyja sazandalyk edýär. Muhy bagşy olar bilen Türkmenistanyň dürli ýerlerinde bolupdyr. Ol W.Uspenskiniň ýolbaşçylygyndaky etnografik ekspedisiýasyna ýakyndan kömek beripdir. Ony Sarahs etrabynyň bagşylary bilen tanyşdyrypdyr, gadymy türkmen aýdym-sazlaryny toplaşmaga kömek edipdir.
W.Uspenskiý Muhy bagşynyň özünden hem dutar üçin niýetlenen birnäçe sazy nota ýazyp alypdyr. Şolaryň içinde giňden ýaýran «Ýar gara gözli», «Saltyk», «Köçe bagy», «Gitme balam», «Gel bu gün ýara gideli», «Hajy golak», «Nejep», «Gandu şekerli», «Ezizim», «Garry han» diýen aýdymlary bar.
1935-nji ýylda ýurdumyzyň atly bagşy-sazandalarynyň uly topary Moskwa çagyrylyp, aýdym-sazlarynyň onlarçasy gramplastinka üçin ýazgy edilýär. Muhy bagşy hem Oraz salyr bilen şol ýazga gatnaşyp, «tükrmen bilbiliniň» özboluşly hörpde aýdan «Elden gider», «Tüni derýa», «Aýlansam», «Gyzylgül» ýaly aýdymlaryna, şeýle hem 1937-nji ýylda Moskwada bu bagşynyň ýerine ýetiren «Elden gider», «Ýok meniň», «Aýlansam» ýaly aýdymlaryna sazandarlyk edýär.
Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrlarynda, otuzynjy ýyllarynyň ortalarynda Aşgabatda birnäçe medeni ojaklar – Türkmen radiosy, Türkmen döwlet drama teatry, milli aýdym-saz toparlary işe başlaýar. Olara ýurdumyzda ady tanalyp ugran bagşy-sazandalar, ýaş zehinli oglan-gyzlar çagyrylýar. Täçmämmet Suhanguly, Garly bagşy Ilaman ogly, Oraz salyr Mäti ogly dagy bilen bir hatarda Muhy bagşy hem Aşgabada gelýär. Olaryň käbirlerine sazçylyk tehnikumynda oglan okatmak tabşyrylsa, bir topary Türkmen radiosynda çykyş etmäge saýlanyp alynýar. Ýene bir bölegi bolsa drama teatrynyň bagşy-sazandalar toparyny düzýär. Häli-şindi bolýan duşuşyklar, söhbetdeşlikler, jogapkärli çykyşlar Muhy bagşynyň gözýetiminiň giňäp, ýerine ýetirijiliginiň taplanmagyna ýol açýar. Diňe bir bagşyçylyk sungatyndan ýa-da aýdym-sazdan däl, eýsem şahyrana halk döredijiligimizdenem, milli edebi baýlygymyzdan hem giňden habarly bolan Muhy Aman ogly türkmen folklorçy, edebiýatçy alymlary bilen ençeme sapar duşuşyp, olardan köp zatlary öwrenýär. Öz bilýän maglumatlaryny hem jomartlyk bilen paýlaşýar.
Muhy bagşy Türkmen döwlet filarmoniýasyny guraýjylara hem ýakyndan kömek beripdir. Ol ýaşlara aýdym-saz öwretmekde-de halypalyk edýär. Şol döwürlerde konsertleriň köpüsi Muhy bagşysyz geçmeýär eken. Halypa bagşy ömrüniň köpüsini Sarahs etrabynyň Medeniýet öýünde çeper höwesjeňlere ýolbaşçylyk edip geçirýär.
60-njy ýllaryň ahyrlarynda Muhy bagşyny radionyň işgärleri Aşgabada çagyryp, birnäçe aýdym ýazyp alýarlar. Bagşynyň käbir aýdymlary telewideniýe üçin surata düşürilýär. Şonda oňa ussat dutarçy Çary Täçmämmedow sazandarlyk edýär. Jumaguly Hojamgulyýew, Bazar Tekäýew, Aky Orazdurdyýew halypanyň tälimini alan şägirtleridir. Muhy bagşy 1971-nji ýylda aradan çykýar.
Muhy Amanowyň halkyň öňünde bitiren hyzmaty göz öňünde tutulyp, oňa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakylýar.
Taýýarlan Çynar GURBANOW