Güläleklerden narlara çenli
Bahar pasly dowam edýär. Bahar diýlende, öňi bilen, köz kimin gülälekler, ýüregiň «dili» ýaly bolup açylýan çigildemler göz öňüňe gelýär. Şonda ýene bir görnüş kalbyňda janlanýar. Ol hem bolsa suratkeşiň ýaz paslyna bagyşlap, şonuň bilen baglanyşykly döreden eserleri. Türkmenistanyň halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annadurdy Almämmedowyň eserleri şeýle eserlerden. Bahar pasly reňklerden başlanýar. Suratkeşiň döredijiligi hem şeýle. Onuň eserlerinde ak reňk özüniň özboluşly lowurdysy bilen haýran etse, ümsümligiň açyk, ýagty reňki seni özüne maýyl edýär. Şol reňkiň üsti bilen bolsa ajaýyp täsinlikleri synlamak bolýar.
Suratkeşiň döredijiliginde, göwnüňe bolmasa, reňkler özara bäsleşýän ýaly bolup görünýär. Naryň, gülälegiň reňki bilen sireniň ýa-da Aý daglarynyň arasynda uzaklyk bolsa-da, şol bir wagtda olar biri-birine şeýle golaý hem mähirli. «Ejemiň portreti» atly işinde mertligiň, gaýratlylygyň, mähribanlygyň mizemez hem goýras reňki bar. Ol reňk suratkeşiň özüniň köp gezen, ömür boýy keşt edip ýören berdaşly belent daglaryndan nusga alana meňzeýär.
Annadurdy Almämmedowyň döredijiliginde tebigata egsilmez söýgini synlamak bolýar. Ol söýgi soňra bahara, dag-derelere, güllere bagyşlanylyp döredilen eserlere siňdirilipdir. Ol eserlerde türkmen topragyna baharyň getirýän gözelligi özboluşly suratlandyrylýar. Olarda dag-derelere baharyň gelşi has hem üýtgeşik. Magtymguly Pyragynyň taryp eden daglarynyň, Aý daglarynyň reňkleriň üsti bilen şuglalandyrylyşy şoňa mysaldyr. Biz şu ýerde «şuglalandyrmak» sözüni ýöne ýerden ulanmadyk. Hakykatdan hem suratkeşiň döredijiliginde reňkler şugla saçýar.
Ussat suratkeş öz döredijiliginde kalbyna golaý zatlardan söz açýar. 1937- nji ýylda doglan hem-de oglanlykda goýun bakan ýerleri bolan häzirki Serdar etrabynyň Bendesen obasynyň, şol töwerekdäki daglaryň nurana keşbi suratkeşiň agrasdan synçy nazary bilen kendiriň ýüzüne geçipdir. Edil şonuň ýaly, pagtaçylaryň, nar ýygýan gyzlaryň keşpleri hem, «Nohur» suratlar toplumy hem bir göreniň asla gözünden gitmeýär.
Paýtagtymyzdaky ýörite çeperçilik mekdebinden soňra Daşkendiň teatral çeperçilik institutyny tamamlan suratkeş gaýry halklaryň durmuşyndan hem birnäçe nakgaş eserlerini döredipdir. Halypa suratkeşiň dürli ýyllarda dürli ýerlerde guran şahsy sergileriniň sanawy uzak. Berdinazar Hudaýnazarowyň, Çingiz Aýtmatowyň, Ýazmyrat Mämmediýewiň, Mustaý Kerimiň eserleriniň sahna bezegini ýerine ýetirmegi onuň bu ugurdaky zehininiň hem ykrarnamasyna öwrülýär.
Türkmen topragynyň baýlyk berekedi, gözel tebigaty suratkeşiň eserlerinde dürli reňkleriň nurana aýdymyna çalym edýär. Munuň şeýledigini «Bereketli toprak», «Meniň ülkämiň baýlygy», «Baýramçylyga» atly eserlerde aýdyň görmek bolýar. Suratkeşiň reňkler bilen özboluşly «dil tapyşyny» onuň «Gyzyl küýzeli gülälekler» diýip atlandyrylan işinde ýakyndan synlamak bolýar. «Bahar gülleri» atly ýene bir işinde bolsa gülleriň gözellik şuglasy olaryň goýlan küýzeleriniň reňki bilen özara sazlaşýar. Reňkleriň täsin sazlaşygyny suratkeşiň «Halyçylar» atly beýleki bir eseri dowam etdirýär. Bu işde halyçy zenanlaryň lybaslaryndan başlap, olaryň ýumaklary, ýüplükleri, barça tebigat, ylla, älemgoşar kimin öwşün atýar.
Edil bahar ýaly, güýz pasly hem suratkeşiň eserlerinde reňklere baýlygy bilen şuglazar dünýäni açýar. Muňa güýzde bişip ýetişýän nar, nar agajy bilen bagly döredilen eserleri hem goşmak bolar. Gyrmyzy gözelligi bilen narlar bu eserlerde many agramyny hem özünde jemleýän ýaly bolup görünýär. Bellemeli tarapy, suratkeş öz döredijiliginde baharda gyzyl güläleklere uly orun berse, güýzde gyrmyzy narlar onuň döredijiliginiň esasy ýaly duýgyny kalbyňa salýar. Şunda ynsan ömrüni manyly ýaşamak — owadan güllemek, owadan miwe getirmek ýaly tebigat nusgalaryndan ybarat alýan ýaly. Olaryň ýalkymyndan kalbyňa düşýän şöhle hiç haçan öçmeýär. Ol güläleklerden daglara, ondan hem narlara çenli uzaýar. Şeýdip, dowam edip gidip barýar. Güläleklerden narlara çenli...
Aýjemal OMAROWA