Ynsan saglygy — gymmatly baýlyk
Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga, berkitmäge bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek maksady bilen saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ilata ýokary tehnologiýaly lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgesiniň medeniýetiniň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işler ugurlaýyn maksatnamalar we meýilnamalar boýunça alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly kitabynda: «Iň esasy mesele bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy hakdaky, onuň nesilleriniň geljegi hakdaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladalardyr. Men muny juda möhüm hasaplaýaryn» diýip belleýär.
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri raýatlaryň howpsuz we oňat hilli saglygy goraýyş hyzmatyny almaga bolan hukugynyň deňliginden, saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň öňüni alyş çärelerine we durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmeginden, eneligiň we çagalygyň goralmagynyň ileri tutulmagyndan, raýatlaryň zähmete bolan ukybyny ýitiren halatynda durmuş taýdan goraglylygyndan, saglygy goraýşyň ösüşiniň geljegini kesgitlemekde lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň birliginden ybaratdyr.
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde bolup geçýän howply ýokanç keseli bolan ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni almak ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär we howply keseliň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler yzygiderli güýçlendirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde: «Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler» diýip, halkymyzyň häzirki döwürde-de üzärlik ösümligini tütetmek arkaly ýagşy dessurlary dowam edýändigini belledi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň berk maddy enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi türkmenistanlylaryň we dünýäniň lukmançylyk jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Näsaglary bejermek ugrunda innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Howply keselleriň öňüni almak, olary wagtynda anyklamak hem-de ýok etmek, ýerli derman ösümliklerinden bejeriş serişdeleri almak, milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hem ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Gözel ORAZOWA