Sanly tehnologiýalara giň ýol


Sanly tehnologiýalara giň ýol



Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmaga, eziz Diýarymyzda hem-de bütin dünýäde ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde giňden ulanmaga, olary önümçilige we bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmaga, innowasion teklipleriň binýadyny döretmäge aýratyn üns berýär. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzda ylymly-bilimli sagdyn nesilleri kemala getirmek, täzeçil tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri işjeňleşdirmek boýunça oňyn işler alnyp barylýar. Şeýle-de häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usuly binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Mähriban Arkadagymyz okgunly ösýän tehnologiýalary hasaba almak bilen, bilim edaralarynda täze hünärleriň yzygiderli girizilmeginiň wajypdygyny aýdýar. Döwlet Baştutanymyz täze gurulýan okuw mekdepleriniň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip okuw toplumyna öwürmek, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar. Şeýle hem umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagyň wajypdygyny belleýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenilip durýandygyny nazara alyp, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullarynyň hem-de mugallymçylyk tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim ulgamyna birikdirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünärmenler, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallaryny işläp taýýarlamak işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy onuň aýdyň mysallarydyr. Ugurdaş edaralaryň arasynda özara tejribe alyşmagy, bilimiň ähli tapgyrlarynda ýokary hilli elektron maglumat üpjünçiligini ýola goýmak, bilimiň mazmunlaryny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary peýdalanmak, okatmagyň hilini dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen bilim edaralarynda okatmagyň sanly ulgamy işjeňleşdirilýär.

Şeýle il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

Begenç MÄLIKBERDIÝEW