Ynsany umyt hem ynam ýaşadýar
Halkymyzyň ajaýyp geljegi, ýurdumyzyň parahatçylygy we asudalygy ugrunda göreşen merdana ata-babalarymyzy ýatlanymyzda şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, parahat Watanymyza, şan-şöhrata beslenýän döwletimize bolan buýsanjymyz artýar. Her ýyl hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan uruş weteranlaryna we tylda zähmet çeken watandaşlarymyza pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, olara döwlet tarapyndan ähli ýeňillikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň haýyr-sahawatly kalbynyň nury bolup her bir ýürege ýylylyk çaýýar.
Uruş ýyllary hakynda söz gozgalanda, ilkinji nobatda, halypa bagşymyz, Türkmenistanyň Halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň: «Barha azalyp barýar, uruş weteranlary» diýen aýdymynyň owazy gulagyňda ýaňlanýar. Watan üçin şirin janyny orta goýup söweşen merdana ýurt goragçylarynyň her biriniň görkezen edermenligi nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup ýaşaýar. Gazaply urşuň pajygaly günlerinde aýralygyň zaryny çekmedik maşgala ýok. Kimler atadyr-agasyny urşa ýollasa, kimler söwer ýaryny ýollapdyr. Garabagyr eneler bolsa balasyny ýow üçin ýola salypdyrlar. Heniz-henizler hem aýralygyň zaryny çekip ýören mähribanlarymyzyň uruş hakyndaky ýatlamalaryny diňläniňde olaryň edermenliginiň öňünde baş egýärsiň.
Uruş weteranlarymyzyň, tylda zähmet çeken zähmet weteranlarymyzyň uruşda bolup geçen wakalar hakyndaberýän gürrüňlerini çagalykdan, has takygy mekdep ýyllarymdan bäri gyzyklanma bilen diňleýärin. Watan üçin şirin janyny gurban eden merdanalarymyzyň, ýar ojagyna wepaly bolup oturan enelerimize hormatymyz uludyr. Olaryň gowgaly günleri ýatlap beren gürrüňleri hakydamyzda hemişe ýaşaýar. Arada mähriban käbäm bilen çaý başynda bu merdanalar barada söhbet açdym. Ejem şonda öz mähriban käbesiniň eziz doganyny ýatlap, beren gürrüňlerini gussa bilen aýdyp şeýle diýdi:
—Daýym Meret Nurgylyjow 1922-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynda eneden dogulýar. Maşgalada 10 aýal doganyň içinde ýeke ogul perzent bolandygy üçin ol aýratyn ezizlenipdir. Daýym diýseň zehinli, okamaga höwesli, terbiýe taýdan juda göreldeli bolandygy üçin ony öz okan mekdebinde mugallym edip alyp galypdyrlar. 1941-nji ýylda urşuň başlanmagy bilen garry babam Nurgylyç Bagşyýewi şol ýyl fronta çagyrypdyrlar. Köp ýyllardan bäri ýarawsyzlyk tapynan garry babamyň saglyk ýagdaýyndan biynjalyk bolan Meret daýym harby wekillige kakasyna derek özüniň ugradylmagyny haýyş edip ençeme gezek ýüz tutup, meýletin fronta gidipdir. Emma kysmat öz täleýini özüçe ýazýar. Urşa gidende heniz öýlenip hem ýetişmedik perzendiniň hatlaryndan onuň özüni gözleýän ata aýralygyň gazaby diýseň agyr degýär. Bary-ýogy 2-3 gezek hat gelenden soň daýymdan hat-habar bolmaýar. Iň soňky hat 1944-nji ýylyň başynda gelip gowşypdyr. Uruş gutarandan soň oglunyň uruşda Leningrad frontunyň düzüminde Estoniýa SSR-iň Narwa raýonyny faşistik basyp alyjylardan boşatmakda alnyp barlan gazaply söweşlerde ýaralanyp, 1944-nji ýylda gahrymanlarça wepat bolandygy hakyndaky habaryň gelmegi ene-atany, gerçek ogluň aýal doganlaryny serpmeden gaýdan ýaly edýär. Oglunyň jesedini gözi bilen görmedik ene-atanyň bu habara hiç ynanasy gelmeýär. Olar ömrüniň iň soňkuja gününe çenli ogullarynyň gaýdyp geljegine ynanyp ýaşapdyrlar.
Ejem mamamyň her ýylyň 9-njy maýynda teleýaýlymlarda goýberilýän çeper filmlere dykgat bilen tomaşa edip: «Meret jan diridir, ol şu oglanlaryň içinde bardyr. Wah, arman bularyň hemmesiniň eşikleri birmeňzeş-dä, ýogsa men öz doganjygymy tanardym ahyryn!» diýýän sözlerini hem şu günki ýaly ýatlady. Esli wagt agras dymyp, gözýaşlaryny gyňajynyň çowy bilen süpürdi. Bu gün Hatyra kitabynyň 2-nji tomunyň 660- njy sahypasynda daýym Meret Nurgylyjowyň adynyň, şeýle-de Watan üçin şirin janyny gurban eden ata-babalarymyzyň atlarynyň bolmagy bizi buýsandyrýar. Çünki Watan ogullarynyň şöhratly ömri gül açan Watanymyzda buýsançly nesilleriň ýüreginde ýaşaýar.
Maksat ÇARYÝEW