Türkmen operasynyň öçmez ýyldyzy
Beýik Watançylyk urşynyň gazaply günlerinde zähmet ýoluna başlan Maýa Kulyýewanyň örän giň we özboluşly döredijilik ýoly bar. Ol dürli ýyllarda türkmen we daşary ýurt operalarynda çykyş edip 40-dan gowrak baş gahrymanlaryň keşbini janlandyrdy. Olaryň arasynda dessan ýordumlaryna ýazylan «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun» operalary hem bar. Üç gyzyň – Zöhräniň, Şasenemiň hem Leýliniň ykballary birmeňzeşräk. Wakalaryň daşky meňzeşligi bu keşpleriň ýerine ýetirilişinde bir galyplylyga iteklemegi hem mümkin bolsa – Maýa Kulyýewa olaryň her haýsysy üçin özbaşdak häsiýet tapmagy başarýar.
Soňra kompozitorlar A.Kulyýew bilen Ý.Meýtusyň «Abadan» operasyndan Abadanyň keşbini ýerine ýetirmeklik Maýa Kulyýewanyň durmuşynda täze bir sahypany açýar. Öz janyny Watan üçin gurban eden türkmen gyzynyň keşbi Maýa Kulyýewa üçin örän ýakyndy. Ol ýönekeý türkmen gyzynyň duýgusyny we pikirini, onuň içki dünýäsini görkezmeklige çalyşýardy, emma käbir aýratyn sahnalarda bolsa, bu keşp gahrymançylyga baryp ýetýärdi.
Aktrisanyň döreden ýekeje keşbini hem hereketsiz diýip atlandyryp bolmaz. Ol öz gahrymanlarynyň häsiýetlerini, içki duýgularyny ussatlyk bilen görkezýär. Onuň bu ussatlygy «Şasenem-Garyp» operasynda has aýdyp ýüze çykýar. Maýa Kulyýewanyň bu keşbi döredişi bolsa tomaşaçylarda we metbugatda täsin seslenmeler döretdi. «Şasenem-Garyp» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi hakynda halypa şeýle belledi: «Haçan-da oýun ilkinji gezek görkezilende teatrymyzyň daşy durşuna arabady. Gökdepedenmi, Bäherdendenmi, ýene-de birnäçe ýerden arabaly, paýtunly gelen adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Biz sahnada aglasak, tomaşaçylar zalda aglaýardylar.
Sen gelinçäň galar gözüm ýoluňda,
Bu naçar ýaryňy unutma, ynjytma
diýip, aýdym aýdýarsyň welin, tomaşaçylaryň arasynda ýanýoldaşy urşa gideni bar, ogly gideni bar – olar özüňdenem beter möňňürişip, gözýaşlaryny ýaglyklary bilen syryşyp oturandyrlar. Halk tolgunýardy, diýmek biz keşplerimizi ynandyryjy oýnapdyrys diýip pikir edýärdik. Kämilligiň çägi ýok, ýöne halkyň gyzgyn garşylamagy seni täze üstünliklere alyp barýardy».
Maýa Kulyýewa meşhur rus kompozitory P.Çaýkowskiýniň «Ýewgeniý Onegin» operasynda Tatýananyň aýdymlaryny aýtmagy Moskwa konserwatoriýasynyň milli bölüminde okap ýören wagtlary arzuw edýärdi. Onuň bu arzuwy 1946-njy ýylda amala aşdy.
Bu opera türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde türkmen dilinde ýaňlanýar. Tatýananyň keşbinde Maýa Kulyýewanyň şeýle ussatlyk bilen oýnamagynyň özi teatryň durmuşynda-da, türkmen medeniýetinde-de uly ähmiýete eýe bolýar. Gyzgalaňly sahnalarda Puşkiniň we Çaýkowsikiniň gahrymanynyň içki dünýäsine Maýa Kulyýewanyň çuňňur aralaşyşyna soňra Moskwanyň tankytçylary «Opera tejribesinde selçeň bolýan hadysa!» diýip baha berdiler.
«Men öz gahrymanlarymy söýýärin. Meni Abadanyň hem, Leýliniň hem, Aýnanyň hem, Marfanyň hem, başgalaryň ykbaly tolgundyrýar. Biz ajaýyp durmuşymyz hakynda, ajaýyp adamlar hakynda kompozitorlarymyzyň döreden täze operalaryna garaşýarys» diýip, Maýa Kulyýewa öz ýatlamalarynda belläp geçipdir.
Opera sungatynda artykmaç hereket bolmaýar. Sahnada hereket eden mahaly hem artistiň her bir hereketiniň hasaplydygy, onuň nirede nähili dem almalydygyna çenli ölçerilip goýulýandygy bu sungatyň wekilleri üçin täzelik däl.
Şu babatda ilkinji türkmen operalarynda ajaýyp keşpleri döreden Maýa Kulyýewanyň ömrüniň her bir gününi, her sagadyny aýawly tutup, bu sungat üçin gaýduwsyz, tutanýerli zähmet çekendigini görmek bolýar.
Ussat halypanyň diňe şu häsiýetiniň özem ýaşlara ajaýyp göreldedir. Özüniň 70 ýyldan gowrak döredijilik ýolunda Maýa Kulyýewa operalardan başga konsertlerde-de ýygy-ýygydan çykyş edýär. Ol köp ýyllaryň dowamynda fabriklerde, zawodlarda, okuw jaýlarynda, oba medeniýet öýlerinde ajaýyp aýdymlar bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. Ady rowaýata öwrülen Maýa Kulýyewa dürli ýyllarda Russiýa Federasiýasy, Hindistan, Owganystan, Indoneziýa, Polşa, Wengriýa, Mongoliýa, Türkiýe ýaly döwletlerde döredijilik saparlarynda bolmak miýesser etdi. Onuň aýdan türkmen aýdymlary dostlukly ýurtlaryň sungat muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanyp, oňa gujak-gujak güller sowgat edildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyz Maýa Kulyýewanyň sungatyna beýik baha berdi. Hormatly Prezidentimiziň Permany Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa iň ýokary tapawutlandyryş derejesi – Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.
Dürli ýyllarda Maýa Kulyýewanyň durmuş we döredijilik ýoly barada onlarça makalalar ýazyldy, telegepleşikler taýýarlanyldy. Türkmen kinoçylary bolsa onuň sungata bagyş eden döredijilik ýoly hakynda «Gözellige gulluk edýärin» atly dokumental filmi döretdiler. Ençeme goşgular döredildi. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bolsa halypa bagyşlap «Ömür ýyldyzy» atly uly göwrümli poemany döretdi.
Hakykatdanam şu toprakda doglup, türkmen sungatyna gulluk eden, Ýurt baştutany tarapyndan belent derejä eýe bolan Maýa Kulyýewany türkmen halky hiç haçan unutmaz. Onuň ýerine ýetiren ynsan kalbyna ýakyn aýdymlary, romanslary bolsa türkmen halkynyň aňynda, ýüreginde hemişelik ýaşar.
Bahargül ÝAKUBOWA