Pyýada ýöremegiň peýdasy
Dünýäde ylmyň-tehnikanyň ösmegi bilen ozal el bilen ýerine ýetirilýän işleriň aglaba bölegi awtomatlaşdyryldy. Kir ýuwujy enjamlar, tozan sorujylar tehniki serişdeleriň kömegi arkaly ýerine ýetirilýär. Ýöne bularyň bary diňe adamlaryň durmuşyny ýeňilletmek bilen çäklenmän, onuň saglygyna bellibir derejede zyýan hem ýetirip bilýändir. Sebäbi adam az hereket edende, onyň kem-kemden saglyk ýagdaýyna täsir edip bilýändir. Şonuň üçin-de, biz pyýada ýöremegiň zerurlygy barada aýdyp geçmeli.
Pyýada ýöremek saglygy, bedeni, ruhy berkitmegiň iň ýeňil we iň howpsuz usulydyr. Pyýada ýöremek bedeniň has oňat we netijeli işlemegine, rahatlanmagyna ýardam berýär. Ýürek we damarlar berkeýär hem-de olaryň işi has gowulaşýar. Ýüregi türgenleşdirmekde hem ýöremegiň ornuny tutup biljek zat ýok. Adam näçe köp ýörese, ol şonça-da sagdyn bolýar: ýürek, öýken, gan aýlanyş has gowy işleýär, myşsalaryň işi gowulaşýar. Ýöremek häzirki wagtda bütin dünýäde juda köp duş gelýän semizligiň öňüni almaga, bu keseli bejermäge hem ýardam berýär. Ýöreýän adamlarda ähli bar bolan keselleriň döremek töwekgelligi peselýär. Pyýada ýöremegiň netijesinde adamyň bedeni we bogunlary bekeýär, gan aýlanyşygy ýokarlanýar. Bedendäki ähli zäherli maddalar bolsa, der bilen bedenden çykýar.
Üns beren bolsaňyz, adam gaharlananda ýa-da tolgunanda, ol iki ýana ýöräp başlaýar we az-kem köşeşýär. Pyýada ýöremek dartgynlygy, göwnüçökgünligi hem aradan aýyrýar. Nerw ulgamy köşeşýär, ýokary dartgynly işden has rahat ýagdaýa gelýär. Netijede, aňymyz has durlanýar, pikirlenmek we bellibir kararlara gelmek ýeňilleşýär. Şonuň üçin, biz has köp ýöremegi maslahat berýäris. Siz köp gatly jaýlarda ýaşaýan bolsaňyz, basgançaklardan ýokaryk galyp we aşak düşüp hereket etseňiz, saglygyňyzy berkidersiňiz. Garaz, hereket etmäge, köpräk pyýada ýöremäge mümkinçilik tapsaňyz, elden gidirmäň. Günüň dowamynda azyndan bir sagat pyýada ýöräň!
Ukymyzyň rahat, ynjalykly bolmagy üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Agşamlaryna gezelenje çykanyňyzda, otaglaryňyzyň penjirelerini açyşdyryň. Şemalladylan salkyn otagda ýatmak ukyňyzyň rahat bolmagyna, bedeniň gowy dynç almagyna itergi berer.
Pyýada ýöremek ähli adamlar üçin elýeterdir. Bedeniň fiziki taýdan gözelligini saklamakda-da ol örän ähmiýetlidir. Iň esasy zatlaryň biri hem ýöremegi gündelik endigimize öwrüp bolýar.
Arassa howada gezelenç etmegiň berýän peýdasy:
− iş we dynç almak üçin kuwwatlandyrýar;
− dartgynlylygy aýyrýar;
− agramyňyzyň kada laýyk bolmagyna ýardam berýär;
− ýokary gan basyşyň öňüni alýar;
− gandaky şekeriň derejesine gözegçilik edýär;
− aňsat uklamaga we rahat ýatmaga kömek edýär.
Siz az-azdan, gysgarak aralyklary pyýada geçip başlasaňyz, özüňizi duýşuňyzyň gowulanýandygyna göz ýetirersiňiz. Soňra siziň uzak ýerlere hem pyýada gidesiňiz geler. Netijede, bu siziň iň gowy, saglyga peýdaly endikleriňiziň birine öwrüler.
Ýöne her bir zatda bolşy ýaly, pyýada ýöremegiň hem öz kadasy bolmaly.
Eýsem, nädip we näçeräk pyýada ýöräniňde saglygyňy has-da berkidip bolýar?
Pyýada ýöremek bedenterbiýäniň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolup, tutuş süňňüňe doly ýazylganlyk berýär. Munuň üçin aýratyn wagt tapmak hem gerek bolanok: irden turup, okuwa ýa-da işe ýola düşeniňde, ulaga münmän, howlukman bag-bossanlyklaryň içinden ýöremegiň aýratyn bir lezzeti bar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, her günde 30 minudyň dowamynda aýaklaryňa ýazylganlyk bermek hem ýeterlikdir.
Pyýada gezelençler üçin ökjesiz, düýbi düz, rahat aýakgaplary saýlap almaly.
Pyýada ýöremegiň her ädiminiň bizi sagdynlyga alyp barýandygy şübhesizdir. Umuman aýdanymyzda, ýöremek − adamyň iň ýönekeý hem-de tebigy beden maşkydyr.
Suraý ÇARYÝEWA