Sagdynlyk aýdymy


Sagdynlyk aýdymy



Tereňdir howasy baýyrlaň, daglaň,
Sähranyň ot-çöpi derdiňe derman.
Gözel görke gelen çynar baglaryň,
Bu gün güllerine bolsam men gurban.

Sport syýasaty sagdynlyk berip,
Türkmeniň sporty dünýä ýaýylýar.
Sport bilen köňlüm ganatyn gerip,
Sagdynlykda şeýda dilim saýraýar.

Sagdyn ruhum — sagdyn bedende meniň,
Dogan Güni garşylaýan säherler.
Adamlara diňe saglyk paýlaýar,
Arassa, päkize oba-şäherler.

Sagdyn durmuş jemgyýeti döredýäň,
Alkyş aýdýas Size eziz Arkadag!
Saglyk üçin Maksatnama ýöredýäň,
Berkarar döwletde halkyň bagtyýar.

Sport — saglygyň girewi

Ylganyň bedeni taplanyp barýar,
Seriňde sagdynlyk, bedende saglyk.
Ruhuň göterilip, açylýan göwün,
Ynsan üçin şudur iň uly baýlyk.

Agyr atletika güýç berýär maňa,
Sagdyn bolsaň, agramy ýok daşlaryň.
Saglygyňa saglyk goşýar her biri,
Sport, saglyk bezegidir ýaşlaryň.

Milli göreş pälwanlary saýlaýar,
Pälwan bolup, orta çykmak bagtdyr.
Göreşde bil guşap ýeňiş gazansaň,
Beriljek baýragam saňa nagtdyr.

Munda welosipedçi türgen ýaşlarmyz,
Bedew deýin alys ýollary geçer.
Arkadag göreldesine eýerýän,
Türkmen türgenleri älemi açar.

Silgeldi AKMYRADOW