Watan


Watan



Ymgyr sähralary täsin, söhbetli,
Ýaýlalary gyşyna-da ýaz ýaly.
Hydyr gezen çöli, düzi hikmetli,
Watan hakda näçe ýazsaň az ýaly.

Ylhamyňy sil suwy deý şagladýan,
Daglaryn synlasaň dumanlar seriň.
Yşka teşnäň gursagyna guýulýan,
Gözelligiň waspyn etmejek neneň?

Aýdym-sazly, toý-baýramly bahary,
Bir-birinden zyýada dört pasyly.
Howasy üýtgeşik, tämiz säheriň,
Ýakymyndan has-da galkynýar göwün.

Owazasy jahan içre ýaýylýar,
Eziz Arkadagyň paýhas-pähminden,
Dideleriň nurly çyragy Watan,
Şöhratly geçmişiň geljege dowam.

Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany

Asmany asuda, sährasy seleň,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.
Ýürekleriň jümmüşinde ornalan,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.

Mylaýym howasy sowulmaz eşret,
Düwür gumy dünýä düründen gymmat.
Melhem suwy şypa, asaldyr-şerbet,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.

Söýlände waspyny gül açar, zyban,
Galkynar göwünler, ylhamly umman.
Ösüşden nurlanýan ýollary rowan,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.

Daglaň arasyndan çeşmäň akyşyn,
Synlan duýar, jana lezzet ýakymyn.
Çar ýany gülüstan, misli bag Erem,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.

Topragyna Hak eçilip bereket,
Güneşe baý goýny kalplara gurbat.
Asty genji-känli sahawatly ýurt,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.

Toýlaryna röwüş berýär saz-söhbet,
Döwürden ruhlanýar bagtyýar raýat.
Arkadag pähminden sarpasy belent,
Türkmenistan –– Bitaraplyk mekany.

Miwe BEKMYRADOWA