Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty
Pederler meşhurdyr Ýeriň ýüzünde,
Mukamdyr ot-çöpi sähra-düzünde,
Hyruçly duýgular joş urýar mende,
Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty.
Barlygym, buýsanjym, bagtyýarlygym,
Çägelem altyndyr, çeşmelem — dürüm,
Seň bilen aýdym-saz, şygrym-setirim,
Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty.
Jeýhunyň joşguny, Hazaryň gomy,
Ýazlar içre mukam atamyň tamy,
Ýigdeldýändir, toý toýladyp heňňamy,
Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty.
Barym dünýä doldy, Hudaýa şükür,
Zemini gülletdi ýagmyr hem akar,
Mekanym ösüşli, Arkadaglydyr,
Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty.
Nartaç ÝUSUPDURDYÝEWA