Kalplara siňen aýdymlar
...Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň tomus günleriniň biri. Aşgabadyň merkezindäki 1-nji park (häzirki Aşgabat seýilgähi). Sahnada oba çeper höwesjeňleriniň aýdym-saz festiwalynyň jemleýji tapgyry gidip dur. Aýdymçydyr sazandalar yzly-yzyna talapkär tomaşaçylaryň öňünde çykyş edýärler. Konserti alyp baryjynyň: «Türkmen halk aýdymy «Biçäre». Ýerine ýetirýär Bibi Şammaýewa» diýerine mähetdel, sahnada ýüz-gözleri nurana, sadadan ekabyr gyz eli gazma dutarly peýda bolýar. Onuň dutaryň näzik kirişlerine ussatlyk bilen erk edip, pessaý ses bilen aýdan aýdymy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Aýdym tamamlanansoň, tomaşaçylar yzy üzülmeýän elçarpyşmalar bilen ony ýene-de sahna çagyrdylar. Kärim žurnalist bolsa-da, aýdym-sazyň muşdagydym. Şol festiwalda menem «Ilki söýgim nirde sen?» diýen aýdym bilen çykyş etdim. Men aýdymy ansamblyň ýanynda aýdýardym, Bibi bolsa dutar çalyp aýdýardy. Onuň bilen ýakyndan tanyşmak höwesi öz erkime goýmady, onuň nädip aýdym-saz älemine geleni gyzyklydy.
Bibi (hakyky ady Amanbibi) Şammaýewa Mary welaýatynyň (şol ýyllardaky) Mary etrabynyň birinji Gökje obasynda dogulýar. Ol gulpagyny tasadyp ýören gyzjagazka maşgalasy Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyna göçýär. Bibi Berkeli aga bilen Aknabat gelnejäniň on bir perzendiniň iň ulusy. Ol orta mekdebi tamamlaýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa fakultetine okuwa girýär, emma saglyk ýagdaýy sebäpli, okuwyny gaýybana dowam etdirmeli bolýar. Ol obasyna gaýdyp gelenden soň, aýdym-saz bilen meşgullanmagyny dowam edýär.
— Bibi, terjimehalyňda agzaman geçen pursatym barmy? — diýip, beren sowalyma, ol:
— Ähli maglumat berlen ýaly welin, halyçylyk barada-da aýtsak gowy boljak. Goňşymyz Hurma gelneje etrabymyzdaky haly fabriginde işleýärdi. Onuň gyzlary boş wagtlary ejesiniň ýanyna giderdiler, käwagt menem äkiderdiler. Halyçylaryň keser tutuşlary, at toýnagynyň sesine meňzeş darak sesleri çaga kalbymy gözellikler dünýäsine alyp gidýärdi. Biziň haly dokamaga höwesimizi duýan Hurma gelneje öýlerinde kiçiräk halyny ýüwürtdi. Ol: «Bibi jan, senem okuwdan, öý işleriňden boş wagtyň bize gel, haly dokamagyň tilsimlerini öwredeýin» diýdi.
Edil keşde çekmegi öwrenişim ýaly, şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan haly dokamagyň inçe syrlaryny öwrendim. Ýöne aýdym aýtmaga bolan höwesim ählisinden üstün çykdy — diýip, Bibi halypa ýatlaýar.
Sungata siňip gidýän adamlaryň ykbalyna nazar aýlanyňda, durmuşda olara haýsydyr bir güýjüň itergi berip, sungat atly çylşyrymly ýola gönükdirendigini duýýarsyň. Bibä-de ýaşlygynda kakasy Berkeli aganyň asly Baýramalydan bolan ussat bagşy Aman Annaýewiň aýdymlaryny gowy görüp, eline dutar alyp, özüçe aýtmagy täsir edýär. Onuň dutar çalmaga, aýdym aýtmaga bolan höwesi artýar. Günleriň birinde meşhur sazanda Dürnazar Hudaýberenow ýaş zehinleriň bäsleşigine gatnaşdyrmak üçin höwesjeň gyzlaryň birine «Biçäre» diýen halk aýdymyny öwredýär. Ol gyzyň aýdym aýdyşyndan göwni suw içmedik Dürnazar sazanda: «Bibi gyzym, hany, sen şu aýdymy aýtsana» diýýär. Bibi aýdýar. Şu aýdym hem Bibiniň aýdym-saz sungatyna tarap ýolunyň gözbaşy bolýar. «Biçäre» aýdymy etrap, welaýat, döwlet tapgyrynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijisi bolýar. Şahyr G.Seýitliýew, kompozitorlar B.Hudaýnazarow, R.Gutlyýew, A.Agajykow, A.Esadow Bibi Şammaýewanyň ýerine ýetirijilik ussatlygyna ýokary baha berýärler.
Aýdymlary bilen adygyp ugran gyzy türkmen radiosyna işe çagyrýarlar. Ol ilki aýdym-saz bölüminiň hor toparynda, soňra Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sazanda Çary Täçmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary ansamblynda işleýär. Bu toparda A.Ablyýew, A.Çaryýew, H.Annamyradow, Ý.Nurgeldiýew, D.Durdyýew, G.Alyýew ýaly dutar-gyjaga dil bitirýän halypalar bardy. Ussat halypalar bilen işlemek gyzyklydy. Kem-käs ýeriň bolsa, maslahatçyň taýyndy.
Bibi irmän-arman aýdym-sazyň içine girýär, öwrenýär. Onuň halk saz gurallary ansamblynyň sazandarlyk etmeginde aýdan «Owazy geldi», «Öwezim», «Aga jan, kaýda barar sen?», «Hatyrjem», «Haýtýykan», «Balsaýat», «Desse-desse gülleri» ýaly halk aýdymlaryny, nusgawy şahyrlaryň sözlerine döredilen aýdymlary, dessanlardan aýdymlary ýerine ýetirişi ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýär. Kä pessaý, kä belent heňden ýaňlanýan aýdymlar aýdym-saz muşdaklarynyň göwnünden turup, kalplara siňýär. Onuň ady ussat bagşylar bilen birlikde tutulýar.
Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan «Mukamyň syry» filminde Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewanyň döreden baş gahrymany, aýal bagşy Karkaranyň aýdymyny aýtmagy režissýor Alty Garlyýewiň hut özi Bibä teklip edýär.
Ol sazanda Akmyrat Çaryýew bilen aýdymy Moskwada saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde ýazgy etdirmäge gidýär. Aýdym iki nusgada — orkestr bilen bilelikde hem-de Akmyrat Çaryýewiň dutarda sazandarlyk etmeginde ýazgy edilýär.
— Karkaranyň ýaşap geçen döwründe orkestr bolmandyr, şonuň üçin aýdymy iki nusgada ýazdyk. Moskwadan gelip, Alty Garlyýewe ýazgylary görkezenimizde, ol guş bolup uçaýjak boldy: «Ynha, muny gaty oňarypsyňyz. Tüýs ýerine düşüpdir» diýdi. Şol filmde gyzlaryň kakýan lälesini hem aýtdym — diýip, Bibi halypa gürrüň berýär.
B.Şammaýewanyň öz ýoly, üýtgeşik heň bilen aýdýan aýdymlary goňşy döwletleriň köpüsinde — Täjigistanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Russiýada, Amerikada, Ýemende, Mongoliýada, ýene-de birnäçe döwletlerde ýaňlandy. Onuň zehinine uly sarpa goýlup, N.N.Nekrasowyň ýolbaşçylygyndaky rus halk saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde ýigrimiden gowrak aýdymy ýazgy edildi. Aýdym-saz sungatynda gazanylan bu üstünlikler ýaş aýdymçy gyza şöhrat getirdi. Ol aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. «Biçäre» aýdymy bilen öňe çykan aýdymçy bu günki gün hormatly dynç alyşda. Ol «Owaz» radioýaýlymynyň «Köne güzer» bölüminiň redaktory bolup işleýär. «Gel, dutarym, sözleşeli», «Radionyň hazynasyndan», «Ýar gara gözli» ýaly türkmen halk döredijiligine, dessanlara, nusgawy şahyrlaryň eserlerine bagyşlanan gepleşikleri halk köpçüliginiň göwnünden turar ýaly gyzykly maglumatlar esasynda redaktirleýär. Ussat halypalaryň geçen durmuş ýoly barada gürrüň berýär.
1968-nji ýylda Bibi teleýaýlymda gepleşikleriň ses operatory bolup işlän Allaberdi Welmyradow bilen durmuş gurýar. Olaryň iki perzendi Serdar bilen Gunça dünýä inýär.
— Agtygym Selbi jan meniň aýdan aýdymlarymy gaýtalaýar. Ol Aşgabat şäherindäki 2-nji sazçylyk mekdebiniň dutar bölüminde okaýar. Selbiden tamam uly. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda kompozitorlar bilen «Türkmenistan», «Arkadag», «Bitarap mekan» ýaly aýdymlary aýdym-saz muşdaklaryna ýetirdik. Karkaranyň aýdymyny halk saz gurallary ansambly bilen täzeden işläp, diňleýjilere sowgat etdik. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç alsyn — diýip, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Welmyradowa ýürek buýsanjyny beýan edýär.
Ogulbaýram TAGANOWA