Sebit ähmiýetli hassahana


Sebit ähmiýetli hassahana



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilaty eşretli ýaşaýşa ýetirmek barada jar eden Maksatnamalary il-ýurduň ýaşaýşyny bütinleýin üýtgetdi. «Biziň ýurdumyzyň raýatlary Diýarymyzyň haýsy künjeginde bolsalar-da iň gowy durmuş şertlerinde ýaşamalydyr we işlemelidir» diýip, hormatly Prezidentimiziň aýdanlarynyň hasyl bolýandygyny bu gün bütin dünýä görýär. Durmuşyň haýsy bir ulgamyna göz aýlasaň, bagtyýarlyk şuglasy adamlaryň durmuşyna, şu gününe we geljegine ýagty saçýar. Bu saglygy goraýyş ulgamynda hem şeýledir. Berkarar döwletde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek esasy üns merkezinde durýar. Şu maksat bilen welaýatlaryň ählisinde döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri, şypahanalar guruldy. Şolaryň biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde mundan iki ýyl öň gurlup ulanylmaga berlen döwrebap welaýat köpugurly hassahanasydyr. Ynsan saglygyny dikeltmekde we berkitmekde hassahananyň lukmanlary köp işleri bitirdiler. Ynha, bu barada biz hassahananyň baş lukmany Maksat Abdyhalykow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol şeýle diýdi:

— Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň çalt depginlerde ösdürilýändigi barada oýlanmak juda ýakymlydyr. Ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmakda, milli lukmançylygy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmekde gazanylýan netijeler döwletimiziň her bir raýatyny diýseň guwandyrýar.
Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilen biziň döwrebap hassahanamyz hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Sebit ähmiýetli bu döwrebap hassahanany döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda «Nahal» hojalyk jemgyýeti bina etdi. 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanamyzyň ýanynda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin 200 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy hem guruldy. Ýaşaýyş — durmuş amatlyklaryň zerurlygy bilen bir hatarda, täze ýaşaýyş jaý toplumynda sport bilen meşgullanmak hem-de adamlaryň boş wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin giň şertleriň göz öňünde tutulmagy has-da üns çekerliklidir. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň: «Adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary derejesini üpjün etmek ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň möhüm wezipesidir we beýik maksadydyr, onuň düýp mazmuny bolsa, «Döwlet adam üçindir!» diýen mukaddes şygarda kesgitlenendir» diýen parasatly sözlerini ýatlasak has-da ýerine düşse gerek.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan bu hassahana sebit ähmiýetlidir. Döwrebap hassahana esasy binalaryň ikisinden ybarat. Uzaklardan seleňläp görünýän ak mermer bilen örtülen 4 gatly üç sany esasy bejeriş binalarynyň we beýleki kömekçi binalaryň ýerleşýän toplumynyň birinjisi 676 orunlykdyr. Bu binalarda hassahananyň esasy bölümleri ýerleşýär. Binalarda neýrohirurgiýa, oňurga patologiýa, ýürek kesellerini bejeriş, hirurgiýa, urologiýa, pulmanologiýa, endokrinologiýa, oftalmologiýa, diş bejeriş merkezi, sterilizasiýa, funksional-anyklaýyş, fizioterapiýa, merkezi, kabul ediş, rentgen-radiologiýa, anyklaýyş-maslahat beriş bölümleri, merkezi barlamhana, dermanhana, dolandyryş-edara ediş üçin otaglar, 300 orunlyk mejlisler zaly, operasiýa zallarynyň 12-si, reanimasiýa bölümi, gan banky we başga-da köpsanly bejeriş ugry üçin niýetlenilen bölümler bar.
Welaýat köpugurly hassahanamyzda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri çekdik. Paýtagtymyzdaky we daşary ýurtlardaky ugurdaş hassahanalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak boýunça hem hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirýäris. Daşary ýurtlardan tejribeli lukmanlaryň birnäçe topary gelip iş tejribelerini paýlaşdy, maslahatlary berdiler, näsag raýatlary kabul edip, olara bejergi bermek boýunça biziň bilen bilelikde işleşdiler. Olar biziň hassahanamyzda ähli mümkinçilikleriň we amatly şertleriň bardygyny guwanç bilen aýtdylar. Lukmanlarymyz dünýäniň ösen ýurtlarynda kämilleşdiriş okuwlarynda bolup geldiler. Tejribeli lukmanlarymyzdan Kasym Reýimow, Maýa Beşimowa, Gözel Şadyýewa, Açyl Reýimberdiýew, Rustam Ergeşow, Annaguly Ýagşyýew, Marat Ýakşiýew has tapawutlanyp zähmet çekýärler. Bu ýerde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň raýatlarynyň bejergi almaklary üçin hem şertler göz öňünde tutuldy. Bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ösen döwletleriň kämil lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Häzirki wagtda ilata ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary edilýär. Halkymyz «Saglyk — beglik» diýip aýdýar. Biziň ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanylýar. Biz halkymyzyň saglygynyň goragynda durýandygymyza, ildeşlerimize döwrebap lukmançylyk hyzmatyny edýändigimize buýsanýarys. Şeýle döwrebap hassahanany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Şakir TURAÝEW