Syýahatçylyga islegler barha artýar


Syýahatçylyga islegler barha artýar



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek, daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan ekalogiýa syýasaty mähriban diýarymyzyň gözel tebigatyny öwrenmek we syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär we bu babatda täze açyşlary etmäge itergi berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde, Türkmen milli innowasiýa ykdysadyýetini, ösen senagaty we adam baýlygyny dünýä derejelerinde ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Syýahatçylygyň ýüze çykmasy gadymy döwürlerde ilkinji döwletleriň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Ol ilkinji döwürlerde, esasan, söwda üçin täze ýerleri görmek bilen baglanyşykly bolupdyr.
Adaty gepleşikde «syýahatçylyk» düşünjesiniň «jahankeşdelik» düşünjesi bilen ugurdaş ulanylýan halatlary bolýar. Ýöne bu babatdaky ylmy edebiýatlarda, kanunçylyk resminamalarynda jahankeşde diýlip belli bir ýerde saklanmaýan, anyk bir maksady bolmadyk gezende adamlara düşünilýär. Onuň esasy maksady diňe ýurt görmek bilen baglanyşyklydyr. Syýahatçy diýlip anyk bir ýerde mekan tutan, gezelenç etmek bilen bagly anyk maksady bolan şahsyýete düşünilýär.

Dünýä tejribesinde syýahatçylyk ykdysadyýetiň iň bir düşewüntli pudaklarynyň biri bolup durýar. Dünýä eksportynda syýahatçylyk pudagynyň paýynyň 5 göterime barabar bolmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Käbir döwletlerde bu pudakdan alynýan girdeji ýurduň içerki önümleriniň 30 göterimine golaýyny tutýar. Ol ýurduň tebigy, taryhy we medeni mümkinçiliklerini gorap saklamaga, ösdürmäge uly peýda berýär. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine laýyklykda ösdürýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna, sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryna laýyk gelýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Biziň Watanymyz — Türkmenistan ülkesi syýahatçylyk jähetden seredilende, möhüm syýahatçylyk ulgamynyň eýesi bolan medeni-taryhy we etnografiki gymmatlyklara baý ýurtlaryň biridir, ýagny ýurdumyz täsin tebigatly künjeklere, medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý ülkedir» diýip belleýär. Mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň netijesinde, eziz Diýarymyz iri syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Her ýylda ýurdumyza dünýä döwletlerinden syýahatçylaryň müňlerçesi gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmak, syýahatçylaryň has köp gelmegini gazanmak üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Syýahatçylygyň durmuş-ykdysady gorlary: zähmet we bilim beriş, maliýe, maddy, dolandyryş gorlary, şeýle-de syýahatçylygyň gurluş düzümi ýaly alty sany esasy bölege bölünýär.
Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň tejribesinde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin syýahatçylyk ugurlarynyň 200-e golaýy bar. Häzirki wagtda täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak we olara bar bolan desgalary goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Olara, hususan-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Köýtendag etrabynyň, Garagum sährasynyň, Sumbar jülgesiniň, Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri mysal bolup biler.
Dünýäniň köp ýurtlarynda syýahatçylygyň maglumat çeşmelerine uly üns berilýär. Syýahatçylary kabul etmekde ýeterlik tejribe toplan döwletlerde esasy syýahatçylyk sebitleri we merkezleri boýunça dürli neşir maglumatlary yzygiderli çap edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň çäginde syýahatçylygyň maglumat goldawy giň gerime eýe bolýar. Syýahatçylyk ulgamyndaky ösüş ykdysadyýetiň we medeniýetiň, ynsanperwer, halkara gatnaşyklaryň, ekologiýanyň hem-de myhmanhana işewürliginiň gyzyklanmalaryna pugta baglydyr. Munuň özi döwletimiz üçin, şeýle-de her bir şahsyýet üçin uly ähmiýete eýedir.

Laçyn ANNAGELDIÝEWA