Aşyk Aýdyň pirden rugsat alyp git!
Halkymyzyň medeniýetine, sungatyna we milli mirasyna uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň täze röwşe eýe bolan gadymy däpleri hakynda söhbet
Taryhyň gatlaryndan häzirki günlerimize gelip ýeten gadymy däpleriň biri hem halypa-şägirtlik ýoludyr. Halkymyzyň kalbyna, durmuşyna, süňňüne siňen bu ajaýyp ýoluň, däbiň aýdym-saz sungatynda ýörgünlidigi özüňe belli. Halkymyzyň baý milli mirasyna, medeniýetine we sungatyna sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu däp täze röwşe eýe boldy. Çünki şu ajaýyp döwrümize bezeg berýän il-ulus hem umumadamzat bähbitli işlere girişilmezden öň ak pata bermek, işleriň şowly bolmagynyň il bolnup dileg edilmegi munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär. Ýaşaýyş-durmuş, saglyk, ylym-bilim, medeni maksatly ajaýyp binalaryň we beýleki desgalaryň düýbi tutulanda, ulanmaga berlende ak pata bermek häzirki gün eýýäm däbe öwrüldi. Il sylagly ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda her ýyl bugdaý, gowaça ekişine we olaryň hasylynyň ýygnalmagyna ak pata berilmegi-de pederlerimizden miras galan bu gadymy däbe döwlet derejesinde hormat-sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Ak pata bermek dabaralaryna hut hormatly Prezidentimiziň hem gatnaşmagy bolsa, onuň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, oňa gatnaşýanlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar.
«Ak» sözi aklyk, «pata» sözüne «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde» şeýle düşündiriş berilýär:
Pata (a. fa: tihe) — 1) başlangyç; kuranyň birinji süresi — «Al-hamd»; 2) doga, alkyş; pata bermek — doga okap rugsat bermek; patyha kylmak — nika dogasyny okamak, adagly etmek. Bu jümle «Saýatly-Hemra» dessanynda: Gol göterip, pata berseň ýa-da Biri-birine patyha kyldylar — öz ýerinde ulanylýar.
Elbetde, ak pata bermek däbi türkmençilikde öňden hem ýörgünlidir. Bu jümle alkyş-dileglere, göwün göteriji sözlere ýugrulansoň, onuň ýaş nesli terbiýelemekde hem ähmiýeti uludyr. Maşgalada gyz göçürilende ýagşy niýet, oňat arzuwlar bilen oňa ak pata berlip, gelnalyjylanyp ýola salynýar. Durmuşa çykýan gyzyň atasy ýa babasy onuň barjak ýerinde bagtly bolmagyny, aýagynyň ýer tutmagyny, dileg edip, gol göterip ak pata berýär. Eždatlardan miras galan:
Baran ýeriňde bagtyň bolsun!
Tylladan tagtyň bolsun,
Altyndan tagtyň bolynça,
Iki barmak bagtyň bolsun!
Aýagyň ýer tutsun!
— ýaly görnüşde miras galan alkyş-dilegler goşgy setirlerine öwrülip gidipdir.
Ak pata bermek halkymyzda hemişe mukaddes hasaplanylyp gelnen dokuzlyklarda hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Türkmençilikde «Öýleden soň, Gün durmaz, dokuzy düzüw gyz durmaz» diýen pähime öwrülen sözler durmuşa çykjak gyz barada bolup, olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Alnan razylyk — durmuşa çykjak gyz üçin «ýyly söz».
2. Bellenen sähet.
3. Başlanan toý.
4. Soýlan mal.
5. Düwlen bukja.
6. Geýdirilen toý parçasy.
7. Jübütlenen köwüş.
8. Gelen gelnalyjy.
9. Berlen pata.
Hawa, ak pata bermek däbi halkymyzyň aýdym-saz sungaty bilen hem berk baglanyşyklydyr. Çünki bu ajaýyp sungata eýeren bagşy-sazandalaryň ählisi diýen ýaly ilkinji ädimlerde halypa mekdebini gören, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň sapaklaryndan geregini alan şahslardyr. Gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesi hakynda hormatly Prezidentimiz: «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «ХХ asyrda türkmen aýdym-saz sungatyndaky halypa-şägirtlik däpleri täze ösüşe eýe boldy we hil taýdan kämilleşdi. Aýdym aýtmagyň hem saz gurallaryny çalmagyň gadymy däpleri ýuwaş-ýuwaş syntgylandy we wagtyň geçmegi bilen, ýokary halk sungaty derejesine ösüp çykdy. Umuman alanyňda, bagşyçylyk sungatynyň we türkmen sazynyň döremeginde hem-de kämilleşmeginde halypa-şägirtlik däpleri wajyp ähmiýete eýe boldular» diýip, uly baha berýär.
Türkmen bagşy-sazandalyk sungaty örän ösendigi we çuň mana eýedigi sebäpli ol ýerine ýetirijiden hem ýokary ussatlygy talap edýär. Halk arasynda hormatlanýan bagşy ýa-da sazanda bolmak üçin, hökman halypadan düýpli tälim almaly. Şägirt ussatlyk derejesine ýetende, halypasy oňa öňden gelýän däbe görä, aýdym-sazymyzyň pirleriniň adyndan ak pata berýär. Halypa şägirdine diňe bir aýdym-saz öwretmän, eýsem durmuşda hem nusga bolarlyk, hiç haçan halkyň göwnüne degmezlik, pul, serpaý bilen bildirilýän hoşallygy onuň azlygy hakynda birnäçe zatlary öwredýär. Öz gezeginde şägirt hem özüne hünär, kesp-kär öwreden halypasyna ata-enesine hormat goýşy ýaly, hormat goýýar.
Kel bagşy (hakyky ady Allaberdi) Mylly Täçmyrada ak pata bermekçi bolanda şägirdini yzyna tirkäp, Gökdepe galasynyň alkymyndaky gonamçylykdaky öz halypasy Amangeldi Gönübegiň guburyna barýar. Şonda Kel bagşy Mylla şeýle diýýär: «Mylly jan, näme, ikimizem halypa-şägirt bolup ysnyşdyk, ataly-ogul ýaly bolup gatnaşdyk. Göni halypanyň mazarynyň başynda aýdýaryn: menden öwreneniň özüňe, özüňden çykarjagyň iliňe bolsun! Sen indi hünäriňe erk edip bilýärsiň. Indi owsaryňy başyňa çolap goýbererçe bolduň. Alla ýaryň! Saňa-da şeýle sözleri öz şägirtleriňe aýtmak nesip etsin!».
Bilşimiz ýaly, 1963-nji ýylda döredilen «Şükür bagşy» çeper filminde Gulam bagşynyň keşbini janlandyran Hojam Öwezgelenow hakykatdan hem meşhur Şükür bagşynyň şägirdi bolupdyr. Ol öz halypasyny ýagşylykda ýatlap şeýle ýazdy: «Halypam duran hazynady. Ol maňa «Haraýym teşnit», «Ybraýym şadilli», «Gelin ýörişi», «Patma kaşaňjan», «Tazy we keýik», «Nije oldy» ýaly sazlary hem öwredensoň, galan sazlary aňsat özleşdiripdim. Bir günem Şükür bagşyny diňlemäge Magtymguly Garlynyň halypasy Rejepgylyç, Baýramaly bagşy hemem Söýünguly bagşy bize (Şükür bagşy Hojam Öwezgelenowlaryň maşgalasy bilen gatnaşypdyr) geldiler. Şonda Şükür bagşy ilki maňa saz çaldyrdy. Soňundan bolsa özi saz çalyp berdi. Gelen bagşylar meniň dutar çalşymy gowy gördiler. Nesibe çekip, sähetli günleriň birinde saz äleminiň bahasyz hazynasyna öwrülen halypam maňa ak pata berdi. Halypadan pata alanymdan soň, Magtymguly Garlynyň ýanynda sazanda bolup, birnäçe wagt gezdim. Magtymguly Garly Hywa gidenden soň, Artyk bagşynyň sazandasy bolup hem gezipdim. Halypam maňa öz dutaryny sowgat berdi: «Şu dutary çalanyňda öz halypaňy ýatlawergin!» diýipdi. Ölinçäm halypa hatyrasy hakydamda ýaşar».
Halypalaryň arasynda öz şägirdine göwni ýeteninde dutaryny sowgat bermek we şondan soň ak pata bermek däbi bolupdyr. Halypa sapaklaryny alan şägirt üçin öz hünär atasyndan şeýle uly sowgady almak uly bagtdyr. Şeýle uly dereje, hormat, dogrusy, hemme adama ýetdirip hem durmandyr. Halypalar şägirtlerine ak pata berenlerinde köplenç:
Edebiň, ygraryň bolsun,
Dört çaryýar ýaryň bolsun.
Kalbyň päk bolsun.
Ýoldaşyň Hak bolsun!
Ornuň tutjak perzentlere,
Uzak ömür, edep bersin.
Baba Gammar hünäriňe,
Egsilmez güýç, kuwwat bersin.
Ussadyň päk yhlasy,
Erenler patasy bolsun.
Senet eýesi bol.
Kär halal bolsun!
— diýer ekenler. Sazanda Han Akyýewiň gürrüň bermegine görä, ol bu ak patany öz halypasy Durdymyrat Abyl bagşydan alypdyr. Abyl bagşy hem bu ak patany halypasy meşhur Şükür bagşydan alypdyr.
Halypanyň şägirde ak pata bermegi diňe bir bagşyçylyk sungaty däl, eýsem, halkymyzyň gadymy halyçylyk sungatynda-da, ussaçylykda-da, göreşde-de meşhurdyr. Halkymyzyň gahrymançylykly eposy bolan «Göroglydaky»: Aşyk Aýdyň pirden rugsat alyp git! — diýen setirler bolsa bu däbiň gadymylygyna şaýatlyk edýär.
Gadymdan biziň şu ajaýyp, eşretli döwrümize gelip ýeten ak pata bermek däbindäki aýtgylarda mynasyp orun tapan Aşyk Aýdyň pir, Baba Gammar barada az-owlak düşünje bersek, söhbedimiz has-da ýerine düşse gerek.
Adamlaryň ynam-ygtykadyna görä, Aşyk Aýdyň piriň zyýaratgähinde ýatan adamyň düýşüne pir girip, oňa käse doly suw berse, ol meşhur bagşy ýa-da sazanda, döwet galam berse — şahyr ýa-da alym, taýak berse — çopan, pil berse — daýhan, ata mündürse-de — han, düýä mündürse — tükenmez döwletli bolarmyş. Aşyk Aýdyň pir diňe bir türkmen halkymyzda däl, eýsem, özbek, garagalpak, gyrgyz, gazak, tatar, başgyrt, türk milletlerinde, halklarynda hem bagşylaryň, sazandalaryň piri hasaplanylýar. Beýik akyldar, uly alym, ussat şahyr, belent ahlakly, parasatly pir hökmünde türki halklaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan Aşyk Aýdyňyň mazary Daşoguz welaýatyndaky Was düzlüginde ýerleşýär.
Dutaryň hem-de dutar ussaçylygynyň piri hasaplanylýan Baba Gammar «Ýusup-Ahmet» dessanynda gürrüň berlişine görä, ol VII asyrda ýaşap geçipdir. Il arasyndaky gürrüňlerde, rowaýatlarda nygtalşyna görä, ol ilki dutar ýasap, ony çalmakçy bolanda onuň sesi dury çykanmyş. Dutaryň sesini näçe sazlajak bolup, hernäçe azap çekse-de, onuň azaby ýerine düşmänmiş. Zähmetiniň reýgan bolýanlygyndan habarly şeýtan günleriň birinde onuň ýanyna gelenmiş:
— Menem şärik etseň, dutaryň sesiniň dury çykmagynyň syryny aýdaýyn! — diýenmiş. Baba Gammar onuň teklibi bilen razylaşanmyş. Şeýtan oňa dutara eşek ýasamagy maslahat beripdir. Eşek tarlaryň ikisini-de gapakdan çalaja ýokary göteripdir. Şeýtan Baba Gammara perde ýasamaga-da kömek beripdir diýlip, halkyň hakydasyndaky rowaýatda aýdylýar. Dutarda şeýtan perdäniň bolmagy belki-de şonuň üçindir. Dutarçy ussa onuň kirşini ilki ýüpekden, soňra goýun içegesinden ýasapdyr. Perdesi-de ýetmiş ikimişin. Aly Abu Talyp (Aly Şahymerdan) muny görüp, on ikisinden öňňesini aýranmyş. Ilkinji ýasalan dutaryň sesi örän owazly çykanmyş welin, guş-gumrular, janly-jandarlar işdäden kesilip, diňe dutaryň şirin owazyna oňňut edip oturanmyş. Aly Şahymerdan (Aly — Abu Talybyň ogly, Muhammediň doganoglany. Onuň «Şahymerdan» ýagny, mertleriň şasy, «Esedulla» — batyr, edermen we başga-da birnäçe lakamlary bar — A. B.) dutaryň owazlylygyny iki esse dagy peseltmegi Allatagaladan dilänmiş. Alynyň dilegi Perwerdigäriň dergähinde kabul bolanmyş.
Hawa, türkmen halkymyzda halypa hünär atasy, mugallym hem bilim atasy hasap edilýär. Ýaşlara medeniýetimizde, sungatymyzda we ylymda öçmejek yz galdyran halypalardan sapak alyp, olaryň ak patasyna mynasyp bolup, halkyň hyzmatyny edip, halypalaryň ynamyny ödäp, altyna barabar il alkyşyny almaklaryny arzuw edýäris. Biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan goşa däbi — halypa-şägirtlik ýörelgesini we ak pata bermek däbiniň eşretli hözirini görüp ýaşamaga şert döreden, ony şu ajaýyp döwrümizde täze röwşe eýe eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Annamyrat BERDIMYRADOW