Öwüşgine baý gymmatlyk


Öwüşgine baý gymmatlyk



Halkymyz orta asyrlardaky milli däp-dessury bilen bir hatarda, öz edim-gylymlaryny, geýimlerini hem saklap gelipdir. Milli geýimler görnüşleri boýunça erkek adamlaryň, aýal-gyzlaryň we çagalaryň eşikleri ýaly üç topara bölünipdir.
Aýal gyzlaryň egin-eşikleri: köýnek, ýeňsiz çabyt, begres, ýaglyk, gyňaç, tahýa, aýakgap bolupdyr.
Keteni köýnek ýeňli-ýanly, ýagyrnişlikli, begeýikli tikilýär. Begeýik ýanyň ýokary başynda urulýar.
Begres donlary (gök-ýaşyl) we gyzyl çabytlary gelin-gyzlaryň ählisi geýýär. Olaryň gyrasy nagyşly (basma nagyş), jähekli, aldymgaçly, begeýikli edilipdir.
Gyzlar kellelerine tahýa geýip, gelinler ýaşynmak üçin amatly bolar ýaly ýeňilräk gyňaç, ýaşy uly aýallar bolsa, içinden börük, ýaglyk, soňra gyňaç daňypdyrlar.
Ýeňsizi gelin-gyzlaryň ählisi geýipdirler. Olar bejerilgi, bejerilgisiz, ýöne içine içlik ýa-da pagta bilen goýlan ýaly ýeňsizlerdir. Aýakgaplary çepekler, hokga, gyrma köwüşler we galoşlar bolupdyr.
Türkmenlerde erkek adamlaryň we aýal-gyzlaryň gündelik eşigi, adaty eşigi ýönekeý sada, gelşikli we amatly bolupdyr. Gündelik öý hojalyklarynda işlänlerinde gelin-gyzlar nah we ýüpek matalardan egin-eşikleri ýeňil bejerilen edip geýipdirler. Gyzlar tahýa, ýaş gyzlar bolsa şaýly tahýa geýipdirler.
Aýal-gyzlaryň köýneklerini tikmek üçin ulanylýan mata ýerli hünärmentçilik önümi bolupdyr. Şeýle hem ol belli bir döwürde dokma önümçiliginiň ösüşini beýan edipdir. XIX-XX asyrlarda türkmenleriň egin-eşikleriniň köpüsini ýerli şertlerde hünärmentçilik usulynda taýýarlanan matalardan tikipdirler.
Matalaryň dürli görnüşlerini: sowsanyny, göwderini, çepbetowy, ýedidürmeni, sarysy solany, gyrmyzy donluk matany, kesatymy, jöwher ketenini, gyr gyňajy, kakma gyňajy dokamaklyk nesilme-nesil geçirilip gelinýän iň gadymy kärleriň biri bolup durýar.
Gadymy döwürlerde adamlaryň baýramçylyklarda we gündelik durmuşda geýýän köýnekleri oňat hilli matalardan tikilip, göze ýakymly keşde salnypdyr. Aýal-gyzlar henize şu güne çenli köýneklik mata biçenlerinde däp bolup galan «garyş» ölçegini ulanmak arkaly, matany elleri bilen ölçäp görýärler. Bu ýagdaý öz kökleri bilen has gadymy döwürlere baryp ýetýär. Matanyň ölçegi adamyň beden gurluşyna we boýna görä kesgitlenilýär, uzynlygy bolsa, dördünji boýun oňurgadan başlap, adamyň bilinden ölçenilip alynýar.
Matanyň 30-40 santimetr bolan ini köýnegi bir bitewülikde biçmäge oňaýly täsir edýär. Şonda mata iki eplenýär. Ol köýnegiň öňüni we arka tarapyny emele getirýär. Şol köýnekleriň etegine tikin salynmaýar. Dar sary zolaklary hasaba almak bilen degişli görnüşi almak üçin köýnegiň gapdallaryna goşmaça mata urulýar.
Eger, geçmişde köýnekler nah matadan ýagyrnişlik salnyp tikilen bolsa, onda häzirki wagtda şeýle köýnekler diňe gartaşan aýallarda duş gelýär. Öňler köýnegiň etegi eplenip, el bilen tikilipdir, soň-soňlar başga matadan, mysal üçin, jir matadan parawuz salnyp, köýnegiň etegine tutuş gelşik berýär. Ol köýnegiň etegini hem pugtalaýar.
Häzirki döwürde gelin-gyzlaryň geýýän köýneklerinde edil geçmişde bolşy ýaly, deňligine ýaka açylyp, onuň däp boýunça berk bellenilen ýerlerine keşde salynýar. Köýnekde şunuň ýaly ýaka açmagyň ýöntemdigine garamazdan, şol usul beýleki halklaryň egin-eşiklerine garanyňda özboluşly bolup galýar.
Gyzlaryň we ýaş gelinleriň köýneginiň ýaka çäginiň uzynlygy, ýaşy durugşan aýallaryňka garanyňda, enäniň birinji perzendi dünýä inýänçä gysga bolupdyr.
Ähli halklarda bolşy ýaly, türkmenler hem ýaşajyk çaganyň eşigini göz degmesin diýip özboluşly tikipdirler. Olara her dürli tumary, kümüş şaý-seplerini dakypdyrlar. Keşdeleriň dürli görnüşlerini salypdyrlar.
Ýaşajyk çagalaryň köýnejikleri her dürli reňkdäki mata böleklerinden tikilipdir. Onuň etegine tikin urulmandyr, ýakasyna gaýma gaýapdyrlar. Şol köýneklerde dürli reňkdäki bölek matalar näçe köp boldugyça, çagany göz-dilden göwnejaý goraýar diýlip hasaplanypdyr. 6-8 ýaşdaky gyzjagazlar üçin nah matalar bolan setinden, jir matadan köýnek tikipdirler. Şol köýnegiň ýakasy tegelek bolup, gapdallygyna açylypdyr. Oňa az-kem keşde salnyp, jähek bilen jäheklenipdir.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli egin-eşiklerimiz asyrlar geçse-de, öwüşgini solmajak gymmatlykdyr.

Selbinýaz GARAGÖZOWA