Bitaraplygyň mekanydyr, Türkmenistan!
Şükür, Taňry nazar salan parahat zeminim bardyr,
Dost-dogana güler ýüzli, myhmansöýer ilim bardyr,
Arkadagym bilen bu gün ulus-iller bagta ýardyr,
Tarypyny ýazsam dörär şygyr, goşgy, gazal, dessan,
Bitaraplygyň mekanydyr, eziz Diýar Türkmenistan!
Baýdagymy bagra basyp, asyl bagty duýup bilýän,
Pederlerden miras galan däplerine uýup bilýän,
Buýsanç bilen «Oguz hanyň neslidirin» diýip bilýän,
Şu sözleri dile alsam, dep bolar gaýgydyr-gussam,
Bitaraplygyň mekanydyr, eziz Diýar Türkmenistan!
Çalyşman dünýäň baýlygyna Diýarymyň otun-çöpün,
Çünki bize bu topragy goramaklyk Hakdan höküm,
Ilimiň parahatlygy her bir ynsan üçin möhüm,
Baksan bu gün çar tarapy gülläp ösýän gül-gülüstan,
Bitaraplygyň mekanydyr, eziz Diýar Türkmenistan!
Dünýä milletleri goldady Diýaryň bu bagtyny,
Baksaň gözüň gamaşdyrýar, bagtyýar günleň ýalkymy,
Meger, hakyt Allaň özi ýalkandyr eziz halkymy,
Misli uçmah mysalydyr, Erem bagly bagy-bossan,
Bitaraplygyň mekanydyr, eziz Diýar Türkmenistan!
Çärýek asyr doldy bu ýyl Bitaraplyk baýragyna,
Bu şygyr sowgadym bolsun, Diýarymyň baýramyna,
Goý, mydama bat goşulsyn bedew batly toýlaryna,
Beýle bagta eýe bolar diňe bagty çüwen ynsan,
Bitaraplygyň mekanydyr, eziz Diýar Türkmenistan!
Ýaşa dolar şeýda gözlem, bu eşrete göz aýlasam,
Kalbymyň gözel sözlerin waspyn etmäge saýlasam,
Bitaraplygyň miwesidir, ählisin beýan eýlesem,
Elbetde, şu sözler bilen tamam bolar ýazan kyssam:
-Bitaraplygyň mekanydyr, eziz Diýar Türkmenistan!
Laçyn OJYBAÝEWA