«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»


«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»



Hormatly Prezidentimiz baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde köňüllerimizi ganatlandyran şatlykly wakany, özüniň jöwher paýhasyndan dörän, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny bagtyýar halkymyza sowgat berdi. Munuň özi, baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuna agzybir halkymyza uly toý serpaýy boldy.
Arkadag Prezidentimziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň taryhy wakalaryna beslenen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar, Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy barha belent derejelere göterilýär. Bagtyýar durmuşymyzyň şatlykly wakalary agzybir halkymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly şanly ýylymyzda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitap dünýä halklarynyň baky Bitaraplyk derejämize goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, goňşy we alys döwletleri bilen ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, türkmen halkynyň köp müň ýyllyk taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolýar.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabyň «Bitaraplyk: gadymy geçmişden şu güne çenli», «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň syýasy ähmiýeti», «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygy: döwrüň hakykaty», «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty – dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen syýasat», «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, şanly Bitaraplyk toýun toýlaýar!», «Taryhy resminamalar», «Bitaraplyk bilen bagly edilen çykyşlar» atly bölümlere bölünmegi, kitabyň suratlar bilen bezelmegi onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, berkarar döwletimiziň çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty, türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan şu günlere gelip ýeten agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuňňur manyly gürrüň berýär. Kitapda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm syýasy wakalarda, daşary ýurtlara resmi saparlarynda düşen suratlarynyň ýerleşdirilmegi, «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik daşary syýasaty netijesinde, häzirki döwürde Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýädäki abraýy, ilkinji nobatda, onuň baky Bitaraplyk halkara-hukuk ýörelgelerine esaslanýar. Çünki 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumuzyň geljekki ösüş ýollaryny aýdyň kesgitledi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň halkara syýasy diplomatiýasynyň ileri sürülýän ugurlaryny saýlamaga esas boldy. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle diýdi: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlygyny, çäkleriniň bütewiligini hormatlamak ýaly, milli aýratynlyklarymyzyň ajaýyp taraplaryny öz içine alýar.
Halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de öz taryhynyň bütin dowamynda emele gelen iň bir kyn meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar».
Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bagtyýar nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly: «Bitaraplyk syýasatynyň mazmunyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň lebzihalallyk, ynsaplylyk, dostluk, sahawatlylyk, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, goňşyçylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri siňendir».
Hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýörelgämiz dünýä döwletlerine nusgalyk derejede kämilleşdi. Bäş müň ýyllyk taryhly halkymyzyň medeni mirasynyň milli kökleri, ata-babalarymyzdan arkama-arka geçip gelýän parasatly Oguz ýörelgeleri Garaşsyz döwletimiziň halkara diplomatiýasynyň häzirki zamanyň derwaýys meselelerini aýdyňlaşdyrmakda, olary netijeli çözmekdäki, sebitde parahatçylygy dabaralandyrmakda datly miwelerini berýär. Şoňa görä-de, baky Bitaraplyk hukuk derejämiz dünýä halklaryny parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän nurana taglymat hökmünde ykrar edildi. Hemişelik Bitaraplyk derejämiz halkymyzyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlarynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerini dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga giň ýollary açdy.
Häzirki döwürde halkymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, ynasanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň baky Bitaraplygynyň hukuk derejesi we onuň barha pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar. Munuň özi, bütin adamzada ösüş, parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, ynanyşmak, abadan durmuş isleýän ýüreklerimiziň emridir. Onda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş we medeni hakykaty ýaşaýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize esaslanýan «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyran ýolumyz buýsançly baýlygymyz hökmünde içgin öwrenilýär we ösdürilýär, nesillerimizi milli watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk, açyklyk, islendik meseläni gepleşikler we düşünişmek arkaly, agzybirlikde çözmek hem-de birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemeklige, ýaşlarda merdana milletimiziň şöhratly däplerine, şanly taryhyna söýgi döretmeklige uly üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, daragtlar arasyndan özüni saýlan derek kimin pajarlap ösýän Türkmenistanyň goňşy we alysdaky döwletler bilen dostlukly, jebis gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak bilen parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna dünýäniň döwletleri we halklary bilen hoşniýetli goňşyçylyk, dostluk hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Baky Bitaraplyk syýasy ýörelgämiz parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny ileri tutmagy, sebitiň geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen ýurdumyz özüniň kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly, baky Bitaraplyk syýasatymyz öz ýurdumyza, sebite we dünýä abadançylyk nuruny çaýmak bilen, biziň bütin bagtly durmuşymyzy berkitmegimiziň daýanjydyr. Beýik özgertmelerimiz, şu güne we geljege hyzmat edýän ähli taryhy tutumlarymyz abadan, nurana durmuşy, dünýäde dostana gatnaşyklary, ösüşi hem hyzmatdaşlygy ileri tutýan mukaddes ýörelgämiziň saýasynda amala aşýandyr. Täze kitapda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şu güne çenli iki gezek resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeketäk hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhy ösüş ýolynyň, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi we beýleki birnäçe ugurlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň onlarçasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň iri halkara guramalary we BMG-niň abraýly edaralary bilen netijeli gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan has-da ýokary sepgitlere ýetýändigini tassyklaýan resminamalaryň, halkymyzyň milli ruhuna, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine mahsus aýratynlyklaryň, türkmeniň parahatsöýüjilik, hoşmeýillilik, myhmansöýerlik ýaly döwletlilik ýörelgeleri bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlaryň ençemesiniň ýerleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň baky Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli medeni mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky asylly başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny doly subut edýär.

Agamyrat BALTAÝEW