Aşgabadyň waspy – dillerde dessan
Eziz Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabat günsaýyn tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan desgadyr binalaryň her biri onuň sungat derejesindäki gurluşyk-binagärlik görküne özboluşly sazlaşyk goşýar.
«Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz merjen şäherimiziň baş binagäridir. Soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda üstünlikli amala aşyrylan gurluşyk taslamalary — gurlan medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport desgalary, kaşaň ymaratlar, köşkler, belent ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de suw çüwdürimleri, şaýollar, köpugurly köprüler, seýilgähler we beýlekiler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miweleridir.
Arkadagly döwrümizde Aşgabadyň döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gerimi barha giňeýär. Şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, paýtagtymyzy gurmagyň çäklerinde giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Geçen şanly ýylymyzda paýtagtymyzy gurmagyň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylmagy hem täze taryhymyza şan goşan ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Bu nobatdaky tapgyrda Aşgabadyň gözel künjeginde 12 gatly 48 we 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 16-synyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen bagtyýar maşgalalaryň ýüzlerçesine jaý toýlaryny toýlamaga mümkinçilik açyldy.
Arkadagly döwrümiziň döredijilik ruhuny we ýurdumyzyň ösüşini öz keşbinde jemläp, owadanlygy we gözelligi bilen göreni haýrana goýýan merjen şäherimiz mundan beýläk-de gülläp öser. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak boýunça kabul eden Karary şeýle diýmäge esas berýär. Şol resminama paýtagtymyzyň çäklerini giňeltmegiň, gözelleşdirmegiň, ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň, baş şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagyny üpjün etmegiň ýolunda buýsançly wakadyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanyljakdygy şatlygymyza şatlyk, buýsanjymyza buýsanç goşýar. Aşgabady dünýäniň iň owadan, nusgalyk şäherine öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW