Parahatçylyk we ynanyşmak nowruzy
Türkmenistanyň Prezidenti:
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
- Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan,
parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we
hoşniýetli goňşyçylyk däplerini, umumyadamzat
ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň
biri hem Nowruz baýramydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ýylynda Nowruz baýramyny türki halklar bilen bilelikde bellemeklik agzybirligiň, doganlygyň, parahatçylygyň gözbaşydyr.
Nowruz – dost-doganlyk, jebislik agzybirlik ýaly iň gowy däpleri özünde jemleýän baýramdyr. Nowruz – umytlaryň hasyl bolýan güni, täze ýaşaýşyň gözbaşy, «täze gün» diýmekligi aňladyp, täze güniň buşlukçysydyr.
Biz, doganlyk ýurtlary bolan Türkmenistanyň, Türkiýanyň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň Özbegistanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklibi boýunça dünýä döwletleriniň goldamagynda 2010-njy ýylda Gündogar Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada Rezalýussiýa kabul edilmeginiň şaýadydyrys. Bu bolsa, müňýyllyklardan bäri Nowruz baýramyny belläp gelýän doganlyk ýurtlaryň arasyndaky agzybirlik, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik birleşigi bolyp durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Nowruz baýramy halklaryň arasyndaky parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy medeni däp - dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy höküminde giňden bellenilýär» diýip belleýär.
Bu baýram täze güniň dogmagyny, asudalygy, şatlygy, doganlygy paýlaýar. Şonuň üçin hem türkmen halkymyz bu baýrama uly sabyrsyzlyk bilen garaşyp, döwlet derejesinde geçirýär. Muňa şaýat edip, Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda biziň döwletimiz Nowruz baýramynda däp-dessurlara esaslanyp, Ahal topragyndaky Köpetdagyň eteginde, Mary topragynda «Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň» açylmagyny belläp bileris. Bu bolsa häzirki beýik döwrümizde milli gymmatlyklarymyza nähili belent sarpa goýulýandygynyň ajaýyp subutnamasy bolup, taryhymyza girdi.
Nowruz baýramy gündogar döwletlerine we türkmen halkyna özleriniň gadymdan gelýän däp - dessurlaryny, edim-gylymlaryny, medeniýetini jahana ýaýmaga giň mümkinçilikler döredýär.
Bu baýramda türkmen halkynyň gelin-gyzlary läle kakyp, monjugatdy oýnuny oýnapdyrlar. Milli tagamlary bişirip biri-birlerine hödür kerem edipdirler. Şeýle-de ok-ýaý, bedew, at çapyşyklar ýaly oýunlar gurnalyp, gyzlaryň, ýaşlaryň waspy ýerine ýetirilipdir.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda at-abraýy gönüden –göni arşa göterilýän türkmen ilinde halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň rowaçlanmagy, parahatçylygy, dostlugy we hoşniýetli goňşyçylygy, toýlarymyzyň toýlara ulaşmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsyn.
Täzegül REJEPOWA