Ak mermerli mekanymyz Aşgabada – 140 ýyl
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly özgerişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halky üçin amala aşyrýan işleri sanardan kän. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan her bir iş halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilýär.
Häzirki günlerde ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeler netijesinde ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn ösüp-özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aşgabat şäherimizde gurlan binalar we desgalar dünýä derejesine ýetdi.
Ine şu ýyl hem Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ägirt uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Paýtagtymyzyň köçelerinde bu şanly sene mynasybetli bezegler, gutlaglar ýerleşdirilen. Halkymyzyň her bir raýaty, medeniýet we sungat işgärleri hem bu şanly waka, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli öz goşandyny goşmaga çalyşýarlar.
Paýtagtymyz Aşgabat 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Gözel paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalaryň meşhur Ginnesiň rekordlar kitabynda girizilmegi bizi diýseň buýsandyrýar.
Ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň görnükli wekilleri, halypa suratkeşler we ýaş şägirtler öz döreden ajaýyp eserleri bilen ak şäherimiz Aşgabadyň keşbini ähli gözelligi bilen şekillendirýärler. Halypalaryň döredijiliginden ugur alyp, sungatyň inçe syrlaryny öwrenen täze nesil suratkeşler özboluşly usulda ajaýyp eserleri döredýärler. Şeýle halypalaryň döreden nusgawy eserleri goralyp saklanýan Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 140 ýyl mynasybetli sergi taýýarlanýar. Sergide halypa suratkeşler Olga Mizgirýowa, S.Beglýarow, Ýewgeniýa Adamowa, Nyýazmyrat Dowodow, Haky Allaberdiýew, Ýakup Annanurow, Yzzat Gylyjow, Aýhan Hajyýew, Durdy Baýramow, Aman Amangeldiýew, Çary Amangeldiýew, Annadurdy Almämmedow, Saparmämmet Meredow, Gennadiý Babikow, Stanislaw Babikow, Inga Pawloskaýa, Tamara Kiselýowa ýaly ussatlaryň, şeýle hem, çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ajaýyp eserleri öz ornuny tapdy. Nakgaş eserlerde ajaýyp reňk öwüşgünleri, heýkel eserleriň täze usulda işlenilmegi, keramiki we haly önümleriň hem täze usullarda döredilmegi ýurdumyzyň sungatynyň ýokary derejelere ýetendiginiň subutnamasydyr. Suratkeş Inga Pawloskaýanyň «Şäher gurluşygy» atly eserinde hem paýtagtymyzyň täze ak binalary, tebigatymyzyň gözelligi bütin ajaýyplygy bilen suratlandyrylan. Saparmämmet Meredowyň «Altyn güýz» atly eserinde hem gözel paýtagtymyzyň keşbi güýz paslynda, altynsöw reňkleriň sazlaşygynda beýan edilen. Her bir suratkeş eserinde ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini özboluşly ýerine ýetirýär. Suratkeş Rejepgeldi Çüriýewiň «Galkynyş» atly eserinde hem ak şäherimiz Aşgabadyň üstünden badalga bilen öňe barýan ak atly çapyksuwaryň keşbi suratlandyrylan. Onuň elinde ýaşyl tugumyz, watanymyza bolan joşgunly söýgüni alamatlandyrýar. Nakgaş eserler bilen bir hatarda ussat heýkeltaraşlaryň, haly ussatlaryň we keramikleriň döreden eserlerinde türkmen topragymyza, halkymyza we paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan eserler dürli görnüşde, çylşyrymly usulda ýerine ýetirilen.
Umuman sergide her bir ussadyň döreden eserinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän türkmen topragyna, halkymyza we ak şäherimiz Aşgabada bolan çäksiz söýgüsi beýan edilýär.
Nurjemal TURŞEKOWA