Mahmyt Zamahşary
Gündogarda «Fahru Hwarazm» (Horezmiň hormaty) diýlip tanalýan Abulkasym Jarullah Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet ibn Omar ibn Ahmet Zamahşary Horezmidir. Bu beýik alym 1075-nji ýylyň 19-njy martynda (467-nji hijri ýylynyň Rejep aýynyň 27-sine) häzirki Görogly etrabynyň Zamahşar (Yzmykşir) obasynda dünýä inýär.
Mahmyt Zamahşary ýaşlyk ýyllaryndan ylma uly höwes bildirýär. Ilkinji sowady öz kakasyndan alan alym, soňra Köneürgençde, Buharada ylmyny artdyrýar. Ylymda has-da çuňluklara ýetmek üçin Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Merwde, Nişapurda, Şamda, Hijazda ylmyň, medeniýetiň ösen ýerlerinde okaýar. Beýik alym soňky nesiller üçin örän uly ylmy baýlygy miras galdyrypdyr. Onuň sözlük düzülişe, geografiýa, edebiýata, goşgy düzüliş kadalaryna, dini ylymlara degişli altmyşdan gowrak ylmy işi mälimdir.
Diliň grammatikasyny öwrenmekde edilen esasy işleriň biri hökmünde Mahmyt Zamahşarynyň «El-mufassal» işini görkezmek bolar. Bu iş Mekgede bir ýarym ýylyň dowamynda ýazylýar. Ol bu işi 1121-nji ýylda tamamlapdyr diýlip hasaplanylýar. Kitapda arap diliniň morfologiýasy we sintaksisi hakynda gymmatly pikirler bar. «El-mufassalda» grammatika söz toparlary — atlar, işlikler, goşulmalar arkaly öwrenilýär. Işiň her bir bölüminde morfologiýanyň we sintaksisiň meseleleri özara baglanyşyklylykda derňelipdir. Fonetika barada hem durlup geçilipdir.
Mahmyt Zamahşary «Mukaddymatul-edep» atly («Dil bilimine giriş») kitabyny 1137-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Alym bu işinde öz döwründe ulanylan sözleri jemlemegi, sözlük görnüşine getirmegi, olaryň etimologiýasyny öwrenmegi maksat edinipdir. Kitap bäş bölümden ybarat bolup, atlar, işlikler, ownuk bölekler, ýöňkemeler, zamanlar ýaly bölümlere bölünýär.
Zamahşary özüniň grammatiki we leksikografik işlerinde materiallary mümkin boldugyndan gysylan görnüşde, ýöne mazmun taýdan giň beýan etmäge çalşypdyr, çeper eserlerinde bolsa çylşyrymly stili, sazlaşykly jümleleri peýdalanmak bilen, arap dilinde seýrek ulanylýan sözleri, manydaş sözleri (sinonimikany) ulanypdyr.
Türkmen halkynyň beýik ogly, dünýäniň belli alymlarynyň biri hasaplanylýan Mahmyt Zamahşarynyň döredijiligi köptaraplylygy, çäginiň giňligi bilen tapawutlanýar. Alymyň ýiti zehinini pikir babatdan garşydaşlary-da ykrar edipdirler hem-de ony «Araplaryň we arap dälleriň mugallymy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu bolsa Zamahşarynyň işlerine berlen beýik bahadyr.
Gülnar Çaryýewa