Ellerim işli bolsun


Ellerim işli bolsun



Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, estetiki-gözellik dünýäsini, milli däp-dessuryny häsiýetlendirýän türkmen milli egin-eşikleri biziň medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Halkymyzyň taryhynyň belli bir döwürlerinde döredilip, soňra nesiller tarapyndan kämilleşdirilip gelinýän milli eşiklerimiziň ähmiýetini we aýratynlygyny bilmek üçin onuň döreýiş we ösüş köklerini öwrenmek zerurdyr. Her bir döredilen egin- eşiklere, olaryň nagyşlaryna ene-mamalarymyzyň arzuwy, islegi, pähim- paýhasy siňipdir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde işleýänligim üçin, men bu sowgatlar barada ýazmaga, buýsanmaga haklydyryn. Ýürek buýsanjymy ýazman durup bilmedim. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan edilen şu ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň öz elleri bilen bejeren kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň tabşyrylmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde uly dabara bolup geçdi. Bu dabaranyň çäklerinde «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat hem geçirildi. Dabara ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň däp-dessurlary, gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri, aýratyn-da türkmen kürtesi we keşdeçilik sungaty barada gürrüň etdiler. Ogulabat ejäniň el hünäri, çeperçilik ussatlygy barada aýdyp, öz eden kürtesini muzeýe tabşyrmak bilen nusgalyk görelde görkezendigini bellediler.
Ogulabat ejäniň öz elleri bilen bejeren kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň biziň muzeýimize tabşyrylmagy biz muzeý işgärlerini begendirdi, buýsandyrdy. Depämizi göge ýetirdi. Häzirki döwürde hem muzeýimiziň gelim-gidimi kemelenok, gelýän gelin-gyzlaryň yzy üzülenok, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň zenan deputatlary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary muzeýimize gelip, Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan kürtäni we gülli joraby synlap, Ogulabat ejäniň nagyşdyr nusgalary döretmäge örän döredijilikli çemeleşip, gelin-gyzlarymyza gymmatly milli mirasy peşgeş berendiklerini buýsanç bilen belleýärler. Eli çeper Ogulabat ejäniň sünneläp bejeren el işleri bolan kürtesidir gülli jorabynyň gözelligine älem aşyk. Kürtedäki bejerilýän keşdeler düz hem-de owadan düşer ýaly, ussat Ogulabat eje köp zähmet sarp edipdir. “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýdirýän el işlerini gözellik kaddyna getirmek üçin zehin hem-de sabyrlylyk gerek. 20 günüň içinde taýýar bolan kürte Ogulabat ejäniň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden, tutanýerliliginden habar berýär. Tikin tikip, keşde gaýamak aňsat iş däl. Emma muňa garamazdan, Ogulabat eje bu kürtäni şeýle inçelik bilen, şol döwre mahsus görnüşde bejeripdir. El işleriniň içinde keşde iň inçesi hasaplanyp üşükliligi talap edýändir. Ine şular dogrusynda, muzeýe gelýän myhmanlara biz muzeýiň ylmy işgärleri uly buýsanç bilen milli sungata, el işlerine söýgi döretmek üçin geçen taryhy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten gymmatlyklar barada köp gyzykly gürrüňler berýäris.

Gözelligiň baýdagyna öwrülen Ogulabat ejäniň hünärli ellerinden çykan çeper kürte keşdeçilik senediniň naýbaşysy bolmak bilen Döwlet muzeýine berlen gymmatly sowgatdyr. Ýaş gyzlarymyza edep, ejap, işeňňirlik öwredýän Ogulabat eje terbiýe mekdebidir.
Biz muzeýiň ylmy işgärleri bolup, mähriban Ogulabat ejäniň muzeýimize sowgat beren kürtesi we gülli joraby barada her bir nagşy, tikiliş usuly barada ylmy maglumatlary toplap, kürteler baradaky maglumatlaryň üstüni ýetireris diýip, ynandyrýarys. Şeýle hem ene-mamalarymyzdan miras galan çeper keşdelenen gadymy kürteleriň asyl nusgalary Döwlet muzeýiniň gaznalarynda geljekki nesillerimiz üçin goralyp saklanylýar.
Biz bagtyýarlyk zamanymyzda ene-mamalarymyzyň ajaýyp kesp-kärlerini dowam etdirýän gelin-gyzlarymyza buýsanýarys. Geçmiş taryhymyzy öwrenmäge, dikeltmäge, geljekki ýaş nesiller üçin milli mirasymyzy, maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga uly ýardam berýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.Ýaş nesillerimizi Watansöýüjilik ruhunda, milli mirasymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek biz muzeý işgärleriniň esasy borjudyr.

Amangül Karakulowa