Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany Awazada bolup geçen halkara çäreleri munuň aýdyň subutnamasy boldy


Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany Awazada bolup geçen halkara çäreleri munuň aýdyň subutnamasy boldy



Bu gün biz ata Watanymyz Türkmenistan — parahatçylygyň hem ynanyşmagyň, dostlugyň hem ösüşiň mekany diýip, uly buýsanç hem guwanç bilen aýdýarys! Hawa, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty bilen türkmen döwletiniň abraý-mertebesi, şan-şöhraty belende galýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň we milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň goldanylmagy halkara abraýynyň ykrarnamasydyr. Eziz Diýarymyz halkara derejesinde, özi-de halklaryň ösüşine hem abadançylygyna, asudalygyna gönükdirilen maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän, dünýä möçberinde ylalaşyklaryň gazanylýan ýerine öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreler munuň nobatdaky subutnamalary boldy. Şol gün dünýäniň nazary bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny, ençeme döwletler, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýöredýän, şöhratly menzillerde rowaç gadamlar bilen öňe barýan Türkmenistana, Arkadag paýhasy bilen gojaman Hazaryň kenarynda döredilen, dünýä syýahatçylygynyň merjeni bolan Awaza gönükdi.
Geçen anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrdy. Ýokary üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýurdumyzyň dünýäde we sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek hem-de özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkara medeni gatnaşyklaryny ösdürmek babatda alyp barýan işleriniň uludygyny, Türkmenistanyň dosta hem dogana ýüreginiňdir gapysynyň açykdygyny ýene bir ýola görkezdi.

Dünýä ýaň salan halkara çäreleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Hazaryň dostlugyň, ylalaşygyň hem hyzmatdaşlygyň deňzi bolup durýandygyny subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazar deňzi dünýädäki täsin ýerdir. Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly görnüşi emele geldi, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy» diýen sözleri bar. Täze taryhy döwürde giň gerimde Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilip, gatnaşyklaryň köprüleri has-da berkedi. Awazada halkara forumlarynyň ençemesi geçirildi. Olarda dünýäde we sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirilip, degişli resminamalar kabul edildi. Iki ýyl mundan ozal hut şu ýerde, Awazada birinji Hazar ykdysady forumy üstünlikli geçirildi. Dünýäde giň seslenme tapan bu forum sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag, söwda-ykdysady, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açdy.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem halklaryň köp asyrlyk taryhy köklere daýanýan dostlukly gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýändigini görkezdi. Taryha ýüzlenenimizde, sebitde ýaşaýan halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigine göz ýetirýäris. Merkezi Aziýanyň halklarynyň medeniýetinde, däp-dessurlarynda umumylyklaryň bolmagynyň özeninde hem halklaryň taryhy dostlugy hem-de şol esasda emele gelen hoşmeýilli ýörelgeleri durýar. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistan tarapyndan sebitde parahatçylygy berkitmek, howpsuzlygy üpjün etmek, oňyn gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça tutumly işler geçirilýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşmegi hem-de onuň açylan gününden bäri geçen wagtyň içinde sebitde we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini emele getirmek boýunça uly işleri alyp barandygyny nygtap geçmek gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek», «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Merkezi Aziýada durnukly syýahatçylyk we durnukly ösüş» atly Kararnamalar kabul edildi. Bu resminamalar birleşen tagallalar esasynda sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetiniň uludygyny subut edýär.
Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy ählumumy durnukly ösüşe ýetmekde, özara bähbitli we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde, gender deňligini üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda täze sahypalary açdy. Bu ugurda halklaryň bähbidine gönükdirilen işleri has-da ilerletmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi. Sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bolsa medeni gatnaşyklaryň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Bu halkara ähmiýetli çäreleriň ata Watanymyzyň dünýäde eýeleýän abraýly ornuny hemmetaraplaýyn berkitmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň umumadamzadyň beýik maksatlaryny we oňyn ýörelgelerini özüne birleşdirýän syýasatynyň, dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň abadançylygynyň, ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan işleriniň dabaralanmasyna öwrülendigini aýratyn nygtamak gerek.
Goý, pähimli hem paýhasly, öňdengörüjilikli hem ynsanperwer syýasaty bilen türkmen döwletiniň hem halkynyň abraý-mertebesini beýgeldýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Muhammetmyrat Öwezow