Täze ýyl arzuwlary
Bu gün arzuwym köp Täze ýylmyza,
Päk zähmetde halal-haýyr ýyl bolsun!
Gapymyzdan dostlar girsin ýylgyra,
Toýlarda märeke — ýygyn ýyl bolsun!
Arkadagly bedew batly Watanda,
Bagtyýarlyk döwri — baky baharda,
Şöhratymyz zyýat bolup jahanda,
Gülläp ösýän bilim, ylym ýyl bolsun!
Ene mähri, zenanlaryň söýgüsi,
Şahyrlaryň wasp eýleýip öwdügi,
Zenan kalby nura besläp döwrümi,
Göwünler bir-bire ýakyn ýyl bolsun!
Zähmetiň höziri goýup haýrana,
Baýlyk ýagsyn halal işe haýdana.
Ak garlygy alna sylan daýhana,
Bereketli hasyl — ýygym ýyl bolsun!
Açyk bolsun göwünler hem gapylar,
Saglyk bolsa, galan zatlar tapylar.
Hoş söz aýdanlara serpaý ýapylar,
Söýünji dessurly yrym ýyl bolsun!
Köňül — bir galadyr, ýykylmasyn hiç,
Ýerliksiz bir söze ökünmäliň giç.
Bizi adam edýän diňe halal iş,
Rowaçlanýan edim-gylym ýyl bolsun!
Gadam goýsak ulus-iller, halk bilen,
Arzuwlardan doly göwün-kalp bilen,
Belent maksatlara batly bars bilen,
Aýdyň gelejege ugur ýyl bolsun!
Akmyrat REJEBOW