YLYM HAZYNASY
Ajaýyp zamanamyzyň bedew badynyň syry Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan işleriň her biriniň halkymyzyň geljeginiň bagtyýarlygyna gönükdirilýändigindedir. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösüşleriň täze menzillerine ýetirer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy. Bu jümlede aýdyň geljegimiziň her bir pursatynyň galkynyşlara beslenjekdiginiň beýany bar.
Geçilen menzillere nazar aýlanyňda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde medeniýetde, şol sanda kitaphana ulgamynda uly özgerişlikleriň durmuşa geçirilendigini hem buýsanç bilen ýatlaýarys. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda» Kararlary «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny bu ugurdaky durmuşa geçirilen we geçirilýän tutumly işleriň binýady boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň onlarçasyny özünde jemleýän bitewi elektron kitaphana ulgamy döredilýär. Bu işleriň netijesinde ýurdumyzyň kitaphanalary bu günki gün — tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň barha giňeýän döwründe ygtybarly maglumatlar hazynasyna öwrüldi.
Öňde-de bir akyldar kitaby ylymlaryň gapysyna meňzedipdir. Bu gapydan ätlän ynsanyň ruhy dünýäsi baýaýar, ädimlerine ynam goşulýar. Şeýlelikde, ylym hazynasy bolan kitaphanalara täze ömür bagyşlamagy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyzyň uly-uly menzilleri aşmak üçin ruhy güýç bagyş etmegidir. Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Däp-dessurlarymyzyň we medeniýetimiziň ähli babatda köpdürlüligi we beýikligi milletimiziň genetiki gaznasydyr. Şoňa görä-de, geljekde biziň esasy wezipämiz milli medeniýetimiziň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny toplamak, abat saklamak, öwrenmek we wagyz etmek bolmagynda galýar» diýen sözleri rowaçlygy nazarlap amala aşyrylýan işleriň dowamly boljakdygynyň äşgärnamasy bolup, her birimiziň öňümizde belent wezipeleri goýýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň we 2022-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň tassyklanmagynda-da bu günki gün her bir tutumda ýedi ölçäp, bir kesilýändiginiň durmuşy beýany bar.
Ýurdumyzy ösüşlere, ömrümizi bagtyýarlyga beslän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Päk niýet bilen gadam uran ýollarymyz rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat ATAÝEWA