Türkmeniň uçar ganaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda belent sepgitlere ýetilip, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip, türkmen halkynyň milli-ruhy bitewüligi dünýä dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplarynda ahalteke bedewlerimiziň baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidigi, halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydygy barada giňişleýin beýan edilýär.
Ajaýyp sungat eserlerini döretmekde ýurdumyzyň gözel tebigatyny, asuda asmanyny, parahat Watanyny wasp etmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Gözel ýurdumyzyň suratkeşleri, heýkeltaraşlary ahalteke bedewlerimizi şöhratlandyryp, birnäçe döredijilik eserlerini ýerine ýetirýärler.
2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmeniň uçar ganaty” atly döredijilik sergisi açyldy. Bu sergide çeperçilik akademiýanyň mugallymlarynyň, talyplarynyň we uçurymlarynyň, erkin suratkeşleriň döredijilik eserleri görkezilýär. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli eserler we fotosuratlar görkezilýär. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň döredijilik eserlerinde gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýäde giňden tanalýan ahalteke bedewleriniň keşplerine uly orun berilýär.
Allanur Kurbanberdiýewiň “Miras” eserinde erkana duran, türkmen halysy, eýer we at şaýlary bilen bezelen gamyşgulak bedewi türkmen sährasynda asuda asmanyň astynda suratlandyrypdyr. Şeýle hem suratda halynyň üstünde dutary, tüňçäni we horjunyň içinde kitaplary şekillendirilipdir. Irki zamanlarda bir ýerden basga ýere göçülende we daş ýola gidilende atyň üsti bilen gidilipdir. Duşman çozan mahalynda bedew at bilen söweşe gidilipdir. Bu gudratly jandar özüniň ýyndamlygy bilen söweş meýdanynda hem kömek edipdir. Bu bedew aty renki hem türkmen topragynyň mele reňki bilen kybapdaş gelýär. Nakgaşlyk eserinde türkmen halkynyň buýsanjy bolan bedew atymyz barada şeýle hem bu atyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen ajaýyp keşbi barada beýan edilýär. Hakykatdan hem türkmen bedewi bütin dünýä derejesinde häzirki wagtda özüniň gözelligi we ýyndamlygy bilen birinji orunda durýar. Türkmenleriň “Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen sözi hem ýöne ýerden aýdylmaýar. Suratda çeper şekillendirilişi ýaly hakykatdan hem bedew atymyzyň gözelligine görk goşmak maksady bilen olary altyndan, kümüşden ýasalan şaý-sepler bilen bezelipdir. Zergärler edil gelin-gyzlaryň şaý-seplerini ýasaýyşlary ýaly bedew atlar üçin hem şaý-sepleri ýasapdyrlar. Aty bezemek üçin göwüsbent, maňlaýlyk ýaly şaý-sepler ulanylýar. Olar kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylýar we gymmatbaha daşlar bilen bezelýär. Bu hem bedew atyň türkmenler üçin nähili ileri derejede durýandygynyň aýdyň şaýadydyr.
Atlar – adamzat ruhy medeniýetiniň bir bölegidir. Olaryň owadanlygy, akyllylygy, rehimliligi, ajaýyp sazlaşykly güýji bilen elmydama adamlary özüne maýyl edýärdi. Atyň gözelligini şahyryň galamy, nakgaşçynyň çotgasy, heýkeltaraşyň kesgiji hem wasp edýär. Serdar Agaýewiň “Bedewim, ak bagtym” atly işinde biziň gadymdan gelýän asylly toý däplerimiz beýan edilýär. Irki döwürlerde gelni gyzyl kürtesi bilen ata mündirip ýa-da kejebe bilen düýä goşup ugradypdyrlar. Gelniň başyndaky kürtesi ondan aşak towlanyp gaýdýan seçekleri hem-de gelniň tutuş durky bizin ene-mamalarymyzyň asyllylygynyň nyşanydyr. Akademiki çeperçilik usulynda ýerine ýetirilen bu eserde ahalteke bedewiniň owadan keşbi şekillendirilýär.
Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň “Türkmen bedewleri” atly nakgaşlyk eserine üns bilen syn edeniňde ilkinji nobatda ýerleşdirilen beýikli-pesli Balkan daglaryny görmek bolýar. Türkmen topragynyň genji hazynasynyň biri bolup tebigatyň görküne görk goşýan bu daglar hakykata kybapdaş şekillendirilipdir. Daglaryň reňklerine syn edeniňde gyşyň gidip ýazyň dolanyp gelendigine gözüň ýetýär. Daglar bilen sepleşip giden bu gojaman asman türkmeniň arassa asmanyny jana derman howasyny görkezýär. Dagyň eteginde gojaman Awazanyň beýhuş tolkunlary bir başynda bolsa Awazada ýerleşýän myhmanhanalar şekillendirilipdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda syýahatçylyk zolagynyň naýbaşysy bolan Awazanyň ajaýyp şekili görenleri haýrana goýýar. Tolkunlary böwsüp barýan bu iki bedew at janly taryhymyzdyr.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly haly eserinde hormatly Arkadagymyzyň heýkeli ýerleşdirilen. Türkmen halkynyň Arkadagynyň ata atlanan heýkeliniň arkasynda Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilen. Türkmen topragyna Pyragynyň arzuw eden zamanasyny getiren hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp halynyň çitimlerine goşulan keşbi gudraty döredijiliginiň şaýadydyr. Şular ýaly ajaýyp zamanamyzda döredijilik sergileri bilen meşgullanmaga, okamaga, giň mümkinçilik berýän, ajaýyp sergileri halka ýetirmäge, synlamaga giň ýol açýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun! Ýaş suratkeşleriň galamynyň ýiti bolmagyny, sungat äleminde uly üstünlikler gazanmagyny, döredijiliginde uly üstinlikleri arzuw edýäris!
Hallygözel Muhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby
+99362385162