TÜRKMEN HALYSY — GÖZELLIGIŇ NUSGASY


TÜRKMEN HALYSY — GÖZELLIGIŇ NUSGASY



Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen dörän, yhlasy bilen nepislige ýeten, ýürekleriniň ýyly mähri siňen türkmen halysy deňsiz-taýsyz kämillige ýeten sungata öwrüldi. Haly — hal-ýagdaýy beýan ediji keramat, ol okana kitap, synlana sungat. Türkmen halysyna salynýan göller, nagyşlar türkmen tebigatyny, ondaky al-elwan gülleri, gözelligi bilen ünsümizi özüne çekýän haýwanlary, ýaşaýşyň gözbaşy bolan derýalary, Ýeriň myhy hasaplanýan dag-lary, bakylykdan nyşan Güni, Aýy, ýyldyzlary şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimiz, milli gymmatlygymyz bolmak bilen, türkmeniň ruhy dünýäsini, medeniýetini özünde jemleýän sungat eseridir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly aja-ýyp eserlerinde beýan edilýän maglumatlardan hem mälim bolşy ýaly, gady-myýetden häzirki güne gelip ýeten, şeýle hem dürli döwürlerde dokalan türk-men halylarynyň hersi özünde päk arzuwlary saklaýar. Agzybir halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigini häzirki günde amala aşyrylýan milli däp-dessurlarymyzda hem görýäris.
«Paýhas çeşmesi» atly kitapda türkmen halylary hakynda beýan edilýän «At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi», «Haly ýüwürdip, kilim kesme» ýaly nakyllar örän uly many-mazmuna eýedir. Bu nakyllaryň üsti bilen, ilkinji no-batda, halkymyz kalbynyň töründe hem-de geçmiş-taryhynda çarpaýa galýan atyna we öýüni, törüni bezeýän halysyna bolan tükeniksiz buýsanç beýan edilýär, çünki türkmen gelin-gyzlary öz ýüreklerinde beslenen arzuwlaryny hala ussatlyk, in-çelik, nepislik bilen siňdiripdirler. Olar tebigatyň gözel keşbini, ymgyr çölüni, dagdyr düzüni, türkmen sährasyny, deredir ýaýlasyny, tebigatyň jümmüşindäki özbo-luşly reňkleri nagyşlaryň üsti bilen halylara siňdirmegi başarypdyrlar.
Türkmen halysynyň nagyşlarynyň nusgalaryna gadymy gölleriň, şekille-riň gabat gelýändigi häzirki döwürde aýan edilen hakykatdyr. Munuň şeýledigi-ne Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň üsti arkaly doly göz ýetirmek bolýar. Türkmen halylary hakynda iň ilkinji ýazuw çeşmesi XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden italýan syýahatçysy Marko Pola de-gişli edilýär. Marko Polo türkmen halylarynyň «dünýäde iň inçe we owadan» halylardygyny nygtap geçipdir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet nyşanlarynyň aý-rylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, mil-liligine mahsus sazlaşygyny, parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistan Watanymyzyň özboluşly ajaýyp keşbini suratlandyrýar.
2019-njy ýylda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümeta-ra komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini hem buýsanç bilen bellemelidiris.
Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýa-dy bolup hyzmat edýär. Merdana halkymyzyň ruhy hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysynyň şanyna ýurdumyzda toý-baý-ramlar uludan tutulýar. Munuň özi çeper elli halyçylarymyza, halyçylyk sunga-tyna ömürlerini bagyş eden ene-mamalarymyza goýulýan çäksiz we egsilmez sarpa-dyr.

Aýna KIÇIÝEWA