WELOSPORT: tebigat bilen sazlaşyk


WELOSPORT: tebigat bilen sazlaşyk



Welosipediň döreýiş taryhyna gysgaça ser salsak, 200 ýyldan gowrak wagt mundan öň, ýagny 1817-nji ýylda welosiped oýlanyp tapyldy diýlip çaklanylýar. Ol häzirki kämil görnüşine gelýänçä, dürli ýyllarda dürli görnüşlerde bolupdyr. Germaniýaly alym Baron fon Drez ilkinji welosipediň gurluşyny oýlap tapan hasaplanylýar. Şondan birnäçe ýyl soň şotlandiýaly alym Kirkpatrik Makmillan onuň has kämilleşen — yzky tigrini herekete getirýän ryçag goýlan görnüşini ýasaýar. 1865-nji ýylda fransiýaly Pýer Lalman welosipedi has kämil görnüşde gurnamagy başarýar. Wagtyň geçmegi bilen, saklaýjy abzaly ilki pedalyna, birnäçe wagtdan soň ruluna goýupdyrlar. Munuň özi, welosipediň gitdigiçe kämilleşip gelendigini aňladýar. Şunlukda ulagyň bu amatly görnüşi ýuwaş-ýuwaş halk köpçüligine ýaýrap başlapdyr. XIX asyryň 90-njy ýyllaryny welosipediň «Altyn asyry» diýip atlandyrypdyrlar.
Welosiped ulagyň beýleki görnüşlerinden elýeterliligi, ygtybarlylygy, hususan-da, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin, adatça, açyk howa şertleri saýlanyp alynýar. Adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygy saglygyň kepili bolup durýar. Dag eteklerinde, tokaý zolaklarynyň gyralarynda, ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinde welosiped sürmek janly tebigata ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda sagdyn durmuş kadalaryny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça çäreleri görmek, ýerleriň ekoulgamyny goramak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şeýle hem, resminama laýyklykda, BMG-niň ähli agza döwletlerine, halkara, sebit we milli sport guramalaryna raýatlara we beýleki gyzyklanýan taraplara şol gün Bütindünýä welosiped gününi geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek we ony giňden ýaýratmaga işjeň gatnaşmak teklip edilýär. Şonuň ýaly-da, guramanyň sportuň bu görnüşini wagyz-nesihat etmek babatda çagyryşlary bar. Onuň durnukly ösüşe, beden taýdan terbiýelemäge we bilimi berkitmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi, dünýäniň 56 döwletiniň bu halkara resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwänamasy boldy. Kararnamada 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatdaky Gün tertibini amala aşyrmakda sportuň eýeleýän ähmiýetli orny beýan edilýär. 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy» guraldy. Şondan bir ýyl soň, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi. Bu hem «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişi» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýyl 12 kilometrlik welosipedli ýörişden başga-da, Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan «Welosiped» binasynyň açylmagy bilen ýatda galdy.
Häzirki wagtda welosipedli ýörişleriň ýurdumyzda jemgyýetçilik üçin örän ähmiýetli çäreleriň birine öwrülendigini ynamly aýtmak bolar. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňyn täsir edýär, bedeni berkitmäge ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen Garaşsyz Diýarymyzda ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýan welosipedden ulag hökmünde giňden peýdalanmak, welosiped sportuny ösdürmek babatda baý tejribe toplanyldy. Olimpiýa şäherçesindäki üsti ýapyk welotrekde welosport boýunça milli we dünýä derejesindäki iri ýaryşlary geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Bu häzirki zaman sport toplumynyň welosiped ýollary ähli ölçegler boýunça degişli halkara talaplaryna doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Umuman, welosport jemgyýetimizde barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň sany günsaýyn artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga, halk köpçüliginiň, esasanam, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine işjeň çekilmegine itergi berýär. Şu jähetden döwletimiziň sport ulgamynda gazanýan üstünliklerine buýsanyp, sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuşyň möhüm talaplaryny gündelik berjaý etmek we öz saglygymyz üçin raýdaşlyk jogapkärçiligini duýmak her bir raýatyň möhüm borjuna, aýrylmaz endigine öwrülýär.

Gurban MYRADOW