DAŞKY GURŞAWYŇ ABADANÇYLYGY


DAŞKY GURŞAWYŇ ABADANÇYLYGY



Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet we dünýä ähmiýetli alyp barýan işlerinde ekologiýa abadançylygyna, tebigy baýlyklarymyzyň, gözelliklerimiziň goralyp saklanmagyna uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa ylmy esasda öwrenilip, jemgyýet bilen tebigatyň arasynda özara baglanyşyk kemala gelýär. Oňa ylmy dilde «ekologik gatnaşyklar» diýilýär.
Jemgyýet bilen tebigatyň baglanyşygy hemişelikdir we üznüksizdir. Töwerekdäki tebigy gurşaw adamyň ýaşaýşynyň şerti we serişdesi hökmünde çykyş edýär. Jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygy ykdysady we ekologik görnüşde ýüze çykýar. Bu özara gatnaşygyň ykdysady görnüşi tebigy gurşawyň serişdelerini sarp edip, jemgyýetiň maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmak üçin tebigatdan peýdalanmagy aňladýar.
Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarda guralýan önümçilikde hem-de hojalyk işlerinde ekologiýanyň talaplarynyň berjaý edilmegi baş wezipe hasap edilýär. «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda berkidilen ekologik talaplar hojalyk işleriniň ähli görnüşlerinde berk berjaý edilýär, tebigy gurşawy goramak ykdysadyýetiň ösüş talaplaryna laýyklaşdyrylýar.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdir. Mundan başga-da, ekologik syýahatçylygy ösdürmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi ilatyň saglygynyň goralmagynyň we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini görkezýär.
Türkmen topragynyň baýlyk hazynasy egsilmezdir. Diýarymyzyň haýwanat dünýäsi hem özüniň dürli-dürlüligi, geň-enaýylygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Ine, bu gün şeýle mekanda adam eliniň gudraty bilen döredilýän gözellik tebigy gözellik bilen utgaşýar. Awazanyň adam saglygyna oňyn täsir edýän, janyňa şypa beriji serişdelere, ýoda, duza, broma we beýleki elementlere baý Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi tebigy aýratynlykdyr. Bu ýerde amala aşyrylýan özgertmeler Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyna gaýtalanmajak öwüşgin berýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhanalar toplumy, sport desgalary, dynç alyş merkezleri, saglyk ulgamynyň binalary kenary gelşigine getirýär. Bu behişdi künjek halkara derejeli maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň, çagalar festiwallarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şol çärelerde türkmeniň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däpleri halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge oňat badalga berýär. Şonuň bilen birlikde munuň özi milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa ýagdaýyny, oňaýly ekologiýa gurşawyny üpjün edip, dynç alýanlaryň saglygyna oňaýly täsir edýär.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ekologiýa abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Begençdurdy SAPAROW