MILLI SENET, KÄMIL SUNGAT
Gadymy el hünärleriniň biri bolan keşde milli egin-eşiklerimiziň bezegidir, düzüm bölegidir. Keşdeçilik sungatyny kesp-kär edinen gelin-gyzlar milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Tebigatyň gözellikleri lybaslary bezemekde olara esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Döredijilikli gözlegleriň, yhlasly zähmetiň miwe bermegi bilen, nagyşlar dünýäsi emele gelipdir. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanylypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Şeýlelikde, bu gadymy sungat asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Keşde müňlerçe ýyllaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eseridir. Türkmeniň milli geýimlerinde keşdeler esasy orny eýeleýär. Kämilleşip, sünnälenip, hünärden sungata öwrülen milli keşde-nagyşlar köpdürlüligi bilen haýrana goýýar. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň ösen aňyýetiniň çeper beýanydyr. Keşdeçi zenanlar bu sungaty dowam etdirip, täze, döwrebap nagyş nusgalaryny döredýärler. Şol nusgalar keşdeçilik sungatynyň zamanabap röwüşde ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Milli lybaslary bezemekde nusgalyk ähmiýete eýe bolan keşdeçilik sungatyny öwrenmek, bu ugurdaky tejribeleri, usullary, tärleri geljek nesillere geçirmek wajyp wezipeleriň biridir. Şu maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan türkmen mirasynyň gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär, olaryň medeni-taryhy ähmiýeti giňden wagyz edilýär. Olary öwrenmek ýaş nesilleriň kalbynda milli mirasymyza bolan hormaty has-da artdyrýar.
Türkmen gelin-gyzlary gadymy döwürlerden bäri ýüň, ýüpek we nah matalary dokapdyrlar. Olardan sypaýy, gelşikli, nepis milli lybaslar tikilipdir. Şol lybaslar bolsa halkyň milli aýratynlygyny mese-mälim açyp görkezýän keşdeçilik usuly bilen bezelipdir. Keşdeler, ökde suratkeş tarapyndan çekilen surat kimin, milli lybaslara bezemen görnüş beripdir. Tebigy zehiniň eýesi hasaplanýan gelin-gyzlar bu gadymy sungaty baýlaşdyryp, milli nagyşlaryň ençeme nusgalaryny döredipdirler. Güllerdir ösümlikler, haýwanlar, dürli geometrik ölçegler, hatda önümçilik gurallary hem nagyşlary döretmekde nusga bolup hyzmat edipdir. Bu aýdylanlara onlarça mysal getirip bolar: «darak», «labyr», «gaňrak», «çarh», «goçak», «jüýje burun», «guş gözi», «guş ganat», «pişik dyrnak», «gazaýak», «düýe boýun», «tazyguýruk», «içýanagyz», «çynar ýaprak», «bugdaý», «erik gül», «bäş gül», «çigildem gül», «gelinbarmak», «kelle», «dyrnak göl», «dogajyk», «alaja», «egrem», «pişme»
— bular ösen aňyýetli türkmen gelin-gyzlarynyň çeper döredijiliginiň önümleridir.
Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde halk döredijiliginiň hyzmaty uludyr. Milli folklor eserleri halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy paýhasy, ýaşaýyş-durmuş şertleri, däp-dessurlary, ahlak ýörelgeleri, meşgullanan kesp-kärleri, çeper dili, edebiýaty, sungaty, medeniýeti barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ruhy hazynadyr. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ak gaýma tahýasy, «goçak», «erikgül», «sekizkeşde» ýaly nagyşlary bilen baglanyşykly onlarça rowaýatlar, şahyrana setirler döredildi. Keşdeçilik ene hüwdülerinden başlap, uly göwrümli epik eserlerimizde-de halkymyzyň döreden naýbaşy medeni gymmatlygy hökmünde öz beýanyny tapdy.
Goý, täze taryhy döwürde nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Ogultäç HOJANAZAROWA.