PEDERLERIŇ RUHUNA TAGZYM
Pähimdar pederlerimiziň bitiren beýik işlerini öwrenmek, durmuş ýollaryna sarpa goýmak asylly ýörelgelerimiz bolup durýar. Mertligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrülen gahrymanlaryň hatyrasyny tutmak belent adamkärçilikdir. Şonuň üçin nesiller olaryň ruhunyň öňünde baş egýärler. Halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr. Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabry — Hatyra güni asylly däpleriň döwlet derejesinde dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Şol gün ýurdumyzy gorap wepat bolan, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolan ildeşlerimiz hatyralanýar.
Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlar baradaky ýatlamalar ildeşlerimiziň hakydasynda hemişelik saklanýar. 1948 - nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen pajygaly gijede bolan heläkçilik diri galanlara uly hasrat getirdi, göz açyp-ýumasy salymda paýtagtymyzy doly weýran etdi, diri galanlar edermenlik, durnuklylyk, gaýduwsyzlyk görkezdiler.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary» we «Ruhy tagzym» ýadygärlikleri deňinden geçen ynsany biparh goýmaýar. Bu ýerde Watan gahrymanlarynyň ýadygärlikleriniň bir ýerde jemlenmegi ene toprak ugrunda janlaryny orta goýan merdana pederlerimiziň ata Watana bolan çäksiz söýgüsiniň gözbaşyny bir hanadan alyp gaýdýandygynyň özboluşly nyşany.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz täze ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze desgalar, binalar gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi bu günki günümiziň ösüşlidigini, üstünliklere beslenýändigini aýdyň beýan edýär. Şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!