Türkmen milli oýunlary ‒ terbiýe mekdebi
Halkymyz dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ata-babalarymyz ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä, milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen birlikde dürli oýunlary-da döredip, soňky nesillere miras goýupdyrlar. Türkmeniň milli oýunlary ýaşlarda we çagalarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Olar ýaşlara durmuşda özüňi ýerlikli alyp barmagy, her hili päsgelçilikden baş alyp çykmagy öwredipdir. Hut şol sebäpli milli oýunlar ýaşlar üçin terbiýe mekdebi hasaplanypdyr. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn bolmagynyň aladasyny yzygiderli edýän Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşygynda: «Biz çagalarymyzy hem-de ýetginjeklerimizi aň-bilimini we ukyplaryny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hereketli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmegiň netijeliligini has ýokarlandyrmalydyrys. Ähli tagallalarymyzy ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirmelidiris» diýip bellemek bilen, ata-baba dowam edip gelýän milli terbiýeçilik ýol-ýörelgelerine ýene-de bir gezek ünsümizi çekdi.

Geçmişe göz aýlap görenimizde, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyklykda, ekerançylyk bilen meşgul bolanlarynda, aw edenlerinde beden taýdan güýçli taýýarlygy, ruhy taýdan durnuklylygy talap edendigine göz ýetirýäris. Şonuň üçin türkmenler öz çagalaryny ir döwürden başlap, durmuşa uýgunlaşdyrmak üçin halkyň terbiýeçilik tejribesine giren oýunlary we sport maşklaryny ulanypdyrlar. Bu oýunlaryň aýry-aýry görnüşleri wagtyň geçmegi bilen däp-dessurlaryň we tanslaryň bir bölegine öwrülip, awa gitmezden öň ýerine ýetirilipdir. Munuň özi adamy öňde boljak waka beden we ruhy taýdan taýýarlapdyr. Şonuň üçin çaga oýunlary diňe güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň özboluşly sapaklary, ösüp gelýän nesli durmuşa taýýarlamagy maksat edinen mekdep bolup hyzmat edipdir. Şol bir wagtyň özünde oýunlar gyzykly, göçgünli we özüne çekiji bolupdyr. Halk terbiýesi hem şol ýörelgelere esaslanypdyr. Çagalara oýunlar arkaly bilim berlen bolsa, ýetginjeklere we gyzlara däp-dessurlar arkaly durmuşda zerur bolan endiklere eýe bolmagy öwredipdirler.
Pederlerimiz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, çagalar üçin köp sanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, milli oýunlar çagalarda tutanýerliligi, üşükliligi, sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getiripdir. Ýigit çykan oglanlar aw-şikara äkidilipdir.
Awa çykylanda ýaragly atlylardan ybarat bolan dürli toparlaryň özara hereketleri özleşdirilipdir.
Aw awlamak üçin geçirilen şikar wagtynda atlylaryň aýratyn topary haýwanlaryň has uly sürülerini yzarlap, olaryň arasyndan awlanjak haýwanlary saýlap alypdyrlar. Beýleki topar bolsa sürini kowup, öňde garaşyp duran awçylaryň duzagyna sürüpdirler.
Şunuň ýaly aw-şikarlara wagtal-wagtal hökümdaryň özi gatnaşyp, goşunlaryň ukyby ýüze çykarylypdyr. Şeýle çäreler azyk ýetmezçiligi üçin däl-de, eýsem, öňki söweşjeň endiklerini saklap galmak üçin geçirilipdir. Ýabany haýwanlary kowalamak, awlamak bilen bagly bolan şeýle hereketler söweş tälimlerini ýada salypdyr.
Geçmişde oýnalan oýunlaryň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, «çilik-hekgal» oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny, «çilik» oýny bolsa hokkeýi ýadyňa salýar. Gadymy döwürde ata-babalar çagalara taýaga erk etmegi öwredipdir. Çünki taýak başarnykly ellerde ýaraga öwrülipdir.
«Çowgan» diýen gadymy atly oýun häzirki döwürde at üstünde oýnalýan top oýnuny ýada salýar. Bu oýun at üstünde berk saklanmagy öwredip, şol bir wagtda-da bäsdeşlerden üstün çykyp, agaç görnüşli şary iki sütüniň arasyna salmak üçin taýaga başarnykly erk etmegi öwredýär. Şeýle oýun çagalykdan çalasynlyk, erjellik endikleri terbiýeläpdir. Şol endikler arkaly ýetginjekler ýönekeý taýak bilen goýun sürüsine hüjüm etmäge çemeleşýän möjegiň ünsüni sowup bilipdirler. Zerur ýagdaýynda bolsa taýagy gylyja çalşyp, dessine oňat endik alan söweşjeň atla öwrülipdir.
Türkmen milli oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki günlerde resmi sport görnüşleriniň derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär. Milli göreşi we at çapyşyklaryny oňa mysal getirip bolar. Ata-babalarymyzyň at çapyşyklarynda häzirki döwürdäki konkur bilen meňzeşlikleri görmek bolýar.
Ata-babalarymyz bu oýunlary nesilden-nesle geçirip, dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrypdyr.
Allanazar Jumaýew