DIŇE GÜL DÖREDER, ŞAHYR ÝÜREGI


DIŇE GÜL DÖREDER, ŞAHYR ÝÜREGI

Ussat şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlary gözläp ýörkäm awtory goýulmadyk şeýle maglumatlara duşdum. Okyjylar üçin gyzykly hem täsirli bolar diýen maksat bilen bu maglumatlary size ýetirmegi makul bildim.

Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow “Ynam”, “Ýer-gögüň arasynda”, “Oglan bilen deňiz”, “Güýz”, “Türkmen sährasy”, “Serdarym”, “Goşgular ýygyndysy”, “Два дерева” atly kitaplaryň awtorydyr.

Ussat şahyryň şygyr ýazmakdan başga-da, zergärçilik sungatyny ele alandygyna onuň şu ýatlamasy şaýatlyk edýär: “1956-57-nji ýyllarda men kiçijik gülýaka ýasadym. Şol gülýaka ilki mekdep okuwçylarynyň Bütinsoýuz sergisinde, soň bolsa, Hindistanda guralan Bütindünýä sergisine gatnaşdy. Maňa ýeten habara görä, gülýaka yzyna gaýdyp gelmedi. ”Şahyr şu waka bagyşlap “Gülýakam” diýen goşgusyny ýazýar:

Nirede meniň gülýakam.
Haýsy ýerlerde ýörsüň?
Bombeýdemi, Delide
Niçik sergide dursuň?
***
Tylla gaşly gülýakam
Nirelerde goýduň yz?
Dakynýarmy ýa seni
Ak maňlaýy hally gyz?
***
Näm bolsa-da, ýüzüňe
Günüň nury dökülsin
Sergide duranyňdan
Hindi gyzy dakynsyn.
***
Ähli zynat-bezegden
Nuruň bilen saýlan sen!
Hally gyzyň boýnunda
Hindistana aýlan sen!
***
Meniň gözlerim bilen
Hindistana ser salar
Seniň baran ýeriňe
Döwlet ýagar, nur ýagar.

“Men Gurbannazaryň öz eli bilen ýasan şaý-seplerini synlanymda, onuň özüni bütinleý zergärçilige bagyş etmänligine gynanýaryn, goşgularyny okanymda bolsa, onuň zergärçilige halys ýürekden baş goşmandygyna begenýärin. Ol käte: “Şahyryň ylham çeşmesiniň gözbaşy diňe Pyragy ýa-da Andalyp däl, onuň gözbaşy Görogludan, Babagammardan, Baýrat göweçden başlanýar” diýerdi. Ýalňyşmasam, Baýrat göweç diýilýän zergärçiligiň piri bolmaly. Ol gelin-gyzlaryň şaý-seplerine öwrenilmedik taryh, açylmadyk beýiklik, öz ornuna göterilmedik sungat hökmünde serederdi.” (Halnabat Ezizowa “Diňe seniň bilen bakylyk bardyr”, “Serdarym”).

Hümmet aga özüniň akyly, paýhasy, agraslygy bilen Gurbannazaryň häsiýetine, garaýşyna, terbiýesine uly täsirini ýetiripdir. Ol özüniň agtygyny aýratyn mähir bilen söýüpdir. Sebäbi Gurbannazar kiçiliginden özüniň ýiti zehini, mylakatlylygy, häsiýetiniň ýumşaklygy, türkmenlerde “ululykdan kiçeldilen ýaly” diýilýär, ene-atasyna rakyplygy bilen, deň-duşlaryndan tapawutlanypdyr. Onda kiçi çagalara mahsus bolmadyk düşbülik, ýatkeşlik bolupdyr.

“...Gurbannazarda şu terbiýe bardy. Bu oňa ýaşulularyň öwütleri bilen geçipmi ýa-da okalan kitaplaryň – onçasyny bilemok. Ýöne Gurbannazar atasy Hümmet agany uly hormat bilen ýatlaýardy. Edep-terbiýe babatda ondan köp ýagşy zatlary öwrenendigini aýdardy” (Ahmet Gurbannepesow “Saýlanan eserler”)

Gupbalary sazadalaň täji deý
Gözelleriň mertebesin göterdi.
Şahyr diňe gözelligi wasp etse,
Atam gözelligiň üstün ýetirdi.

Gözelligiň waspyny ýetiren ussat şahyr baradaky şeýle ýatlamalar, Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsiniň täsirli goşgulara hem täsin sungata bagyşlanandygyna göz ýetirýärsiň. Ylhamly şahyr ýüreginiň hemişe diňe gül döredip gezýändigine bolsa ynanýarsyň.



Taýýarlan:



Ogulgurban GAŞLAKOWA,



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni