Lälezardyr gül açýan bu döwletli Diýarym
Bu toprakda gadymy halk ýaşaýar şükrana,
Güneş çogy nur saçýar, asmanynda nurana,
Baksaň gözüň dokunýar, dagy-düzi görkana,
Gül-gunçasy, bägüli anbar saçýar çar ýana,
Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym.
***
«Hak sylamyş» türkmeni, keramaty ezelden,
Toýy tutumly geçer bagşy bilen ozandan,
Ykbal oňa ýar etmiş bu döwrany owaldan,
Jenneti mekan ady, goýulypdyr ozaldan,
Lälezardyr gül açýan bu döwletli Diýarym.
***
Gelin-gyzy näzikdir, göwnün ýykmak ýazykdyr,
Ýaz, tomusdyr güýz, gyşy öz göwnüne laýykdyr,
Reňbe-reň çigildemi şeýlebir ajaýypdyr,
Gül jemalyna bakyp göwün ganat ýaýypdyr,
Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym.
***
Ýörelgelik ýoly bar Arkadagly Serdaryň,
Oňa sagdyn jan bilen rowaçlyk diläýin,
Geljegi hem görjegi röwşen bolar ylaýym,
Asmanyndan nur bolup ýagyn ýagar her daýym,
Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym.
***
Galkynyşlar zamany bagt nurun çoýupdyr,
Rowaçlyk bu ýurdy öz mekany saýypdyr,
Bedew kişňän topraga baky rysgal ýagypdyr,
Gör, bak älemgoşaram öz şuglasyn çaýypdyr,
Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym.
***
Mekanym seň goýnuňda, gezýärin aga-ýana,
Ýyllar düşümli gelýär, beslenip şöhrat şana,
Ömrümi bagş eýledim, janym hupbul Watana,
Eremi sen türkmeniň döndüň sowulmaz ýaza,
Lälezardyr, gül açýan bu döwletli Diýarym.
***
Waspyn edýän bu ýazym, meniň bagt ýazymdyr,
Guşlaň kakýan nagmasy şirin ýürek sazymdyr,
Eý, bagtyýar Watanym, göwnüm intizaryňdyr,
Ýüregisiň jahanyň, bu köňül kelamymdyr,
Lälezardyr, hemişe bu jenneti Diýarym.
***
Ogultäç HOJANAZAROWA