Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüşleriň binýady


Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüşleriň binýady



Akyl-paýhas, ylym-bilim - her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň hakyky manysynda, ylym asyry hökmünde badalga aldy. Ylym-bilim pudagy jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär. Öň agyr hasaplanylýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Agyr işi tehnika öz üstüne alýar, emma oňa derek işgärden ylym-bilim, tehniki sowatlylyk talap edilýär, olar zähmet işiniň hökmany şertine öwrülýär. Bu—zamananyň talaby, ylym eýýamynyň talaby. Häzirki döwürde diňe senagat däl, eýsem, oba hojalygy, ýagny ekerançylykdyr, maldarçylyk hem ylma we tehnologiýa daýanýar. Mahlasy, häzirki zaman dünýäsi ylym we tehnika binýadynyň üstünde gurlandyr.

Ykdysadyýet hem, tehnika hem, dolandyryş hem, umumy durmuş hem bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Öňki oba hojalyk ýurtlary senagatlaşýan döwletlere öwrülýärler, senagat taýdan ösen döwletler bolsa sanly ykdysadyýete geçýärler. Sanly ykdysadyýet—bu senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdyr. Bu önümçilikde we täjirçilikde, ylymda we gündelik durmuşda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakdyr.

Sanly tehnologiýalar ölçemegiň çakdanaşa takyk usullaryny ulanmak arkaly senagat önümçiligini çaltlandyrýarlar. Sanly maglumat ulgamlarynyň kömegi arkaly kärhananyň dürli bölekleriniň arasyndaky aragatnaşyk has takyk sazlanyp, guramaçylyk ýokarlanýar, tygşytlylyk artýar. Şeýlelikde, iňňän gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, netijede, olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar.

Her ýyl şäherde altmyş-ýetmiş adam ýitirim bolýar. Sebäbini bilýän ýok-diýip, jogap beripdirler. Aragatnaşykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy täjirçilikde hem iňňän uly mümkinçiliklere ýol açýar. Ol hyzmatlar ulgamynda çykdajylaryň azaldylmagyny, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, söwdanyň geriminiň giňeldilmegini hem-de dünýä bazarynda harytlaryň tiz öňe ilerledilmegini we olaryň dünýäniň islendik nokadyndaky sarp edijilere ýetirilmegini üpjün etmäge, girdejileriň täze görnüşlerini ýüze çykarmaga we beýlekilere ýardam berýär. Internet torundaky ägirt uly maglumat gorundan islendik adamyň özüne gerekli maglumatlary edinmäge mümkinçilik almagy ylym-bilimiň elýeterliligini artdyrýar. Lukmançylyga täze sanly tehnologiýalaryň girizilmegi adamlaryň saglygyny goramaga we ynsan ömrüni uzaltmaga ýardam edýär. Häzirki zaman ýokary tehnologiki enjamlar her dürli hassalyklary dogry anyklamaga, derňemäge we netijeli bejermäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen sähel salymda keseli uzak aralykdan hem anyklap bolýar, täze dermanlar öndürip, ýokary hilli protezleri ýasap bolýar.

Biziň Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urmalydyr. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin biz öz durmuşymyzy yzygiderli täzelemelidiris. Bu, hakykatda, hut şeýle hem bolup barýar. Biziň öýlerimizde sanly enjamlaryň mukdary ýylba-ýyldan artýar. Biz indi gündelik durmuşymyzy kompýutersiz, smartfonsyz, durmuş elektronikasy ýaly zatsyz göz öňüne getirip bilemzok. Sanly tehnologiýalar bütin Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary bilen birlikde, biziň hem durmuş ýörelgämizi düýpli özgerdýär.

Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan täze senagat pudaklaryny döretmek, senagat we medeni-durmuş ähmiýetli birgiden möhüm binalary gurmak bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýär. Önümçiligiň ösüş depgini birsyhly ýokarlanýar. Diýarymyzdaky syýasy durnuklylyk we ummasyz tebigy baýlyklarymyz daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerine we ynamly ösüşine giň ýol açýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýete geçmek üçin bizde zerur ykdysady şertler doly ýeterlikdir.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2020—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berildi. Şu ýylyň fewralynda Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň häzirki alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrülendigini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhüm mesele bolup durýandygyny milli Liderimiz nygtady. Şondan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň 14-nji martda bolup geçen altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlendi. Şeýlelikde, bu taryhy ähmiýetli Kanunyň Kabul edilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady döredildi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ýurdumyzy sanly ykdysadyýete geçirmegiň maksatnamasyna laýyklykda, üstümizdäki ýyl bu maksatnamany amala aşyrmagyň iňňän möhüm ähmiýetli, jogapkärçilikli wezipeleriň durmuşa geçirilýän aýgytly döwri bolar. Bu ýylyň dowamynda ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy we Internet web-saýtlary dörediler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçen ýyl işe girizilen «Bir penjire» atly Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm internet portaly ýurdumyzyň raýatlaryna we işewürlik düzümlerine elektron görnüşindäki döwlet hyzmatlaryny etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam etmek bilen, özüniň has amatlylygyny we netijeliligini gysga wagtyň dowamynda aýdyň görkezjekdigi şübhesizdir.

Hawa, ýurdumyzda ykdysadyýetiň we dolandyryşyň sanly ulgamyna geçmek boýunça wezipeler döwlet Baştutanymyz tarapyndan hasam aýdyňlaşdyrylyp, barha işeňňir häsiýete, anyk ugurlara we güýçli depginlere eýe bolýar. Golaýda milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin habar-beriş ulgamlaryny we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk çärelerini bellemek üçin degişli ulgamlaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Şonda hormatly Prezidentimiz bu pudaklarda sanly ulgama geçilmeginiň artykmaçlyklaryny degerli delilleriň üsti bilen aýdyň görkezip geçdi.

Gysga taryhy möhletiň içinde sanly ykdysadyýete geçmegimiz dünýäde ýurdumyzyň öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder. Bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly, tutus dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolar. Milli Liderimiziň görkezmeleri boýunça bu özgertmeleriň talabyndan ugur alnyp, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda täze hünärler-elektron täjirçiligi we elektron işewürligiň ykdysadyýeti hünärleri açyldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünär-başarnyga eýe bolan ýaş nesliň wekillerine aýratyn ynam bildirýär. Milli Liderimiz bagtyýar ýaşlarymyzyň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýandyklaryny, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýandyklaryny belläp, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp boljakdygyny nygtaýar.

Ýurdumyzyň häzirki döwürdäki halkara abraýy, halkymyzyň ykdysady we durmuş derejesi, dünýä bilim ulgamyna goşulyşmak zerurlygymyz bizden sanly ykdysadyýet we dolandyryş ulgamlaryna geçmek boýunça döwrebap özgertmäni talap edýär. Diýmek, bu il bähbitli işe öz mynasyp goşandymyzy goşmak her birimiziň watançylyk we raýatlyk borjumyz bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir ykdysady pudagy, edara-kärhanalar, ýolbaşçylar we hünärmenler öz işlerinde sanly ulgama geçmek boýunça özgertmelere taýýar bolmalydyrlar hem-de olary üstünlikli amala aşyrmak boýunça güýç-gaýratlaryny we zehinlerini gaýgyrmaly däldirler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, dolandyryş, hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmekde edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar-beriş serişdeleriniň işgärleri öz goşantlaryny goşmalydyrlar. Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimize döwletli tutumlarynda, ajaýyp başlangyçlarynda rowaçlyklar mundan beýläk-de ýaran bolsun!

Amangurban Tanaýew